Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
--hic-kim-- : [color=#454545] Enen atan baylygyna dalde barlygyna guwanyp yasa!!! [/color]

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ýazyjynyň gündeliginden.
 Täzeje
 Agzamen [off]
 19.11.2024 / 21:50

Soňky wagtlarda garrylyk, ýarawsyzlyk sebäpli
juda ukusyz bolupdyryn. Uky gaçsa,
öňi-ardy bolmadyk üzlem-saplam pikirler
biri-biriniň yzyndan kowalaşyp geliberýän eken.
Menem olary ýandepderçäme belläp başladym.
Ýandepderçämi «tündelik» (tün – gije) diýip şertli
atlandyrdym. «Tündelik» diýmegimiň sebäbi, birinjiden-ä
gije ýazylany üçin, ikinjidenem wakalaryň
«Gündelikdäki» ýaly yzygiderli beýan edilmeýänligi
üçin. Beýan etmek isleýän gürrüňdir
wakalarymyň, pikirlerimiň biri dagdan, biri bagdan
bolsa-da, okyja täsir etmegi, ony oýlandyrmagy,
oňa haýsydyr bir tarapdan ýardam bermegi
mümkin. Galyberse-de, ol ýazgylar awtoryň bilim
derejesinden, ruhy ýagdaýyndan habar berýär.
Çünki biziň hemmämiz medeni durmuşa hemişe
ülüş goşup ýaşaýarys.

***

Bir danyşment aýdypdyr: «Wagtyň nämedigini
bilýän, emma: «Wagt näme?» diýip sorasalar,
düşündirip bilmerin». Meniň pikirimçe, şygryýet
hakynda hem edil şuny aýtmak mümkin. «Şygryýet
— tükeniksizlik. Ol diňe özüni ret edeni
terk eder».
***
Diňe nusgawylyk çekeleşiksiz kabul edilýär.
Biz o derejede däl. Biziň eserlerimiziň garşylyga
duçar bolmagy, jedel döretmegi gerek.
***
Onuň durmuşy güýz ýapraklary bilen bezelipdi.
***
Möý şemaldan bir zatlar-a tikýär...
***
Ilki-ilkiler ýaşamak üçin ýazypdym, indi ýazmak
üçin ýaşaýaryn.
***
Baýlyk gazanmak üçin köp zady gurban etmeli:
rahatlyk, saglyk, wyždan...
— Ýok, muňa meniň gurbum ýetmez, men
beýle baý däl...
***
Çüý çekiçden gutulmakçy bolup, tagta girip
gitdi.
***
Ony hemmeler zehinli ýazyjy
diýip bilýärdi. Ýöne muny özi bozdy: özi hem şeýle
diýip hasaplap başlady.
***
Zehin hakynda janygyp gürleýänleriň hemmesi
zehinli bolubermeýär. Çünki hiç kim özüne zehinsiz
diýmeýär.
***
Kitap — baýlyk. Satyn alnany däl, okalany...
***
Hakyky çeper eser hemişe jogapsyz sowaldyr.
***
Hakykat Hudaýdyr. Ony hemme biler, ýöne hiç
kim görmez.
***
Şemal şemi öçürýär, ýangyny möwjedýär. Aýralyk
ýönekeý höwesi sowadar, çyn söýgini bolsa
barha alawladar.
***
Sonet — şygryýetiň owadan penjegi.
***
— Duýgularymyzy ýaşyrmak müşgilmi
ýa-da özümizde ýok duýgulary
beýan etmek?
Bu sowalyma Şükür Burhan (Şükür Burhan
— Özbegistanyň halk artisti (1910-1987)) şeýle
jogap berdi: «Ikisine-de artistlik ukyby gerek».
***
Baýlygy baýlyk edýän — özümiz. Eger oňa
beýle sygynmasadyk, ol bir teňňä-de degmezdi.
***
Galam sözüň kölegesini çyzýar.
***
Tankytçy gymmatbaha pikirleriniň altyn tokmagy
bilen ýaş ýazyjyny urup maýyp etdi.
***
Ýaşlyk dolanmaýar. Göýä, ýaşlyk gaýdyp gelen
dek täsirli duýgulary köp başymdan geçirdim.
Beýle duýgular hyýalymda täze roman ýa-da powest
döräp başlan çaglarynda bütin durkumy eýelärdi.
Emma kitaby tamamlap, ýene-de garraýarys
we ony ýylanyň gowuny taşlaýşy ýaly yzda galdyryp,
täzesine ymtylýarys. Bu täzeleniş, ýaşlygyň
yzyndan kowmaga çalymdaş ymtylmalar çäksizdir.
Aslynda, döredijiligiň özi hakyky barlygy gözlemek
bolsa gerek?!.
***
Suwda eräp giden buz bölegini görüp, oglanjyk:
«Buz öçdi» diýdi.
***
Garrylykdan gorkma, oňa-da ýetmek gerek.
***
«Wagt geçip dur» diýýäris. Bu sözi ynsan özüni
köşeşdirmek üçin oýlap tapypdyr. Aslyýetinde, biziň
özümiz ötegçi...
***
Akmak özüniň akmaklygyny bilmän dünýeden
ötýär, çünki muny hiç kim onuň ýüzüne aýtmaýar.
***
Tebigat — ýagşylygy we gözelligi utgaşdyryjy
güýç.
***
Onuň şahyr bolmagy üçin, diňe birje kemçilik
ýetenokdy.
***
Adamlar seni bilmese-de, sen adamlary bil!
***
Şahyr üçin esasy iş — kalp gözi bilen görmek,
muny kagyza geçirmek bolsa — kesp.
***
Ýalan gaty howply däl, onuň hakykata meňzemegi
howply.
***
Hasylsyz arzuwlar ýagşy: onuň aýby hem ýok,
jogapkärçiligi-de, diliňde hüwdülenip ýaşaberýärler.
Emma wysal tapýan arzuwlar, köplenç, gurbanlyk
talap edýän eken.
***
Ol özüniň edebi pikirlerini we garaýyşlaryny
gymmatbaha daşlar deý dakynyp, göz etmäge gelerdi.
***
Käbiriniň ýazýany üçin berekella! Käbiriniň
ýazmaýany üçin minnetdar...
***
Terjimeçiden jikme-jiklik talap etmäň! Ol çyzgyçy
däl, suratkeş...
***
Myhman ajaýyp! Geleninde begenersiň.


Askad MUHTAR, Özbegistanyň halk şahyry.
Özbek dilinden terjime eden
Atamyrat ÝAZWELIÝEW.
Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly. 2019-njy ýyl, 5-nji sany.


120

10

2

4

1

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 20.11.2024 / 00:46

+1

Tuwelemeee seninem yaltanmayşiñay

 Täzeje
 -Suleyman- [off]
 20.11.2024 / 22:30

+0

Nama yazyan suzatlary mena okamana yaltanyan


Täzeje
 (20.11.2024 / 22:32) 

-Suleyman-, adamlar üçin ýazýan. Bar geçäý jigim malýatagyňa


Täzeje
-suleyman-  (20.11.2024 / 22:34) 

Agzamen, malýatag sen yatyan yerin damay so

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)

Owadan yazuw basleșik


Tuweleme. Goldayan. Gowy tutum tapypsyn. Birinji yerin sayt hasabyna 20 m ikinji yere 1000 ball, ucunji yere 500 ball....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика