Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Seniň üçin ölmek bolsa ykbalym Ykbalymyň ellerinden ogşaryn...
MYRAT BILEN GÜLÄLEK
Gytyndan Baron [off] 11.12.2024 / 09:29 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Ýoluň öwrüminde dur äpet gaýa,
Göýä dünýämize bergili ýalak.
Iri harplar bilen ýylçyr göwsüne
Ýazylypdyr “Myrat bilen Gülälek”.
Adatdaky ýaly gündi ol günem,
Dünýe parahatdy, durudy asman.
Göýä gözellige gark bolan ýaly,
Durdy bu gaýada iki ýaş juwan.
Ah, olaň arzuwy niçiksi giňdi...
Ýigit başarmandy pikirin jemläp.
Diňe şeý diýipdi gysgajyk sözde,
Gyzyň ýogyn saçlaryny gysymlap:
— Sen meňki bolarsyň...
Toýumyz bolar,
Bu gözleri öperin men ömürlik.
Bize sorag galar ajap ýyllardan,
Eşretli ýaşaýyş hem mydam birlik...
...Şonda gyz gülküsi daglara dolup,
Batly ýaňlanypdy jadyly ýalak.
Hawa, şol gün ýazylypdy bu ýazgam,
Iri harplar — “Myrat bilen Gülälek”.
Olaryň duýgusy gözeldi şeýle,
Durmuş!
Romantika!
Gaýgy-gam ýa:tdy,
Aýralyk diýen zat ýatlanylmazdy.
Ol söz söýülmeýän, elhenç bir zatdy.
Emma olar duşuşmandy şondan soň,
Ýigit urşa gitdi, aýralyk geldi.
Diňe ýylçyr goja gaýaň ýüzünde
Umytly ýazylan ýazgylar galdy.
Ýoluň öwrüminde dur äpet gaýa,
Delminip, birine garaşýan ýalak.
Iri harplar bilen ýylçyr göwsüne
Ýazylypdyr “Myrat bilen Gülälek”.
©Annasoltan KEKILOWA
Teswirler:
Gerekli @menin_dunyam [on] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 11.12.2024 / 09:50+1Ÿetirip dur
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk