Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dinush : Gidecegini bile bile SeVdiM #DinusH#

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Sen gideliñ, demirgazyk kősenÿăr
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
 01.12.2024 / 23:30
 Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM

Sen gideliñ demirgazyk kösenýär,
Ýoklugñy içine sygdyryp bilmän.
Gijelerne ukysyndan kesilýär,
Aýy öz wagtynda dogduryp bilmän.

Baglaryñ ýapragny ýolup gutardy,
Bir-de "gelýär" çykdy, bir-de "gelenok".
Kä gorkýanam şu yzyñdan gider diýp,
Hälem ülkelere beýtmek bolanok.

Sen gideliñ, daglañ asla görmedik,
Derdin çekýär demirgazyk gyrlary.
Olar maña hüññürdeýär göwün edip,
Başarmamsoñ gitmezlige yrmagy.

Ony bir görsediñ, boýnuny burup,
Gulak asman göwünlige, tesellä.
Men-ä çydap ýörün sözümde durup
Ÿőne sensiz demirgazyk kősenÿăr.

Mătgurban MĂTGURBANOW


129

17

2

8

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 02.12.2024 / 01:11

+1

"Sen gideliñ demirgazyk kösenýär" şu sözüñ manysyna hiç düşünip bilmedim. Düşenñiz bar bolsa aýdaýyñ . Örän syrly goşgy , gowy gördim.


Özümiziňki
Hyyalbent  (02.12.2024 / 01:17) 

Gerceknazar, Daşoguzla Mätgurban


Täzeje
 (02.12.2024 / 01:27) 

Gerceknazar, Demirgazyk deñdir Daşoguz, Daşoguz deñdir Demirgazyk


Gerekli
@menin_dunyam  (02.12.2024 / 04:40) 

Gerceknazar, manysy syrly dăl aslynda. S.Tűrkmenbaşy etrapda gyrlar bar. Ÿagny demirgazyk tarapda ÿerleşeni űçin ÿazylan.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Şugün, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Şugün, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Şugün, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Şugün, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:39)

Lolular


Soz yok gowy goshy eken yone indikide loly ayallar barada goyaysanyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:27)

Lolular


Name ucn loly erkekler dine Hany loly ayallar barada yokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:26)

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi


Tizräk çykaýsa şo programma...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Sasiyona (Şugün, 20:13)

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi


Şu günler daşarda ýatýan welin, güjikler üýrip bizar etýär. Şolara baryň ýok boluň diýip düşindirip bolaýsaha... ))) Näme diýänine düşinsegem bir...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Fantom (Şugün, 19:33)

Yatkeslik


Öňem okapdym şuny. Çaga kiçilikden gymmat daşy demir gapyrjakly malyş idirseň, akly üýitgeşik bolýan ekeni. Beýleki çagalardan saýlanyp durow gep...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yatkeslik
Fantom (Şugün, 19:27)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика