Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Kalbimde yaşıyorsun ama kiranı vermiyorsun. Nasıl olacak?
Watan hakda sözläli
Öwreniji Kesxa [off] 03.12.2024 / 20:31 Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
Ýaponlarda telewizor arzanmyş,
Atyrlaram arzanmyka Pereňde?!
Satyjylar nähilikä o ýerde,
Nädýälerkä artygrajyk bereňde?!
Hytaýda mahmallar bolmuka şeýle,
Meksikada daglar beýik-pesmikä?!
...Ine, şeýle,
üýşüp meýlis başynda,
Bähbit gözleýän kän,
gaty sesli kän.
Zerurmyka hytaýlylaň mahmaly,
Zerurmyka anbar saçýan atyrlar?!
Bir zada düşüniň: özgäniň zady,
Özgeleri bal gününe batyrmaz.
Ine, men aýdaýyn Meksika hakda,
Daglary bar, howasy däl ýaramaz.
Paýtagty- Mehiko, owadan şäher,
Ilaty-da on milliona barabar.
Belkem, bu zatlary bilsek gowudyr,
Ýöne, gutarylyň soňsuz jedeli.
Gowusy, il hakda, Watanmyz hakda,
Gulaga ýakymly söhbet edeliñ.
©Çary Ýegenmyradow
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Lolular
Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye.
Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...
dowamy...Lolular
Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....
dowamy...Lolular
Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone
Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim
( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...
dowamy...Lolular
Soz yok gowy goshy eken yone indikide loly ayallar barada goyaysanyz...
dowamy...Yatkeslik
Öňem okapdym şuny. Çaga kiçilikden gymmat daşy demir gapyrjakly malyş idirseň, akly üýitgeşik bolýan ekeni. Beýleki çagalardan saýlanyp durow gep...
dowamy...
Ýokaryk