Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Akyl ynsanyň ýaşynyň kämilleşmegi bilen gelýär. #Ali

Forum | IŞ we IŞGÄR | Umumy

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
 Täzeje
 Pearl [off]
 Şugün, 09:55

Awraam Linkoln hiç haçan ruhdan düşmändir
Awraam Linkolnyň ömri tutanýerliligiň we ýeňşe bolan ymtylyşyň nusgasydyr. Bu adam kynçylyklaryň öňünde hiç haçan ýaýaplamandyr, elmydama olary ýeňip geçipdir.
Linkoln garyp maşgalada doglupdyr, ýakymsyz ýagdaýlar hemişe ony yzarlapdyr. Ol sekiz saýlawda ýeňlipdir, iki ýola biznesde şowsuzlyga uçrapdyr, nerw näsazlyklaryndan ejir çekipdir. Durmuş dyza çökererli görünse-de, Linkoln boýun egmändir, ýeňşe ymtylypdyr, ahyr netijede Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda iň bir beýik prezidentlerden biri bolupdyr. Yşakda Linkolny Ak tama elten, onuň ömür ýolunyň basgançaklary görkezildi.
1816-njy ýyl. Onuň maşgalasy öýünden jyda düşýär. Linkoln ata-enesine ýardam bermek üçin işe durýar.
1818. Linkolnyň ejesi ýogalýar.
1831. Biznesde şowsuzlyga uçraýar.
1832. Ştatyň kanun çykaryjy organyna dalaşgär bolýar, emma ýeňilýär.
1832. Işsiz galýar, ýuridiki mekdebe okuwa girmek isleýär, ýöne bäsleşik esasynda geçip bilmeýär.
1833. Täze iş gurnamak üçin dostundan pul karz alýar, emma ýylyň ahyrynda batýar. Soňky on ýedi ýylyň dowamynda Linkoln bu bergini töleýär.
1834. Ştatyň kanun çykaryjy organyna ýene-de dalaşgär bolýar we ýeňiş gazanýar.
1835. Adaglanan gelinligi aradan çykýar, Linkolna bu ýitgi gaty agyr degýär.
1836. Nerw sebäpli bolan derde uçraýar hem-de alty aýlap düşekde ýatýar.
1838. Ştatyň kanun çykaryjy organyna spiker saýlanýar, ýöne ýeterlik mukdarda ses alyp bilmeýär.
1840. Saýlawçylar (prezident saýlawlarynda) geňeşiniň agzalygyna dalaşgär bolýar, ýöne şowsuzlyga uçraýar.
1843. Kongrese saýlanýar, emma geçip bilmeýär.
1846. Ýene-de kongrese saýlanýar, ýeňýär, Waşingtona göçýär we gowy işe ýerleşýär.
1848. Kongrese gaýtadan saýlanýar, emma ýeňilýär.
1849. Özüniň dogduk ştatynda ýer bilen bagly geleşikleri hasaba alýan döwlet kontorasynyň gullukçysynyň wezipesini eýelemek isleýär, ýöne oňa ýol bermeýärler.
1854. ABŞ-nyň senatyna saýlanýar, emma ýeňilýär.
1856. Respublikan partiýasyndan wise-prezidentiň wezipesine dalaşgär bolýar, emma ýüzden az ses alýar.
1858. Ýene-de senata saýlanýar we ýeňilýär.
1860. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentligine saýlanýar…


31

14

3

4

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Pearl [off]
 Şugün, 09:57

+1

Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek

Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekden howatyr edip, myhmanlar hemme zatda Kulije öýkünmeli diýen netijä gelipdirler. Olaryň bu çemeleşişleri kofe äberýänçäler ýerlikli hem bolupdyr. Prezident bir pyýalajyga kofe guýupdyr. Myhmanlar hem şeýle edipdirler. Kulij oňa şeker hem gaýmak goşupdyr. Myhmanlar hem onuň edenini gaýtalapdyrlar. Soňra Kulij özüniň pişigi üçin pyýalany polda goýupdyr…
«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.

 Premium
 BAY-HAN [1m]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 Şugün, 10:34

+0

Yalpyllap duran 2-nji laýk

 Täzeje
 Boniya [off]
 Şugün, 13:20

+0

motivation

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)

Wada


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Wada
BAYOGUL (Şugün, 07:06)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Hmmm bolupdyr nesip etsin herkiminki...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Aixcam_nx (Şugün, 02:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика