Çaga boldum, aýnadyldym, a:m galdym,
Ýogsa oňat dostlar eçildi heňňam.
A soň ruhum öçüp, diňe ham galdym
(Köňlümiň çüňkünde birgeňsi jeň bar).
Bilmesemem ömrüň haýsy güýzüni
ýaşaýanym,
Ýaşaýaryn häzir-ä.
Söýdüm dünýäň iň owadan gyzyny,
Eltdi söýgim “Bagt” atly dälize.
Ömür ak-garadan ybarat eken,
Ilki meňzese-de älemgoşara.
Hatda kynçylygam mübärek eken
Dostlaň ädimine ädim goşara.
Ömür meňzeş ömrüne şu gülleriň,
Dünýe... güllenilýär, a soň solunýar.
Her näme-de bolsa, geçen günleriň
Hatyryna dostdan razy bolunýar.
Bir ýa has köp ädim süýşmegim üçin
Umyt kän, bolaram heniz-henizler!
Ýöne, näme, adamçylyk...
Barybir
edenu-etmedik işlerim üçin
Menden razy bolaweriň, ezizlem!
Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye.
Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone
Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim
( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Şu günler daşarda ýatýan welin, güjikler üýrip bizar etýär. Şolara baryň ýok boluň diýip düşindirip bolaýsaha... )))
Näme diýänine düşinsegem bir...dowamy...
Öňem okapdym şuny. Çaga kiçilikden gymmat daşy demir gapyrjakly malyş idirseň, akly üýitgeşik bolýan ekeni. Beýleki çagalardan saýlanyp durow gep...dowamy...