Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
HAKYKAT : Ejiz gunundede yylgyrmagy bashar sebap gynananyn bilen uytgeyan zat yok

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Şohol könölördön-laý(t)
 Öwreniji
 Kesxa [off]
 05.12.2024 / 09:30
 Amorf we metamorfoz, oňatlyk.

Jyn örän rahatdy. Sorady:
-Näçe ýaşyňda sen?
-30
Diýdi Kendyn.
-Ýagny 5
Diýip düzetdi Jyn. ... ikinji soraga geçdi Jyn:
-Adamlar ortaça näçe ýyl ýaşaýar?
-60
Diýdi Kendyn.
-Ýagny 10
Diýip düzetdi Jyn. Kendyn bir matematika mugallymynyň okuwçysyna käýeýän ýaly äheňde gürledi Jyna:
-Sen nähili Jyn? Kermi ýa sen? 30 diýsem 5, 60 diýsem 10 diýýärsiň...
Jyn mugallymyndan eşden käýinjini äsgermeýän okuwçynyň "Seniň maňa gerek ýeriň ýok!" Diýýän ýaly seredip bir zat teklip etdi:
-jyk jyk jyk... Ker zat däl men. Sen hasap bileňok. Isleseň gel bile hasaplaly.
Kendyn özüniňkiň dogrylygy barada birjikde şübhelenmän sesin çykarman diňleýärdi. Jyn dowam etdi:
-15 ýylyňy çagalygyňda geçirýäň. Şu wagt sorasam bir zadam ýadyňa düşmez. Ýalanmy?
-Dogru
Diýdi Kendyn, bu hasabyň nirä gidýänine düşünmän.
-15 ýylyňam akur-şukur zatlar bilen geçirýäň,
Diýip dowam etdi Jyn. Kendyn "Nähili akur-şukur işleri aýdýarsyň" diýip sorady kellesini 30 gradus saga aýlap. Jyn galan ýerinden badyny ýatyrman gürlemegini dowam etdirdi:
-Ýagny biderek telewizor gepleşikleri, sanly älemde birhili gözlegler, dereksiz oýunlar, samsyk samsyk diýaloglar, netijesiz jedelleri aýdýaryn. Jemi 30.
-Aha?
Diydi Kendyn
-Her gün 8 sagat ukyda geçirýäň, günüň üçten birini... bu ýaşaýan 60 ýylyň 20 ýylyny ukuda geçirýäň diýmek. Ýaňky ýaşamadygyň ýada ýaşaýansyň öýden 30 ýylyňam goşsaň 50 bolýar. Ortaça ömrüň 60 ýyl. Aýyr indem 60 dan 50 ni, näme galýar?
Jogap berip bilmedi Kendyn Jynyň tizräk netijä gelmegine garaşdy. Jyn hem netijä geldi:
-10... diýmek islänim sen bary ýogy 10 ýyl yaşayan 60 ýyllyk ömrüňde. 30a 5 60a 10 diýmegimiň sebäbem şondandy. Diýmek men ker däl sen hasap bileňok.
Jynyň aýdanlaey bilen isleginiň baglanşygyna düşünmedi Kendyn.
-Ola şeýle bolsa bularyň meniň ömrümiň uzamagy bilen näme baglanşygy bar?
... Jyn hem şol soraga garaşýan ýaly gürrüň berip başlady:
-Derrew düşündireýin: Ine sen hemme ýönekeý adamlar ýaly edip günde 8 sagat deregne 4 sagat ýatsaň her günde 4 sagagt wagt gazanarsyň. Bul hem 60 ýyldan 10 ýyl diýmek. 60 ýyl ýaşaýanyň öýdýän ömründe 10 ýyl ýaşaýan bolsaň, bu gazanan 10 ýylyňam goşsan 20 ýyl ýaşadygyň bolar. Ýagny iki adam ömrü... Senem mende 2adam ömrüni ýaşaryň ýaly etmegimi islediň. Gördüňmi? Bu seniň edip biljek zadyň eken. Hany onda sag otur men ýöredim!
Kendyn humarly oýunda bar mal baýlygyny ýitiren nesibesiz oýunçy ýalydy...

Erdal Demirkyran "Diňe samsyklar 8 sagat ýatýar" romanyndan bölek.
Gödek Terjimäniň eýesi keshaXcopyright 2024 ähli hukuklary goralan.


117

17

2

1

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Seyfeddin [off]
 05.12.2024 / 11:50

+0

Erdal Demirgan türkmençe bilenokdyr diýip umyt edýatyrmän


Öwreniji
Kesxa  (05.12.2024 / 11:58) 

Seyfeddin, ?bilse erbedem däl ýaman etse ilki diýişers, soňam aga-ini bolars


Täzeje
Seyfeddin  (05.12.2024 / 13:04) 

Kesxa, Maladis Atabaý

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 05.12.2024 / 19:33

+0

Xűmm.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)

Wada


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Wada
BAYOGUL (Şugün, 07:06)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Hmmm bolupdyr nesip etsin herkiminki...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Aixcam_nx (Şugün, 02:19)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bize netijani aydypsyn bashymyza yapalymy inni alan ballarnyzy manatlarnyzy. Opshy hemme agza bilen gechirmeli yaryshy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
rexha (Şugün, 00:42)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Haçan, nirede we nädip okadyňyz? Nirede diňlemeli okalanlary?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Gulmahrem (Şugün, 00:38)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Yenijileri alan sowgatlarynyz bilen gutlaryn indiki yaryşlarda beyleki agzalar sizide ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Sebap (Şugün, 00:12)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Okuwçy döwrüm Edebiýatdan bir temany tutup wagt goýup çalt okamakdan ýaryşýadyk sözme sözünem sanaýadyk, şol ýadyma düşdi welin gowudy sebäbi men...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
State (Düýn, 23:47)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Menem ulalsam gatnasjak...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Bezzat (Düýn, 23:24)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Menden kop okan yok shu wagda chenli)) siz nadip yaryshdynyz?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Mahri (Düýn, 22:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика