@Anora | YekeTak.Ru">
@Anora | YekeTak.Ru">
@Anora | YekeTak.Ru">
@Anora | YekeTak.Ru">
Erteki biz. | YekeTak.Ru
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Söýülmek umydy bilen söýmek ynsanlara mahsusdyr, emma garşylyksyz söýmek diňe enelere hem-de perişdelere mahsusdyr...
Erteki biz.
Täzeje Anora [2m]
04.12.2024 / 09:07
Bilýäňmi ikimiz şeýle erteki,
Bir bar soňam hemişelik ýok eken...
(Aşyr Hanow)
Täsin wakalara ýugrulan ykbal,
Seret bizi aýry ýola bölüpdir.
Gysga gelen bu ullakan bagtymyz,
Täsin erteki dek ýatda galypdyr.
Bu ertekiň gahrymany ikimiz,
Artykmaç keşipler döremän eken.
Seret biz şeýle bir täsin erteki,
Bir okasaň ýatda saklanýar eken.
Sahnalar bezelen gyzyl göz ýaşa,
Göz ýaşymyz suwaryp dur gülleri.
Ösgün däl asgyn däl adaty şemal,
Seret aýryp barýar mäkäm elleri.
Bir bar eken, hawa hawa henizem,
Ýaşaýarmyş şol ertekä ynanyp.
Asyl-a şol soňky duşuşykdan soň,
Gülmegide unudanmyş gynanyp.
Garaz durmuş synar eken her kesi,
Hasratly, gaýgyly, göz ýaşly az kem.
Bilýäňmi ? ikimiz şeýle erteki,
Bir bar soňam hemişelik ýok eken...
@Anora
Teswirler:
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 04.12.2024 / 09:17 +1 Tűweleme. Űstinlik
Gytyndan Baron [off] “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...” 04.12.2024 / 09:18 +0 Awtoryň at-familiýasy kimkä?
Täzeje Seyfeddin (04.12.2024 / 15:06) Baron , Anora Äzemetowa
Özümiziňki Gerceknazar [off] Kanagatly bende baýdyr soltandan 04.12.2024 / 19:19 +0 Tutuş goşgudan iñ ýokarky ikije setiri has haladym.
Soňky teswirler
Lolular Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye.
Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya ...
dowamy... Lolular Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan. ...
dowamy... Lolular Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone
Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim
( Kabir erkeklere degisli ) Diyip ...
dowamy...
Ýokaryk