Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
zveezda : "Awarýa bolan şafýoryň diýşi ýaly" (birden öňümden çykdy) zveezda

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Durmuş saña hossar däl...
 Täzeje
 Agzamen [off]
 21.11.2024 / 23:16

Durmuş seniň ataň däl,
Her ädimiňi bermez ölçäp.
Ýalňyşaýsaň şarpyk urmaz,
Içe depip, zyňar pylçap.

Durmuş seniň eneň däl,
Diýmez saňa "Özüň gaýgyr!"
Hemem gijä galsaň aşdan,
Nesibäňi goýmaz aýryp.

Durmuş seniň ýaryň däl,
Ýardan-da has ynjykdyr ol.
Birje ýola öýkeletseň,
Tygyn saňa sanjyp durar.

Durmuş seniň agaň däl,
Alyp bermez köýen aryň.
Sözleriňiz azaşansoň,
Ylgap gelmez zerur çagyň.

Durmuş seniň uýaň däl,
Içgin-içgin gamlanşyňy
Pynhanlykda saklap bilmez...
Salar başa gar-gyşyny.

Durmuş seniň dostuň däl,
Barjasyndan hödür etjek.
Iki gözi ädimiňde,
Maýyn tapsa büdüretjek.

Durmuş saňa hossar däl,
Durmuş seniň kastyňda..!

Edepli Gödek.


162

19

4

6

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 21.11.2024 / 23:16

+1

Halkylaşyp görölü hany wizem


Täzeje
Albasdy  (21.11.2024 / 23:55) 

Agzamen, goshgyn adyny durmush senin yakyn hossarlañ dal diyip uytgetsen layyk bolayjak ekenayt


Täzeje
 (21.11.2024 / 23:56) 

Albasdy, at tapmamsoň şeýdikgoýdumda ?


Täzeje
Albasdy  (21.11.2024 / 23:58) 

Agzamen, Durmuş saňa hossar däl- ine tafypsyña


Täzeje
 (22.11.2024 / 00:00) 

Albasdy, üýtgetdim ondo

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 22.11.2024 / 00:06

+1

Gaty gowy goşgy bolupdyr.. "Tüweleme!" diýendirin içimden

 Premium
 Akademik3 [off]
 22.11.2024 / 07:17

+0

Tuweleme dowam edin

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 22.11.2024 / 19:09

+2

Awtorda üýtgeşikje zatlaram görýän şonuň ýaly dagynlygam bar şu goşgyny alaly meselem
Durmuş seniň ataň däl,
Ädimiň bermez ölçäp.
Ýalňyşsaň şarpyk urmaz,
Bir depip, zyňar pylçap. Ýada Deperde zyňar pylçap,
Durmuş seniň eneň däl,
Diýmez "Özüňi gaýgyr!"
Hem gijä galsaň aşdan,
Nesibäň goýmaz aýryp. Ýada Paýyňy goýmaz aýryp
Durmuş seniň ýaryň däl,
Ýardan-da has ynjykdyr.
Bir ýola öýkeletseň,
Tygyn saňa sançjakdyr,
Garaz şeýleräk düzedilse bogun sanlaram ýerine düşjek okaňdada büdremänjik okalýar artykmaç söz nämä gerek şol sözlerem aýtjak zadyňy berip dur ine. Bu akyl satmak däldir dostana pikir bildirme meniň şahsy pikrim galanynam Awtor bilýär. ÜSTÜNĹIK ýetirip duruň.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)

Muny Bilmek Gyzykly !


Indi gulmelimika?...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
Luckyboy (Şugün, 07:25)

Ýalňyş yşk-my?


Kopculikde emiship mekdepcileň kellesini bulashdyrma...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Bentner (Şugün, 07:20)

Muny Bilmek Gyzykly !


phaha...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
rexha (Şugün, 02:03)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика