Ilki bilen saňa sary ýa Allam,
Köňül içre bir çümmüjek yşgym bar.
Ruhum synag üçin jahana ýollan,
Dünýälikden berenlerňe şükrüm bar.
Höwesim - başarsam il derde ýarap,
Bir ýetim balanyň ýarasyn sarap.
Emma, gazanmaga ep-esli sogap,
Ejiz gerdenimde biraz keşgim bar.
Gursagyma gussa düşmez myş-myşdan,
Gussam - geçmişimde eden etmişlem.
Maý gözleýän duşman ýetik durmuşda,
Akyl bilen göçülmeli küşdüm bar.
Bendäň men alymlar söhbedin diňlän,
Ylym ummanyna dabanyn öllän,
Kalbymda resulyň ömrüni geňlän,
On bäş asyr ozalyndan uçgun bar.
Belli däl, ajalyň haçan geljegi,
Dowzahdan çukurmy, behişt genjimi
Ýa, Hak,
özüňe sygynýan okap Elhamy
Köňül içre bir atymlyk yşgym bar,
Patma, Emin, Ýasin atly köşgüm bar.
Suraý Amanakowa
146
16
4
7
0
0
1
Teswirler:
Premium Akademik3 [off] 25.11.2024 / 12:41
+1
Malades
Öwreniji Hanogul [off] 👍👍👍👍👍👍 25.11.2024 / 12:50
+1
Tarypyna söz yok juda gowyy
Özümiziňki Hyyalbent [off] 25.11.2024 / 14:08
+1
Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üstünlik ýetirenler sagbolsun!
Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek
Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...