Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
@menin_dunyam : Aÿralyk bu tăze bir sahypañ başlangyjydyr. @menin_dunyam

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Birden
 Täzeje
 Agzamen [off]
 01.12.2024 / 03:44

Men birdenem goňşumuzyň towuk keteginde özüme geldim. Soňra täzeden uka gitdim. Gözümi açamda ýumşajyk kürsüde täzeje penjegmiň üstüne kofe döken ýaşajyk gyzjagaza käýäp oturkam oýanandygmy bildim. Men oýanandygmy aňşyramsoň birden käýemämi goýdum. Ýere bakyp duran gyzjagaz otagdan çykyp gitdi. Birdenem meň ofisimiň, has dogrusy uly iş binasynyň 19-njy gatynyň penjiresini döwüp içere Piter Parker girdi. Elbetde, roly ýerine ýetirýän her saparky  Piter Parkerlerden bu gelen başgaçarakdy. Ol hakyky Piterdi. Howwa. Ol gelip meň bilen salamlaşdy. Aýnany döwüp içere gireninde onun egnini aýna gyýylçaklarynyň biri kesip geçen eken. Men ýarasyna elimi goýup göresim gelýärdi. Şeýle bir isleýärdim. Ýöne ol garşy çykdy. Men bolsa onyň kellesine ýumrugym bilen bir "urgy" berdim. Çaşdy. Soňra ganyna barmagmy degirdim. Näme üçindir şol wagt Piter ümürlendi-de gözümiň öňünden ýok bolup gitdi. Soňra ýangyn söndüriji işgärler ofisimiň otagnyň gapysyny döwüp içere girdiler. Men "Ýangyn barmy?" diýip, olaryň yzy bilen bile giren ýaňky ýaş gyzjagazdan soradym. Olam "Ýok,  Odur Budurowiç bular siziň bilen gyssagly ýagdaýda görüşmek islediler. Menem ol şu wagt işli diýdim. Bularam ine şeýdip içere girdiler" diýdi. Ýangyn söndürijiler "Biz bu ýere batbörek gözläp geldik" diýdi. Ýaňy bize Wäňkbaýewiň öýünde ýangyn döränligi hakynda habar berdiler. Bizem haýdan-haý batböregmizi aldyk-da ýangyn bolýan öýüň golaýna gelip uçurmaga başladyk. Birdenem asmanda gaýmalap ýören bir samsyk dört göz oglan elindäki jadyly taýajygy bilen biziň batboregmizi nyşana alyp bir zatlar diýdi. Şondan soň biziň batböregmiz siziň ofisiňiziň penjiresini döwüp içere girdi. Bize batböregmizi gaýdyp beriň. Biz oýnumyza dowam etmeli. Wagtymyz çäkli. Günortanlyk arakesmede Wäňkbaýewiň öýüni söndürip ýene şol ýerde arakesme gutaransoň oýnumyza dowam etmeli. Men olara bar zady düşündirdim. Olar ynanmadylar. Batbörekleri bilen Piter Parkeriň arasynda dag bilen deňiz ýaly tapawut bardygyny aýtdylar. Soňra olaryň içlerinden biri "Men häzir ony alyp geleýin!" diýip Piteriň gelen ýerinden, äpişgeden özüni ýere oklady-da 10 minut geçenden soň Şerlok Holms bilen bilelikde ofis otagymyň gapysyndan içeri girip geldi. Şerlok maňa garap "Syçanlar haçan pişikler bilen itler hakda gybat edýändiklerini bilýäňmi?" diýdi. Men bolsa "Ýok" diýdim. Samsyk Holms "Bu günäkär. Sebäbi, ol, Täze ýyl arçasyny bezänlerinde iň depesine ýyldyzjyk goýulanok diýip aýtdy" diýdi. Soňam olam äpişgeden bökdi. Bökmezinden öňürtem "Muň günäkärdigine hemmäňiz şaýat. Sebäbi bu hemmäň gözüniň öňünde  arça bezeginiň esasy kanuny bozjak jümleleri aýtdy ahyryn" diýdi. Soň ýangynsöndürijileriň biri meni sag aýagymyň injiginden tutdu-da ýere serip äpişgäň golaýna süýräp eltip zyňyp goýberdi. Men ýere patlap düşdim. Soňra bulutlaryň üstünde oýandym. Ýanymda bir oglanjyk uçup barýardy. Men ondan "Ýangyn söndürüjileriň batböregini ýoklan oglan, sen, şolmy?" diýip soradym. Ol "Ýok" diýdi. "Seni aldadylar" diýdi. "Sen nähak töhmet bilen äpişgeden atyldyň" diýdi. Men bolsa bilýänligmi aýtdym. Barynada Holmsyň samsyklygy sebäp boldy diýibem sözümiň üstüne goşdym. Oglanjyk howada pyrlandy. Hezil edip güldi. Iň uly günäkär Holms däl-de goňşymyň towuk ketegidigni aýtdy. Soňra men ondan kimdigini soradym. "Piter" diýdi. Ýöne kerep bilen uçýan Piter däl-de Piter Pändygny aýtdy. Ondan nirä barýanlygymyzy soradym. "Meň Jennetime!" diýdi. Biz ýyldyzyň içine girdik...

  22.12.2023ý
Edepli Gödek


95

15

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 01.12.2024 / 08:32

+1

Biz ýyldyzlaryñ içine girdik. Bir ýyldyzyñ üstünde uzyn aýaklaryny aşak sallap oturan , eli galamly Gerçeknazara gözüm düşdi. Ýanyna baryp dertleşdim:
-Sen bärde näme işleýäñ ?
-Göreñokmy, goşgy ýazýan.
-Başga ýer tapmadyñmy?
-Şu ýerde ylham gelýär. "Men goşmak sen" goşgumam şu ýerde ýazdym. Ýürekdeş saýtynda goýduma okamadyñmy, ýa okap bereýinmi?
-Ýo duraweri , goşgudan şo saýtda bizar, bärdebir arkaýyn uçaýyn.
-Onda özüñden gör şu gün konfrensiýa gijesine geljekmi?
-Öñünden söz bermäýin ýere düşenimde baraýmasam
-Piter Pänem gelýärmi?
-Ýok ol goşgy bilenok
-Borda sag boluñ, sag aman uçuñ!
-Bolýar sag bol
Soñra biz Gerçeknazardan daşlaşdykda başga bir dünýä düşdik...

(01.12.2024)

İlkiyazar SONRAPOZAROW.

(Menem özümi hekaýa goşaýyn


Täzeje
Maksat  (01.12.2024 / 09:24) 

Gerceknazar, Konf etseniz dinlap oturjak menem

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Şugün, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Şugün, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Şugün, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Şugün, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Şugün, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Şugün, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Şugün, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Şugün, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Şugün, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика