Goşgydeýt
Täzeje
Agzamen [off]
06.12.2024 / 06:18
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok,
Men saňa ýekeje söz diýjek, gülüm.
Täleýimiň baharynda açylsaň,
Gyş aňzagyna-da döz diýjek, gülüm.
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok,
Şoň üçin ýok saňa üýtgeşik sözüm.
Ýüregim maňzyna bolmandy ýeten,
Ýöne sen-ä...
Mümkin deşendir gözüň.
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok,
Bar söýgi sözlerniň möwrüti geçen.
Hany, toýam edip göreýli, belkem
Gelnini del sözde öwgülär ejem.
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok,
Käte gaharlansam aýdaryn bilmän
Ömrüňe tama etmedikleriňi.
Haýyşym,
şo zaman bagyşlap goýber
Kalbyňy dilmän...
Edepli Gödek
Agzamen [off]
06.12.2024 / 06:18
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok,
Men saňa ýekeje söz diýjek, gülüm.
Täleýimiň baharynda açylsaň,
Gyş aňzagyna-da döz diýjek, gülüm.
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok,
Şoň üçin ýok saňa üýtgeşik sözüm.
Ýüregim maňzyna bolmandy ýeten,
Ýöne sen-ä...
Mümkin deşendir gözüň.
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok,
Bar söýgi sözlerniň möwrüti geçen.
Hany, toýam edip göreýli, belkem
Gelnini del sözde öwgülär ejem.
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok,
Käte gaharlansam aýdaryn bilmän
Ömrüňe tama etmedikleriňi.
Haýyşym,
şo zaman bagyşlap goýber
Kalbyňy dilmän...
Edepli Gödek
![]() 134 |
![]() 11 |
![]() 2 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)