Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Admin : «Gel» diýlip çagyrylan söhbet hemme zatdan süýji bolýar.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

Alymlar kofeniň haýsy görnüşiniň saglyk üçin has peýdalydygyny kesgitlediler
Premium
 BAYOGUL [1s]
 23.11.2024 / 07:14
 Yurekdesh.ru

Espresso (latte, kapuçino) esasly içgiler Alsgeýmer keselinden goraýar, süzülen kofe bolsa ýürek we damarlar üçin aýratyn peýdalydyr. Bu barada Budapeştdäki Zemmelweýs uniwersitetiniň lukmançylyk wizuallaşdyryş bölüminiň müdiri Pal Maurowiç-Horwat “Daily Mail” neşiri bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Alym kofeniň organizme oňyn täsir edýändigini, ýöne onuň täsiriniň taýýarlanyş usulyna baglydygyny aýtdy.
Norwegiýaly ylmy gözlegçiler iki onýyllygyň dowamynda 500 müň meýletinçiniň iýmitleniş endiklerini öwrenip, süzülen kofeniň ýürege we damarlara oňyn täsir edýändigini anykladylar. Günde şeýle içgiden dört çaşka içmek ýürek tutmasyna getirip biljek arterial patologiýa howpuny azaldýar.
2023-nji ýylda italiýaly alymlar espresso, şol sanda kapuçino we latte esasly kofeniň beýnä oňaýly täsir edýändigini anykladylar. Espresso ekstrakty beýnide Alsgeýmer keseli bilen baglanyşykly zäherli beloklaryň üýşmeginiň öňüni alýar, kofein bolsa çişi kiçeltmäge we neýronlary goramaga kömek edip, demensiýanyň güýjemek töwekgelçiligini azaldýar.
Şeýle-de bolsa, kofeniň ähli görnüşleri deň derejede peýdaly däldir. Kanadanyň Makgill uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, ereýän kofe köp mukdarda zäherli bolup biljek akrilamidi saklaýar. Barlaghana derňewleri rasionda akrilamidiň haýwanlarda öýkeniň we reproduktiw ulgamyň rak keselini ýüze çykarýandygyny görkezdi.
Muňa garamazdan, ortaça ýagdaýda (günde 10 çaşka çenli) içilende, ereýän kofeniň ýaramaz täsiri azdyr. Maurowiç-Horwat şeýle kofeniň içegäniň mikroflorasyny goldaýan we organizmi kesellerden goraýan antioksidantlara baýdygyny belledi.


139

11

0

1

0

0

2
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sorag...


Söýşelimi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Power (Şugün, 06:19)

Sorag...


Bizar etdiňizeý, bir okalaýjak mowzuk açaýyň how!!!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Fantom (Şugün, 06:12)

Sorag...


ýaňy bir 15 ýaşyň bar eken, nämä howlugýaň wapşede oglan saňa söwen bolsa saňa söwýän oglan bilen seň nm işiň bar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Arzuw (Şugün, 02:47)

Sorag...


ösüp barýan çaga her hili maslahat beripsiňiz) özüň nm pikir edýäň kim günäli?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Arzuw (Şugün, 02:45)

Diňe sen gowy...


"Her kimiñki õzũne, Aý gõrũner gõzũne" diýýãmi)) Gowy goşgy❤️...dowamy...
Şygryýet | Diňe sen gowy...
Aurora (Şugün, 00:41)

Ýönekeýje sorag✨


Elbetde masgalamy gözlaridim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýönekeýje sorag✨
Bravee (Şugün, 00:32)

Sorag...


Gyz bir dereje oglandan pesrak bolmaly , gyz ilki bagysla sorasa has gowy , soyyani cyn bolsa gyz ikilenman bagysla diyer. Sabr edmeli cydamaly g...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Yowuz (Düýn, 22:06)

Sorag...


Meň ucin kimde yalňysy bar bolsa şo bagyşla diymeli sol sebabi günäsiz adam günäle bagyşla diymeza Dogry dämi kim günäli bolsa şo diymelimika diy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Bravee (Düýn, 21:12)

Sorag...


Detskiý mowzukda. Soragy okap utanyp gidýäň-ow)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Muawiye (Düýn, 18:52)

Sorag...


Şo dūşünjede bolany un sogüşipdim kim gunali bolsada oglan bagysla diymeli diýen düşünje ba kop gyzlarda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Bezzat (Düýn, 18:14)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика