Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “I like her, not as a friend but as a woman.”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Owgan pähimleri
 Täzeje
 Agzamen [off]
 25.11.2024 / 22:54

Watan gadyry ýat ýurtda bilner.
Parahatlyk — uly iliň bagtydyr.
Ýol ýörän döwlet tapar.
Ýagşylyk etseň, ýagşylyk ederler.
Ýalanyň ýoly gysga.
Öz jaýyň üstündäki gary goňşy öýüň üstüne oklama!
Ikä çapan birden galar.
Tabaga salmazdan öň, elekden geçir.
Gowa hemra bolanyň agzy bala batar.
Ynsan daşdan gaty, güldenem ýumşak.
Altyn hilinden, adam dilinden tanalar.
Enesini gör-de gyzyna, atasyny gör-de ogluna baha ber.
Köp işlän köp iýer.
Söhbetden öň salamlaş.
Gäwmiş gülüň gadyryn näbilsin?
Dana sözüň dag ýaly agramy bar.
Eşideniňi ile ýaýma.
Diňlenmese, dil açma.
Labyzly ses gulak posuny açar.
Dost adyndan aýdylan söz öz sözüňdir.
Ene gujagy perzendiň sallançagydyr.
Agzalalyk maşgalany dargadar.
Gül öz düýbünde gözeldir.
Her guş öz höwürtgesini taryplar.
Ýer — altyn hazynadyr.
Gül tikensiz bolmaz.
Dana akyl bermek hebesdir.
Mert deňizçi gaýda tanalar.
Gaplaň taýak bilen däl, mähir bilen eldeki ediler.
Bedew atyň ýanynda ýol gaýgysy bolmaz.
El bilen çözüljek düwüne diş urmak nämä gerek?
Bugdaýyň ýoly harazda gutarar.
Sabyrly kişiň suwy yzyna akyp geler.
Ynsan ýagşylyk üçin dogulýar.
Kitüw saklasaň, kitüwden köýersiň.
Ile ýamanlyk etmeseň, özüňe-de ýamanlyk gelmez.
Gowy gylyk han eder,
Bet gylyk haýwan eder.
Sadaka bermek üçin baýlyk däl, mähirli ýürek gerek.
Ýagşylyk ýatdan çykmaz.
Ýagşylygy sil aparmaz.
Edensiz edenlini görmez.
Gepländen diňlän ýagşy.
Kimse süýdi söýer, kimse — çorbany.
Her kimiň öz keşdesi özüne gözel.
Eden işiň özüňde galar.
Daşdan ýag alyp bolmaz.
Bir eýere iki adam ýerleşmez.
Kömür haltasynda un saklanmaz.
Bag güle durynça, bagbanyň bili büküler.
Howluganyň bilen şüle sowamaz.
Wagt altyndan gymmatlydyr.
Guşam höwürtgesini birden guraýýan däldir.
Ýitensoň gadyry bilner.
Ýüp inçe ýerinden üzüler.
Ilem özüňe görä bolar.
Gowşak böwedi suw böwser.
Ekeniňi orarsyň.
Ýüz — kalbyň aýnasydyr.
Geýimine seretme, kalbyna seret.
Gara towuk hem ak ýumurtga guzlar.
Keçäni düşenjege ber.
Başarmasaň söz berme.
Jöwzada ýyg, saýada iý.
Iýmedik ýarmaňy ýamanlama.
Ýuwaş akýan suwdan gork.
Belent dagyň gerşine-de ýol tapsa bolar.
Garaňkyda kölege gözlenmez.
Kimse toýnagyndan tanalar, kimse — guýrugyndan.
Şemalyň egmejek agajy bolmaz.
Utulan oýundan çykar.
Iki laçyn garpyşsa, kepderiň ýelegi ütüler.
Başarsaň ýagşylyk et.


Toplan Ö. DAŞGYNOW
Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly.


134

16

2

5

1

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 25.11.2024 / 23:01

+0

Öre Daşgynowyň goşgularyndan ýokmy Sizde?
Ýetiräýiň, bar bolsa.


Täzeje
 (25.11.2024 / 23:16) 

Gulmahrem, ýokda

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 26.11.2024 / 01:54

+1

Ÿetirip dur

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика