Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Söýülmek umydy bilen söýmek ynsanlara mahsusdyr, emma garşylyksyz söýmek diňe enelere hem-de perişdelere mahsusdyr...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Muabbag
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 30.11.2024 / 18:36
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

MUABBAG.

Ilkinji söýgimi salsam ýadyma ,
Ten däl ýürek ýanýar yşgyň odyna ,
"Ýanýan" diýsem kimler ýeter dadyma,
Bu daglaram titreýär perýadyma,
Men ýadadym,sen söýgiden ýadama,
Ynamym peselýär ähli adama ,
Seni ýatlasam.

Bir ömür ,bir ölüm ýetse bir başa,
Çyn söýgi ,päk söýgi ýetmez her başa,
Besdir doýdum senden git menden daşa,
Nirde ýaşasaňam şol ýerde ýaşa,
Başgaň gujagynda ,del ýerde ýaşa,
Didelerim dolýar ajy göz ýaşa,
Seni ýatlasam.

Indi eden işleň puçdugyn bilgin ,
Etjek ,edýän işleň puçdugyn bilgin,
Geçen günleň göýä düýşdigin bilgin,
Bes, yza dolanma giçdigin bilgin,
Aramyz ýetdirmez daşdygyn bilgin,
Ökünip gözlermiň ýaşdygyn bilgin,
Meni ýatlasaň.

Gerçeknazar AMANNAZAROW.


157

18

4

3

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 30.11.2024 / 19:11

+0

Tuweleme agam. Ustinlik hemran bolsun


Özümiziňki
Gerceknazar  (30.11.2024 / 20:21) 

@menin_dunyam, sag bolun, minnetdar.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.11.2024 / 19:32

+0

Hmm...

Öwüp bilemok menä.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.11.2024 / 19:33

+0

Ýa halap bilmedimmikäm...


Özümiziňki
Gerceknazar  (30.11.2024 / 20:23) 

Agzamen, öwmegem halamagam hökman dâlley. Hakyky yüregindâkini yazsan bolyar.

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 01.12.2024 / 06:27

+0

*murapbag dip yazylya. Yone bu murapbag dal bolaymasyn. Sebabi murapbagyn her bendi dort setir bolmaly.
Men pikrimce her bent asa uzyn bolupdyr. Icinde aydylyan bir del zat tapmadym. Son cun gysgaltsa-da boljak.
Ustunlik!


Özümiziňki
Gerceknazar  (01.12.2024 / 07:53) 

Belki, murapbag (dörtleme) däl , muabbag (ýedileme) bolýar. Umuman goşgy ýazmagyñ ähli görnüşlerine synanşýan. Şu stillerde ýazmak juda kyn eken.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)

Wada


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Wada
BAYOGUL (Şugün, 07:06)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Hmmm bolupdyr nesip etsin herkiminki...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Aixcam_nx (Şugün, 02:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика