Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

"Towuk ilki döräpmi ýa-da ýumurtga?”: Alymlar bu syrly sowalyň jogabyny tapdylar
Premium
 BAYOGUL [off]
 14.11.2024 / 10:28
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Ženewa uniwersitetiniň şweýsariýaly alymlary bir öýjükli ýaşaýyşdan köp öýjükli organizmlere geçişiň ilkinji gezek Ýerde ýüze çykandygyny anykladylar. Bu ewolýusiýanyň nukdaýnazary ilki "towuk döräpmi ýa-da ýumurtga?" diýen belli sowala jogap bermäge mümkinçilik berýär. Bu gözleg “Nature” ylmy žurnalynda çap edildi.

Toparyň alymlary 2017-nji ýylda Gawaý adalarynyň kenaryndaky deňiz çökündilerinde ýüze çykarylan bir öýjükli organizm bolan "Hromosphaera perkinsii" öwrendiler. Bu jandarlaryň Ýer ýüzünde barlygynyň ilkinji alamatlary milliard ýyl mundan ozal, haýwanlaryň döremeginden has öň ýüze çykypdyr.
Gözlegçiler “Hromosphaera perkinsii”-iň köp öýjükli gurluşlary döretmäge ukyplydygyny anykladylar diýip, rambler.ru ýazýar.
Öň görlüp-eşidilmedik bu koloniýalar ömrüniň, takmynan, üçden bir bölegini dowam etdirýär we azyndan iki dürli öýjük görnüşini öz içine alýar, bu organizm üçin geň galdyryjy hadysadyr.
Has geň galdyryjy zat, bu öýjükleriň bölünişiniň we kabul eden üç ölçegli gurluşynyň haýwanlaryň düwünçejik ösüşiniň irki döwürlerine meňzeşligidir.
Gözegçilikler düwünçejik ösüş üçin jogapkär genetiki programmalaryň haýwanat dünýäsi ýüze çykmazdan ozal bardygyny ýa-da C. perkinsiiniň şuňa meňzeş amallary ösdürmek üçin özbaşdak ösendigini görkezýär.
Şonuň üçin tebigat “towugy ýüze çykarmazdan” öň, “ýumurtga döretmek” üçin genetiki gurallara eýe bolupdyr diýip, alymlar belleýär.


78

27

7

1

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Agzamen [off]
  ☪️🇹🇲
 14.11.2024 / 10:49

+0

Şular ýaly ylmy barlaglary, tapyndylary okanymda kellä gelýän zat: indi näme üçin döredenok şular?

Häzir bir ylymdar gelerde "Eeý bu diýilýän zatlar ýüzläp, millionlap ýyllaryň dowamynda bolan EWOLÝUSIÝA" diýen bolar. Onda towugyň çykanyna ýüzläp ýyl ötdi gitdi. Ýeri indi näme ýüzläp ýyl ötse-de towukda näme üçin ewolýusiýa geçäýenokka? Näme üçin şo-ol bir uçup bilmän ýörşi, şo-ol bir gorkaklygy, şo-ol bir sesi... garaz. Bolýa-da. Bular adamam haýwan gelip çykan edip goýýalara başga näme diýjek

 Özümiziňki
 Agzamen [off]
  ☪️🇹🇲
 14.11.2024 / 10:59

+0

Iň gülkünç ýeri elleriniň barmaklary hiç bir işe ukypsyz bolan (ewolýusionerleriň aýdyşy boýunça) maýmynpisint adamlardan ýyllaryň geçmegi bilen betinden zähmet çekip, her dürli gurallar ýasap, ekin ekip biçip bilýän adamlar döräýýär nämemiş ýyllaryň geçmegi bilen şertlere uýgunlaşmagy netijesinde özgeripdirler. Ýer bolýar onda beýle bolýan bolsa ynha bir adam dogulýar ýöne ol dogulanda muskully bolup dogulanoga. Özi özi üstünde işläp myşsalaryny işjeňleşdirip muskully bolýar. Ine bulam kiçijek ewolýusiýa bolýar (ewolýusionerler dogrumy şo 😁?!) onsaň ana şol öz zehmeti bilen bedeninde özgerişlikler geçiren, myşsalaryny muskullak bolmaga uýgunlaşdyran adamdan näme üçin dogulan çaga muskully bolup dogulanok? Ýa da ýetginjeklikden saýlanyp ýigitlige geçip ugran çagy näme üçin atasy muskullak bolsada ol çagada öz özünden atasynda geçen uýgunlaşma geçip muskullak bolup gidiberenok? hany birde uýgunlaşma, ewolýusiýa? HORMATLY EWOLÝUSIONERLER NIRDE HOW AÝDYŇA?


Özümiziňki
Gerceknazar  (14.11.2024 / 19:25) 

[b]Agzamen[/bAslynda maýmynlar adamlara öwürlenokda adamlar maýmynlara öwrülýär. Bu barada hatda Gurhanda hem ýazylypdyr. Gurhanyñ "Bakara" süresiniñ 65-66-njy aýatlarynda şeýle diýilýär: "Arañyzda şenbe güni azgynlyk edenleri elbetde bilýänsiñiz! Biz olara "Pes bolan maýmynlara öwrüliñ" diýdik. Biz muny olaryñ döwürdeşlerine we soñky geljek nesillere jeza nusgasy we Alla garşy çykmakdan çekinýänlere ybrat bolsun diýip, şeýle etdik".],


Özümiziňki
Agzamen  (14.11.2024 / 19:34) 

Gerceknazar, howwa. Jezalandyrýalar. Ýalňyşmasam Set bolmaly şol halkyň ady.

Ýok ýöne bu ewolýusionerler aýdýar adam ilkinji dörände (entek adam diýilen zat ýokka) maýmyndan kämilleşen diýýär. A ol maýmyna öwrülip jezalandyrylan halk bolsa has soňralar bolýar adam ýaradylanyndan soň. Soňam ähli adamlar dälde halkyň belli bir bölegini maýmyna öwürýärler. Olar bir biriniň arasyna bir Set (çarbag, stena, diwar gurýalar) gurýalar Alladan gorkýanlar, Allaň etmäň diýen işini etmekden gorkýa

 Öwreniji
 gul [4s]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 14.11.2024 / 15:29

+0

Inni netije yumurtgamy toeukmy okamana yaltandym


Premium
BAYOGUL  (14.11.2024 / 15:30) 

gul, okasan bilyan


Täzeje
BiReYsEl  (14.11.2024 / 15:31) 

gul, Onsaň bilseň maňada aýtsana


Öwreniji
gul [4s] (14.11.2024 / 15:32) 

BAYOGUL, ayday wai okasym gelenoga onca zady jogap gyzykly


Öwreniji
gul [4s] (14.11.2024 / 15:32) 

BiReYsEl, aha guk diyern

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 14.11.2024 / 18:49

+0

Yumurtga dòràpdirmi inni iliki

 Özümiziňki
 Agzamen [off]
  ☪️🇹🇲
 14.11.2024 / 19:35

+0

Gerceknazar, howwa. Jezalandyrýalar. Ýalňyşmasam Set bolmaly şol halkyň ady.

Ýok ýöne bu ewolýusionerler aýdýar adam ilkinji dörände (entek adam diýilen zat ýokka) maýmyndan kämilleşen diýýär. A ol maýmyna öwrülip jezalandyrylan halk bolsa has soňralar bolýar adam ýaradylanyndan soň. Soňam ähli adamlar dälde halkyň belli bir bölegini maýmyna öwürýärler. Olar bir biriniň arasyna bir Set (çarbag, stena, diwar gurýalar) gurýalar Alladan gorkýanlar, Allaň etmäň diýen işini etmekden gorkýan halkyň bir bölegi günä iş eden halka bir belaň geljegini bilip olar bilen aralaryna diwar galdyryp araryny üzýäle soň biraz wagt geçenden soňra diwaryň aňyrsyndan bir sesler eşdilýär. Seredip görseler şol günä iş eden halkyň maýmyna öwrülenini görýäler. Şoňçün Set ady berilýämidi garaz şeýlerak bolmaly şolaryň gürrüňi

 Täzeje
 Yaraly [off]
  "Beklemek güzeldir ama dogru durakta..."
 14.11.2024 / 20:09

+0

towukdan yumurtga çykýara ýagny ilki towuk döräpdir dämi ýa yumurtgadan jüýje dörän bolsa wayeey kelle bulaşdy

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 15.11.2024 / 09:40

+0

Yumurta ilki doran

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly


Zarýadam şondan köpe gitmeýär...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly
Koroleva (Şugün, 14:06)

Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly


3-4 sagatdan artyk dinletmeyerlay ol nerwi jydasa dinlesen bolor...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly
NoName (Şugün, 12:12)

Ejeme hat.


Goşga gowy eken haladym Ady ýaly gysgalybiýr, at çapar. Şu setire düşünmejek boldym. Awtora Ustünlik ýetirenler sagbolsun!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ejeme hat.
Hyyalbent (Şugün, 11:17)

Hoş gal.


Minetdar yetirip durun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoş gal.
Akademik3 (Şugün, 09:51)

Kalp sesi


Guran yapragy agajam saklanokmukan diyan dostjan duzetmeliekeniniz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kalp sesi
Akademik3 (Şugün, 09:50)

Ejeme hat.


Alades yetiripdurun araman yeke gezek halap bolyada bolmasa munlap haladym diyjek...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ejeme hat.
Akademik3 (Şugün, 09:48)

Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly


Nirini goray dasary yurdy alyp gorun islemane cykanlar gowy bilya hic wagtam sular yaly mowzuklara ters jogap beren yeri yok yada teris gurunine...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly
Akademik3 (Şugün, 09:38)

Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly


Salam dost asagyna dusundiris diyip yazay bir hili sen bulara akyl beryanin yalyda how...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly
Akademik3 (Şugün, 09:34)

Ýenede goşgy


ustinlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýenede goşgy
gul (Şugün, 09:06)

Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly


men 7/24 nausnik dalde kalonkada dinleyan aydym su wagtam daze... aydym bolmasa yasabam blmk mena...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly
gul (Şugün, 08:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика