Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bagyşladym
 Özümiziňki
 @menin_dunyam [off]
 01.12.2024 / 00:47
 Bagtdan çorba edip, elimize vilka beren durmuş bu!

Awusyny duýdum senden,
Meni başga çalyşmagyň.
«Git» diýdi ýürek içimde,
Men barybir bagyşladym...

Suwumsyz adamlar bilen
Ynjytdy iş salyşmagyň.
«Goý» diýdi ýürek içimde,
Men barybir bagyşladym...

Meň söýgimden öňe geçdi,
Iki günlük tanyşlaryň.
Ýürek diýdi: «Öte geçdi» —
Men barybir bagyşladym...

Gözüme bakyp aldadyň,
Ynan, çynym, garaşmadym!
Ýürek diýdi: «El çek bahym»,
Men barybir bagyşladym...

«Söýemok» diýdiň ahyram,
Ýolun goýman ýaraşmagyň.
Ýürek diýdi: «Urgym durar»,
Wah, seni kim bagyşlasyn...

Mătgurban MĂTGURBANOW


60

17

5

9

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Atayewa [off]
 01.12.2024 / 00:52

+1

 Täzeje
 Saryyevv [off]
 01.12.2024 / 02:18

+0

Tuweleme

 Gerekli
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 01.12.2024 / 11:44

+0

Indi daşoguzlylaram edebi dildäki "basym" sözüni ahal şiwesindäki "bahym" görnüşinde ulanyp başlaýdymyka?!


Özümiziňki
@menin_dunyam  (01.12.2024 / 11:46) 

Baron, bilmedim. Edil ÿazylyş tertibinde ÿalñyşlyk giden bolmagy műmkin, ÿada belki Mătgurbanyñ őzi ulanÿandyr


Gerekli
Baron  (01.12.2024 / 11:48) 

@menin_dunyam, tehniki ýalňyşlyg-a däl-le bu. Ýörite ýazylan. Mätgurban ýaly zehinli, düşünjeli oglana gelişdirmedim beýle ýalňyşlygy. Özem metbugatyň oglany. Edebi dile berk bolmaly.

 Täzeje
 Ayjiana [off]
 01.12.2024 / 12:44

+0

Nm üçin bagyşladyň


Täzeje
Albasdy  (01.12.2024 / 12:45) 

Ayjiana, sen kellañ doly dal


Täzeje
Ayjiana  (01.12.2024 / 14:11) 

Albasdy, sana zat diyen bamy


Täzeje
Albasdy  (01.12.2024 / 14:21) 

Ayjiana, zat diyyan diydimmi


Täzeje
Ayjiana  (01.12.2024 / 14:31) 

Albasdy, onda nm yazyaň


Täzeje
Albasdy  (01.12.2024 / 16:03) 

Ayjiana, yazmak gadaganmyshmy


Täzeje
Ayjiana  (01.12.2024 / 16:55) 

Albasdy, mna yazma


Özümiziňki
@menin_dunyam  (01.12.2024 / 23:24) 

Ayjiana, bagşlamak aÿyp dăl, bagyşlamazlyk aÿyp

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 01.12.2024 / 20:58

+1

Mlds elerine saglyk

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Őtinç


ençe gün. - degjegin, zehinsiz - ses-üýnsiz Atam-da - setanda. Üýtgeşikje kapiýalary baraý tüweleme Çary aga aýtýara Tükenäýdimi - Tiken ädigi....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Őtinç
Hyyalbent (Şugün, 00:20)

Őtinç


Owadan ýazýa tüweleme, arzuwlarna ýetsin...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Őtinç
Anora (Düýn, 21:09)

Erteki biz.


Tutuş goşgudan iñ ýokarky ikije setiri has haladym....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Erteki biz.
Gerceknazar (Düýn, 19:19)

Biraz temany uytgedeyin


Munam "Ýanan ýüregiñ sesi"-ne goşmaly ekeniñ . Ýürek arasynda peýdaly maslahatlaram berip bilýärä....dowamy...
Erkin mowzuklar | Biraz temany uytgedeyin
Gerceknazar (Düýn, 19:15)

Erteki biz.


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Erteki biz.
Atayewa (Düýn, 16:14)

Biraz temany uytgedeyin


🙂zyndany nädip zyýarat edip bilerin?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Biraz temany uytgedeyin
Kesxa (Düýn, 13:32)

Erteki biz.


Awtoryň at-familiýasy kimkä?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Erteki biz.
Baron (Düýn, 09:18)

Erteki biz.


Tűweleme. Űstinlik...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Erteki biz.
@menin_dunyam (Düýn, 09:17)

Seniñ űçin


haladym gowy eken mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Seniñ űçin
Ayjahan (Düýn, 08:47)

Seniñ űçin


Mätgurban barada gysgaça maglumatlar ýazaýyñ, tanasym gelýär. Hem-de goşguly kitaby barmy?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Seniñ űçin
Gerceknazar (Düýn, 06:21)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика