“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Gizlin gahryman "Onuň wakasy". (Täzelik)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 06.11.2024 / 16:43

Howwa...
Bu işiň edilmeginde saýtda täzelik bolmagy üçin, mowzuklarda teswirleriň artmagy, okalma sanlarynyň köpelmegi, saýta ýene-de köpräk agzanyň gelmegi baş maksat bolsa-da, mundan daşgary ýene bir käbir maksatlar üçin şul işe başlamak isleýän.

Adamda käte şeýle pursatlar bolýar. Içiňde saklap ýörenleriňi biri bilen dertleşmek, içiňdäkileri birine gürrüň bermek isleýäň. Sebäbi şeýle edilende ynsan ýeňleýär, biraz bolsa-da kalbyndaky ýükleri ýeňlän ýaly duýulýar. Ýöne elbetde bular käte syr bolup bilýär, köpçülige aýdyp bilmezlik, çekinmeklik, gorkmaklyk, şahsyýetiňiziň masgaralanmagyndan gorkulýar. Ine hut şonuň üçin men şul işe başlamak isleýärin. Men şu mowzukda size bir elektronpoçta goýaryn siz şol salga öz başyňyzdan geçen, gören, eşdenleriňizi, ýa-da başga bir ynsanyň pursatlaryny wakalaryny ýazyp ugradyp bilersiňiz. Ugradanyňyzda özüňiziň kimdigiňizi aýtmak möhüm däl. Gizlin awtor hökmünde ugradyp bilersiňiz gizlemezden aýdybam bilersiňiz. Soň siziň ugradan wakalaryňyz, gürrüňleriňiz mowzuk açylyp saýtda paýlaşylar. Elbetde, kimiň ugradany, kimiň başyndan geçenligi, e-poçtama haýsy e-poçta hasabyndan gelenligi baradaky maglumat, umuman siziň şahsyýetiňize degişli ähli maglumat gizlin saklanyp mowzukda paýlaşylar. 100% gizlinlikde. Eger siz wakalaryňyzda öz adyňyzyň, başga biriniň adynyň geçmegini islemeseňiz ady üýtgedip hem ýazyp ugradyp bilersiňiz ýa-da "X" gahryman hökmünde hem ýazyp bilersiňiz.

Hany onda ugratjak wakalaryňyza, gürrüňleriňize garaşýaryn. Iň azyndan içiňizi ýeňletmegiňize we teswirlerde ýazyljak maslahatlar, pikir garaýyşlary esasynda kiçiräk kömegimiz degip biler sizlere.

Duýduryş: ugradan wakalaryňyzyň grammatika laýyk bolmagyny özüňizden talap ediň, çaga gürrüňi bolmazlygy, erteki derejesindäki wakalar bolmazly, ynandyryjylykdan känbir daşda bolmazlygy esasy şertidir. Wakany ugradanyňyzda şul şerte uýuň!
Iň esasy möhüm şert teswirlerde isle negatiw isle položitel garaýyşlar, sözler ýazylsyn siz özüňizi mälim etmäň. Men siziň kimligiňiňiz gizlin saklaryn sizem özüňiziň gizlinligiňizi saklajak boluň!

Elektronpoçta:
gizlingahryman@gmail.com


283

34

8

3

1

0

12
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 06.11.2024 / 16:44

+0

Wakalaryňyzy ýazyp gizlingahryman@gmail.com e-poçta ugradyñ

 Täzeje
 Agzamen [off]
 06.11.2024 / 16:52

+0

Size ýene bir duýduryş. E-poçtama ýazyp ugradanyňyzdan soňra menden saýtda, pikirlerde, mowzukda teswir ýazyp, ýa da şahsy hatyma ýazyp men saňa bir wakany ýazyp ugratdym şony paýlaş, paýlaşmadyň ýaly gürrüňi ýazmaň! Beýle etseňiz siz özüňiziň gizlinligiňiz galmaz we özüňizi äşgär etdigiňiz bolar. Eger e-poçtama bir zat ugratsaňyz men elbetde gijikdirmezden mowzukda paýlaşjak bolaryn. Paýlaşmankam ugradan tekstiňiziň grammatikasyna, gürrüň berilşine, kanuny taraplaryna başym çykdygyndan seljerne berip soňra paýlaşaryn. Eger şulara dogry gelmese paýlaşmaryn. Paýlaşmadygym üçinem menden hasap soramaň. Ýadyňyzdan çykarmaň meň özümem bilmeli däldirin siziň eliňizde gizlinligiňizi saklap galmak

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 06.11.2024 / 18:12

+2

Gowy pikir dip hasap edyan mena.


Täzeje
 (06.11.2024 / 18:25) 

Belki, meň poçtamada ugrat wolemi


Premium
Belki  (06.11.2024 / 18:26) 

Khanture00, sen mana ugrat basyndan gecenleri ?


Täzeje
 (06.11.2024 / 18:27) 

Belki, ilki men aýtdym


Täzeje
 (06.11.2024 / 22:59) 

Belki, allajan bulary Khanture00

 Täzeje
 Agzamen [off]
 07.11.2024 / 10:17

+0

Hakykatda bolan paranormal wakalaryňyzada garaşýan.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->