Ýürekdeş sözler!
Jasmin : Nacesiniñ arzuwnda bolsamam dine men seni isleyan soyglim#jasmin
Bilÿăn
Gerekli @menin_dunyam [off] 27.11.2024 / 02:03 Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
Bilýän, ýyllar geçer akyllanarsyñ,
Hem bolmarsyñ häzirkiñ deý göwünjeñ.
Meni maýyl bolup makullamarsyñ,
Aýy sowgat etmek hakda öwünsem.
Barmaklañ yatlamaz saçymy günde,
Ýañaklañ egnime kem deger onsoñ.
Menem seni saklap bilmen içinde,
Aýama Aý-ýyllar kir degirensoñ.
Deñziñ kenaryndan söz beren öýüm,
Gurular bir obañ gyrajygynda.
Görkümi ýitirip garrap giderin,
Owadan gözleriñ garaçygynda.
Dañlar maña haýryn görmezler rowa,
Señ uzyn gijeler aglanyñ üçin.
Sen menden ynjarsyñ öz söýen, juwan,
Şazadañ keşbinde galmanym üçin.
Mătgurban MĂTGURBANOW
Teswirler:
Soňky teswirler
Söýgi sözleri❤️
Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...
dowamy...
Ýokaryk