Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Zehin : Sonky sozuni icinde sakla sol soz senin geljegini kul edip hem biler gul edip hem

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

IT (Triptih)
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 30.11.2024 / 22:36

I
Düşünemok gykylygna itleriň,
Uzak gije dawa-jenjel. Garpyşyk.
Ümsümligi düýt-müýt edip barýarlar,
Bogazlarny “ýakasy” deý ýyrtyşyp.
Sögüşýärmi?
Söýüşýärmi?! –
Aýan däl.

Ýatagna-da girenok. (Ýerçekmişler!)
Bu türkmeniň taryhyny oýaryp,
Olaň sesi çozup gelýär geçmişden...
Olja üstünde öz-özleri garpyşyp,
Gygyryşýan garakçy deý ses edip,
Ýarygije dawa turzup,
dartyşyp,
Çeýneýärler ümsümligiň jesedin...

II
Ýatma gysyp guýrugyňy ýamzyňa,
Ýeriňden gal,
ýogsam giderin geçip.
Aýyp bolar dursaň maňa ýalbaryp,
Sen it ahyr!
Topul agzyňy açyp.
Jöwje,
dişle tä çykýançaň keýpden,
Eşiklermiň birlaýdygna gynanma.
Ýapyşyber, senden hiç zat aýyp däl,
Erbet ahyr,
adam çekse synyňdan.

Mydam duşup durmaz men deý ýuwaşlar –
Ýarmak niýetiň bolsa, dişle şu sapar.
Ýogsam ýene birne diş urjak borsuň –
Başgalar beýtdirmez, tumşugňa kakar!..

III
Urdular köpegi üýrýäni üçin,
Ýatakdan çykaryp kowdular köçä.
It üýrmejek bolup hümledip için,
Haraý gözläp bakdy her bir ötegçä.

Ol çydap bilmedi. Uwlady agşam,
Ýellerden-ýagmyrdan gözleýip dalda.
Ýene-de urdular edip eleşan.
Hem taşlap gitdiler çalajan halda.

Köpek aýňalansoň soňky zarbadan,
Boýnuny sallady. Üýrmedi gaýdyp.
Öz bolşuna namys edip garrady –
Gorkdy adamlardan urarlar öýdüp.

Ýöne munuň bilen gutaraýmady –
Ters ýüzüne çöwrüp köneki derdin,
Indi oň üstüne atyp haýbaty,
Üýrmeýäni üçin berdiler merkin.

Itiň içi-daşy talandy juda,
Umytsyzlyk gujagyna düýrledi.
Şeýdip, ynamyndan etdiler jyda,
Mahrum boldy yhlas edip üýrmeden...

© Döwlet Garkyn


112

13

1

3

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.11.2024 / 22:44

+1

Bähh...

Çekiwermeldä...


Özümiziňki
Hyyalbent  (30.11.2024 / 23:19) 

Agzamen, Hemme kişem başaranok ony.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)

Wada


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Wada
BAYOGUL (Şugün, 07:06)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Hmmm bolupdyr nesip etsin herkiminki...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Aixcam_nx (Şugün, 02:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика