Ýürekdeş sözler!
Sebap : Şeýle bir adamlary tanaýan: kä birini arpa goşsaň at iýmez, kepege göşsaň it iýmez...
OpenAI täze OpenAI o1 emeli aň modelini hödürledi: ol “adam ýaly pikirlenýär”
Premium
BAYOGUL [1s] 29.11.2024 / 12:39
OpenAI kompaniýasy meşhur ChatGPT çat-botunyň işlemegi üçin esas bolup hyzmat etjek täze OpenAI o1 emeli aň (EA) modelini hödürledi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, neýroulgamyň täze modeli “oýlap-ölçerip” we “pikirlenip” bilýär.
Öňki GPT-4o modeli bilen deňeşdirilende, OpenAI o1 alty esse akyllydyr. Ol kodlamakda, fizikada, himiýada we biologiýada gowy netijeleri görkezýär. Özbaşdak pikirlenmek ukyby EA modeline filosofiýa boýunça ýumuşlardan baş çykarmaga mümkinçilik berýär. Häzir model ylmy dersleriň doktory derejesinde jogap berýär.
OpenAI Halkara matematika olimpiadasyndaky seçip alyş synagynda OpenAI o1-iň ýumuşlaryň 83%-ini dogry çözendigini, GPT-4o-yň bolsa bary-ýogy 13%-ini çözendigini belledi.
¾Biz bu modele adamlar ýaly, jogap bermezden öň meseläni gowy oýlap-ölçermek üçin köp wagt sarp etmegi öwretdik. Öwretmegiň netijesinde olar öz pikirleniş prosesini kämilleşdirmegi, dürli strategiýalary barlap görmegi we öz ýalňyşlyklaryny boýun almagy öwrenýärler – diýip, OpenAI belleýär.
OpenAI o1-iň çykmagy bilen OpenAI kompaniýasy özüniň ahyrky maksadyna – AGI-ni döretmäge ýakynlaşýar. AGI – bu adamyňka meňzeş we öz-özi öwrenmäge ukyply kämil emeli aň.
Täze EA modeli eýýäm prewýu-görnüşde ChatGPT ulanyjylary üçin elýeterlidir. Ony işe girizmek üçin Plus we Team wersiýalaryna ýazylmaly. Şeýle-de, geljekde ulanyjylar üçin ýazylmagy talap etmeýän o1-mini elýeterli bolar. Bu OpenAI o1-iň az maglumatlary işläp bilýän wersiýasydyr.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Sorag...
ýaňy bir 15 ýaşyň bar eken, nämä howlugýaň wapşede oglan saňa söwen bolsa saňa söwýän oglan bilen seň nm işiň bar?...
dowamy...Sorag...
ösüp barýan çaga her hili maslahat beripsiňiz) özüň nm pikir edýäň kim günäli?...
dowamy...Sorag...
Gyz bir dereje oglandan pesrak bolmaly , gyz ilki bagysla sorasa has gowy , soyyani cyn bolsa gyz ikilenman bagysla diyer. Sabr edmeli cydamaly g...
dowamy...Sorag...
Meň ucin kimde yalňysy bar bolsa şo bagyşla diymeli sol sebabi günäsiz adam günäle bagyşla diymeza Dogry dämi kim günäli bolsa şo diymelimika diy...
dowamy...Sorag...
Şo dūşünjede bolany un sogüşipdim kim gunali bolsada oglan bagysla diymeli diýen düşünje ba kop gyzlarda...
dowamy...
Ýokaryk