Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dunyodagi : Kyn bolsada söý.....emma,söýmese gynama

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Sen goşmak men
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 30.11.2024 / 03:57
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

SEN GOŞMAK MEN.

Sen goşmak men deñdir söýgi.
Şeýdip başlanar deñleme.
Çözülmejek mesele ýok,
Bizi ykbalmyz deñlese.

Sen goşmak men deñdir durmuş,
Heniz girilmedik gapy.
Gapyny kakyp ýadadyk,
Göründi iki tarapy.

Sen goşmak men deñdir ykbal,
Içi ajyly, süýjili.
Sen süýji al, menem ajy,
Sen-ä halaýañ süýjini,
Menem halaýan ajyny.

Sen goşmak men deñdir goşgy
Sen ekeniñ ylham perim,
Indi joşup ýazjak, ýörjek,
Bu durmuşda barmy kemim?

Sen goşmak men deñdir aýdym,
Hiç bir ýerde aýdylmadyk.
Winni Puhyñ aýdymy deý,
Ýemşijegiñ aýdyşy deý,
"Ony hiç kime aýtmarys,
Asla-asla..." aýrylmarys.

Sen goşmak men bir maşgala,
Binamyñ binýady söýgi,
Kerpiji ynamdan gurlan,
Hormat edip üçek salnan,
Mähir bilen ýyladylan,
Yşk çekilip ýagtyldylan,
Gazanjymyz bor diregi,
Haýamyz haýat goragy.

Sen goşmak men deñdir çaga,
Ykbalmyzy baglamaga.
Bolar ömrümiñ dowamy,
Ýene-de mysalyñ barmy?

Sen goşmak men deñdir ?

(28.11.2024)

Gerçeknazar AMANNAZAROW


140

20

5

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 30.11.2024 / 08:06

+0


Özümiziňki
Gerceknazar  (30.11.2024 / 13:59) 

BAYOGUL, sag boluñ

 Premium
 Belki [4m]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 30.11.2024 / 11:38

+0

*fundament bolmaly.

Gowy gosgy bolupdyr yone.


Özümiziňki
Gerceknazar  (30.11.2024 / 14:01) 

Belki, fundamentiñ türkmençesi näme bolýar ? Bahañyza minnetdar.

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 30.11.2024 / 12:10

+0

Gowy goşgy bolupdyr .
Boldy sundamendi söýgi,
Kerpiji ynamdan gurlan,
Hormat edip üçek salnan
Fundamendi türkmenleşdirilse has gowy bolardy, Kerpiji Ynamdan gurmak öňem bir iki yerde gabat geldim öýtýän bulam üýtgedilse 3 setirem yene bir geçilip timarlansa has gowy goşgy boljak eken Üstünlik ýetirip dur. Ýazaýyn diýseň ýazyp bilýäň sen kä wagtlar aňsadyna gaçyaňmy nämemi . Dowam galamyň batly bolsun.


Özümiziňki
Gerceknazar  (30.11.2024 / 14:14) 

Hyyalbent, bellikleriñiz üçin sag boluñ. Hakykatdanam şol "fundamentiñ" içine türkmen sementini goşmaly. Bu goşguda hiç ýerinde-de üýtgeşik zat aýdandyryn öýdemok. Hemme setirlerem öñ aýdylan we aýdylyp ýörülen sözler.Men biraz üýtgeşigräk aýtdym.Gaýta bu goşguny ýazmak kyn düşmedi. Howanyñ gowy wagty , agşam ara çagy ylham geldi we ýazdym. Gapdaly bilenem birki sany goşgy goşdum.Garaz gelen zady boş goýamokda. Ýedi , sekiz bogunda goşgy ýazmagy halaýan, meniñ dünýäme has golaý. Aslynda h

 Täzeje
 Neo [off]
 30.11.2024 / 15:33

+0

Okyjy hökmünde 10/10 bal. Başgarak derejä çykyp barýanyňyza begenýän. Awtordaky iň halaýan häsiýetim, öwginem, döwginem rahat, asuda kabul edip bilýär.
Ylham gelmeginiň sebäbi Gökdepe karýerdäki süýji balyklaryň netijesimikä (çalaja degişýän smaýlik)


Özümiziňki
Gerceknazar  (30.11.2024 / 17:54) 

Neo, sag boluñ,baalyma köpelýär. Müñ bala ýetsem okyjylarma goşguly kitabymy sowgat etjek. Ylham gelmeginiñ ýene-de bir sebäbi siz ýaly okyjylarymyñ, galamdaşlarymyñ barlygy.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.11.2024 / 15:46

+1

Fundament türkmençe BINÝAT bolaýýa öýdýän


Özümiziňki
Gerceknazar  (30.11.2024 / 17:48) 

Agzamen, dogry, gabat gelýär.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)

Wada


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Wada
BAYOGUL (Şugün, 07:06)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Hmmm bolupdyr nesip etsin herkiminki...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Aixcam_nx (Şugün, 02:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика