Öwreniji Kesxa [off] 25.11.2024 / 15:14 Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
Akapella ömrüme,
Men dutarly heň goşjak.
Şeýtanyň islegi kän,
Men olary az etjek.
Her kim dek tutunjak dost,
Saýlap seçip ýitisin.
Dost edinmen öýdemok,
Özüm ýaly kütisin.
Paty-putysy bilen,
Gara gutusy bilen,
Garry-gutusy bilen,
Ýitiş utuşy bilen,
Gazanjym hem ýitgilem,
Ýanymdaky itgylaw,
Aýdylan aýdylmadyk,
Garadan gaýdylmadyk,
Düşnükli hem düşnüksiz,
Sen bäşlikçi üçlüksiz,
Goşgy we goşgy däller,
Ärsaklar hem ärdäller,
Taryhyny bilýänler,
Taryhyna gülýänler,
Özünide bilýänler,
Şowlulyk ýa şowsuzlyk,
Arkaňda bar nolsuzluk,
Ýow gününde namartlyk,
Gözlär ýörsüň amatlyk,
Közde towuk ganatlyk,
Täk ýumurtga gaýnatdyk,
Bagyşlaň dahylym ýok,
Miras nakylymda ýok,
Goşantsyz medenýete,
Aňym jahanda mergi,
Bagyşlaň meni hergiz,
Berip bilmesem bergim...
Biliň bagyşlap meni,
Bir asyrjyk öňdede,
Ýokdy meniň demim,
Ýokdy ulu ulgama,
Dahylly ýerim...
(Dahyllsyzlyk sebäpli,
Ýokduram belki bergim.)
141
12
2
4
0
0
0
Teswirler:
Özümiziňki Hyyalbent [11s] 25.11.2024 / 17:03
+0
Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr.
Awtora Üstünlik ýetirip duruň!
Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...