Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Bashimow_Toyly : Bir gün hayatın tüm güzelliklerinden vazgeçip sessiz sedasız ölüme gitmek istersen yanıma gel de sana sensiz olmanın ölüm olduğunu göstereyim.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Adamlara ynanyp
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 25.11.2024 / 15:20

Adamlara,
Aýdymlara ynanyp,
Ýüregmi aýamda göterip gezdim.
Ýagşylyga maýsa bolup yranyp,
Ýamanlyga welin gaýa deý dözdüm.

Gara çynym bilen uýdum päklige,
Sadalyga uýdum.
Güp gitdim gepe...
Ýaşadym gol bermän ýeketäklige,
«Ýaşasyn gözellik!..
Gitdikmi, şepe?..»

Dost öňüne atdym ünjä gidende,

Gyz ýaýdananda öňüne atdym.
Nämüçindir
Her sapar «jig-g» edende:
«Taňrym, bu nämekä?» —
Pikire batdym.

Ýazyk, günä...
Öz-özünden ötülýä
Erkgala deý boşap galan gursakda...
Men ýüregmi güjeňlänme ökünýän,
Has pugtarak gizlemeli pursatda.

Men ony taplamak isledim diňe
Gorap dilden-gözden üstün ýapmadym.
Ýöne...
Ahyr bir gün bakamda siňe,
Ýekeje-de abat ýerin tapmadym.

(Gyýym-gyýym gyýylypdyr jigerim,
Dilim-dilim dilinipdir jigerim.
Bu görünýän gara-gara tegmiller
— Aldanan,
Azaşan,
Ýalňyşan... ýerim.

Öz çägiňden çykmak şeýle bir aňsat,
Yzyňa dolanmak çaklaşyňdan kyn...
«Mundan çepe gitseň — keramat aňtap
— Gaýdyp geleriňden gelmeziň ýakyn...»

Käte ýat illere nesibäm çekdi,
Käte saklatmady gözümiň ýaşy...
...Çykaranym bir näzijek ýürekdi,
A yzyna saldym bir tokga daşy...

Şiraly Nurmyradow


120

14

2

3

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 25.11.2024 / 16:21

+1

Hekaýalaram bar öýdýän şu şahyryň?


Özümiziňki
Hyyalbent  (25.11.2024 / 16:54) 

Gulmahrem, Hawwa Poeziýa, Proza eserleriniň ikisinem gaty gowy gorýän!

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 26.11.2024 / 01:56

+1

Ÿetirip duruñ

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Ýazan goşgymy surata düşürip seň şahsyňa ugratsak bolmaýamy. ???????...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Orazjan (Şugün, 20:18)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 19:45)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика