![]() 126 |
![]() 16 |
![]() 3 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Ana
Baron, al onda saglyk bolsun, toy bolsun. Göter galamdaş.
Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galamyna, ylhamyna, ýüregine saglyk!
Neo, goşga meniñ terjimehalym diýbem düşünip bilersiñiz, özüni ussat şahyrlara deñemeýän, deñelmeginem halamaýan adam hökminde-de görüp bilersiñiz. Aslynda maña özümiñ dälde okyjynyñ düşündirşi gyzykly. Syrly setirleri örän halaýan. Şu setirlere düşünmeseñiz has syrly setirlerime asla düşünmeýäñiz.Bolmanda şu birje setirime öz düşünjäñizi ýazaýyñ.
"Muhapbetiň meniñ ruhyma azap"
Maña siziñ düşünjäñiz gyzykly.
Şahyr derejesine beýgeldeniñiz üçinem minnetdar.Ýöne men-ä şahyr derejes
Neo, Ýöne men-ä şahyr derejesine beýgeljegem bolamok. Bolmanda goşguçy bolup galsam , galamy elden almasalar razy.Teswiri gysgadan ayratyn yazaymasam uzyn sözlemler sygmaÿar.
Gerceknazar, "Muhapbetiň meniñ ruhyma azap"
Öz düşünjämi ýazsam muhapbet sözi söýgi manysynda ýazylan ýaly. Söýgiň meniň ruhuma azap. Eýsem ruh näme, ölensoň yzymyzda galýan zatmy, Kalbyma azap diýjek bolduňmy. Ýöne näme üçin azap, gowuşmadyk söýgi barada ýazylanmy?
Onsoň Gerçek halypa şu goşguçy diýen sözi kän halamok. Gowşak goşgularyny tankytdan goramak üçin Kerim Hallyň tapan sözümikä diýýän.
Aý menä şahyram däl, ýöne goşgusy, şoň üçin meň goşgularymy känbir nemedibem oturmaň, oňk
Gerceknazar, oňky, muňky bilen deňäbem oturmaň diýen ýalyrak bolupdyr munyňa. Bir zat ýazdyňmy sen şahyr, nähiliräk şahyrdygyňada halk baha keser.
Neo, göwün göteriji teswirleriñiz üçin sag boluñ.. "Goşguçy" sözünä menem halap baramok, emma "şahyr" diýseñem köpleriñ görüplik damary gozgaýar, şaýat boldum. "Halypa" sözüniñem gyzygyny gaçyrdylar. "Ýazyjy" sözüni halaýan, Gerçeknazar diýip ýüzlenseñizä hasam gowy. Elbetde " il agzyny ýygyp bolasy ýokla" . Köpçilik bilen paýlaşsañ her dürli sözlere taýýar bolup oturybermeli.
*ýöne goşguçy diýjek boldum