Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Zehin : Sonky sozuni icinde sakla sol soz senin geljegini kul edip hem biler gul edip hem

Forum | JEMGYÝET WE YNSAN | Zenanlar bölümi

Zenanlarda «ýitýän zehin» fenomeni: duýgularyň mümkinçiliklere täsiri
 Gytyndan
 Baron [off]
 09.11.2024 / 09:24
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Ylmy jemgyýetçilik bu sowal bilen örän köp ýyllardan bäri gyzyklanyp gelýär: näme üçin mekdep ýyllarynda ökde okaýan gyzlaryň aglabasy oglanlar bilen deňeşdirilende uly ýaşa ýetenlerinde garaşylýany ýaly gowy üstünlikleri gazanyp bilmeýärler? «Ýitýän zehin» diýlip atlandyrylýan bu ýagdaý köp sanly geçirilen barlaglaryň esasy mowzugy boldy.
Statistikanyň görkezişi ýaly, zehinli oglanlaryň we gyzlaryň sany doglan mahallary, takmynan, deňdir (100 we 111). Stenford-Bine intellekt ölçegine görä, gyzlar 16 ýaşa çenli oglanlardan zehin taýdan umuman öňe geçýärler. Şeýle-de bolsa, uly ýaşda bu ýagdaý tapawutlanýar: erkekleriň 14%-i we aýallaryň diňe 7%-i ýokary ylmy derejä eýe bolýar, aýallaryň 6%-i bilen deňeşdirilende erkekleriň 47%-i ýokary aýlykly işde işleýärler.

«Ýitýän zehin» näme?

Bu çagalykda akyl taýdan ýokary netije görkezýän zehinli gyzlaryň ulalan mahallary ukyplaryny ösdürmegi bes etmegi bilen bagly hadysadyr. Alymlaryň pikiriçe, esasy sebäpleriň biri aladanyň ýokarlanmagy bolup durýar.

Aladalar näme üçin üstünlige päsgel berýär?

Gyzlar beýni gurluşynyň özboluşly aýratynlygy boýunça köp zatlary birbada etmäge ukyply bolup, oglanlara garanyňda tebigaty taýdan has duýguçyldyrlar. Alada duýgusyna jogap berýän merkezleriniň üsti bilen nerw ýollarynyň ýygy-ýygydan işjeňleşmegi bu ýagdaýy dowam etdirip, täze bilimlere we üstünliklere bolan islegiň öňüni alyp bilýär.
Haçanda biz aladany başdan geçirenimizde beýnimiziň käbir ýerleri işjeňleşýär, has takygy, başgaça aýdylanda beýleki möhüm prosesleri «togtadýar». Bu edil möhüm iş dowam edip duran mahaly kimdir biri «pauza» düwmesine basan ýalydyr.


Aladalar nireden gelýär?

Köpçüligiň garaşýan zatlary: Gyzlara köplenç öwrenmäge hyjuwly bolup, aň taýdan mümkinçiliklerini açmagyň deregine, asylly, edep-ekramly, örän tertipli we arassaçyl bolmagy öwredilýär.

Şowsuzlykdan gorkmak: Daş-töwerekdäkileriň garaşýan talaplaryny ödäp bilmezlik gorkusy maksatlaryňyza ýetmegiňiziň öňüni alyp biler.

Biologik aýratynlyklary: Alymlar gyzlaryň we oglanlaryň beýnileriniň az-kem üýtgeşik işleýändigini, bu ýagdaýyň stress hadysalaryna nähili täsir edýändigini anykladylar.

Gyzlara öz mümkinçiliklerini açmaga nädip kömek edip bolar?

Ygtybarly gurşawy döretmek. Gyzlaryň ýakynlarynyň goldawyny duýmagy we özlerine ynanmagy möhümdir.

Duýgy intellektini ösdürmek. Duýgularyňyzy dolandyrmagy öwrenmek üstünlik gazanmak üçin möhüm ussatlykdyr.

Bilesigelijiligi höweslendirmek. Öwrenmäge we täze bilimlere bolan gyzyklanmany kämilleşdirmek.

Stereotiplere garşy göreşmek. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny baradaky köpçülikleýin kabul edilen pikiri üýtgetmäge çalyşmak.


Çeşme: Turkmenportal


149

22

4

8

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 gul [off]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 09.11.2024 / 12:35

+1

Yetirip dur gowy bilgi eken

 Täzeje
 Boniya [off]
 09.11.2024 / 17:44

+1

Ylmy barlaglara gprä çagalara zehin ejelerinden geçýär ekeni , şonuň üçin ýoldaş saýlanyňyzda zehininede üns beriň


Premium
Belki  (09.11.2024 / 19:21) 

Boniya, yoo, mana-ha kakadan geceN. Intellektimizin dahylam yok ejem bilen. Yone gozelligi welin basga.


Täzeje
Boniya  (09.11.2024 / 20:05) 

Belki, bolup biler

 Täzeje
 Maxrim_mv [off]
  только ты балм<<3[Элвин💂‍♂️💋]
 09.11.2024 / 20:15

+1

Yetirip durun

 Täzeje
 Prinsesa [off]
  никому не доверяю
 09.11.2024 / 20:35

+1

Bilesigelijiligi höweslendirmek. Öwrenmäge we täze bilimlere bolan gyzyklanmany kämilleşdirmek." gosulyan

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kaptalizma disss


Nirdaki yok mowzuk mena halamdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kaptalizma disss
Watjik (Şugün, 11:56)

Kaptalizma disss


Tertio duzgunem gowy saklanyar kapitalizmde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kaptalizma disss
Ahmal (Şugün, 11:17)

Unudyp bilemok.


Goshgy gowy,her setirinin manysy has erbet yatlamalary yatlamagyna sezewar etya...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:03)

Unudyp bilemok.


Olam shol unudan adamyn senin aňyňda goyan yatlamalarna bagly,karoche unutdum diyenindede hokman birgun yatlanylyar...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:02)

Unudyp bilemok.


Unutmak kyn ish,yone unudanyndan son shony arasynda ya goz yash bilen yatlarsyn yada yuzunde bir yylgyrysh doredip yatlarsyn...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:01)

Unudyp bilemok.


Awtory kim?...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
Sebap (Şugün, 07:51)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Emeli añyn ozi terjime etyara...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Watjik (Şugün, 07:43)

Test


Onyaly soygi galdymow,senin indi oýune getirenine kayyl bolanaklar nm icin erkeklen sacy duship callt garrayalar,sebabi eltenini iyip on bilenem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Arsi (Şugün, 05:52)

Test


Biz dűnÿă gelende hiç zatsyz geldik. ALLA műñ şűkűr işlerimiz ugruna hem gaty gowi. Nesibeli gűn bardyr őÿlenmegiñem. Esasy zat men ony tanaÿan,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
@menin_dunyam (Şugün, 01:17)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Dushunmeyani uchin zeyrenip yzygider ideg isleyan,nu olam bolanyok shon uchinem sho kishi bozuklygy mende bolya...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:11)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика