Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Gozeljik : Gozeli gozellesdiryan edebidir edep bolsa gozeli soymage sevapdir.... #.Aknabat

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gözelligiñ gözleginde (kitap)
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 11.12.2024 / 17:39
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

SÖZBAŞY.

Gör nähili gowy kalba sygmadyk
duýgularmy seniñ bilen paýlaşýan.

Salam hormatly okyjym ! Eger siz täsirli goşgy setirlerden täsirlenip, şirin şygyrlardan ruhy lezzet alyp, jaýdar jümlelerden gana-gana ganatlanmak isleýän bolsañyz ,onda "Gözelligiñ gözelligine" atly poeziýa dünýäsine hoş geldiñiz ! Bu ýerde siz Gerçeknazar Amannazarowyñ döredijilik dünýäsine syýahat edersiñiz. Ilki bilen özüm bilen tanyşdyrsam ,men 1996-njy ýylyñ iýul aýynyñ on dokuzynda , Ahal welaýatynyñ Gökdepe etrabynyñ Isberden obasynda ýagty jahana geldim. Durmuşymda känbir çylşyrymlylyk ýok. Hemmeler ýaly ýedi ýaşymda, 2003-nji ýylda Isberden obamyñ 8-nji orta mekdebine okuwa girýän. Okuwy gutarybam 2014-nji ýylda watan goragyna gidýän. 2016-njy ýylda watan goragyndan gelip obada işleýän. Talyp bolmak bagty miýýesser etmän 2022-nji ýylda öýlenýän. Dogry meniñ durmuşymdan närza bolmaga hakym ýok. Hudaýa şükür janymyz sagat, ýurdumyz erkana, maşgalamyz abat. Ejem, kakam , iki sany erker doganym , gelnejem , jigilerim, gelnim , birem oglum bar. Aslynda awtora özi barada maglumat bermek zerur hasaplanmaýar. Sebäbi şonsuzam onuñ ýazan goşgulary, golýazmalary awtor barada kän maglumatlar berýär. Şonuñ üçin sizem men barada galan maglumatlary goşgularymdan okap bilersiñiz. "Guş ganatsyz bolmaz , adam arzuwsyz" diýlişi ýaly arzuwsyz ýaşap bolarmy ? Arzuwsyz-durmuş manysyz. Arzuwlaryñ gutaran ýerinde ýaşaýyşam soñlanýar. Elbetde menem çagalygymdan bäri her dürli arzuwlar ederdim . Şol arzuwlarymyñ birisi goşguly kitap ýazmakdy. Ol goşguly kitabyma "Gözelligiñ gözleginde" diýip at goýasym gelýärdi. Ol kitabymda çagalygymdan bäri ýazan iñ gowy goşgularymy jemläp, ähli duýgularymy, gaýgylarymy, şatlygymy, ýüregimdäki sözlerimiñ iñ ajabyny şol kitabyma siñdiresim isleýärdim.

Goşant goşup ösüşleriñ bagyna,
Ajaýyp bir kitap ýazyp bilsedim.
Abraý goşup şöhratyma-adyma,
Goşguly bir kitap ýazyp bilsedim.

Bu kitaby "güýmenje" diýp ýazamok,
"Halkym okap güýmense" diýp ýazamok,
Bu meniñ wezipäm, şoña dözemok,
Bolmanda bir kitap ýazyp bilsedim.

Alla ýardam berse bolar hemme zat,
Gazansam dünýäde abraý hem a:t,
Ölsem il-günüme bolmaz ýaly ýa:t,
Üýtgeşik bir kitap ýazyp bilsedim.

Şahyr elmydama gözelligiñ gözleginde. Şahyr bu gözel dünýäden gözellik gözläp, şol gözellikleri kagyzyñ ýüzüne siñdirmäge başlaýar.

Maksatlarmyz aýdyñ, ýollarmyz aýdyñ,
Ýurdum deý erkana ýurt barmy aýdyñ ?!
Golumyzda kitap ,dilmizde aýdym,
Hem-de gözelligiñ gözleginde biz.

Aslynda şahyryñ wezipesi näme ? Goşgy ýazyp pul gazanmakmy ? Ýa  döredijilik boş wagtyñ gyzykly güýmenjemi ? Ýa-da haýsydyr bir çärede çykyş etmek üçin söz owadanlamakmy ?!

Biziñ wezipämiz ýagşyny ýaýyp,
Ýamanlañ niýetin etmeli gaýyp,
Şygryýet dünýäsi neneñ ajaýyp?!
Şeýle gözelligiñ gözleginde biz.

Eziz okyjylarym! Elbetde bu şygryýet şalygymda çaga duýgulary, ýetginjeklik ýelginlikleri bolmagy we dürli kemçiliklerden halas bolmazlygy tebygy ýagdaý.  Ruhy halypam Magtymguly Pyragynyñ "Bäş ýylda bir kitap eden işimiz" diýip agzaýşy ýaly , bu kitapda men çagalygymdan zehin zähmet siñdirdim. Kitapdaky ençeme ýalñyşlyklar üçin öñünden ötünç sorap, çagalygymdan bäri çeken azabym, siñdiren zähmetim siziñ göwnüñizden turar diýip umyt edýärin.

Gerçeknazar ile ýagşylyk etde,
Ussatlardan görelde al esetde,
Gol gowşuryp durmaýarys bir çetde
Mydam gözelligiñ gözleginde biz.

***

GÖZELLIGIÑ GÖZLEGINDE.


Galamdaşlar!
Biz täsin dünýä düşüp,
Mydam gözelligiñ gözleginde biz.
Duýguly dünýäde ýaşaýas joşup
Şeýle gözelligiñ gözleginde biz.

Maksatlarmyz aýdyñ, ýollarmyz aýdyñ,
Ýurdum deý erkana ýurt barmy aýdyñ ?!
Golumyzda kitap ,dilmizde aýdym
Hem-de gözelligiñ gözleginde biz.

Biziñ wezipämiz ýagşyny ýaýyp,
Ýamanlañ niýetin etmeli gaýyp,
Şygryýet dünýäsi neneñ ajaýyp?!
Şeýle gözelligiñ gözleginde biz.

Gerçeknazar ile ýagşylyk etde,
Ussatlardan görelde al esetde,
Gol gowşuryp durmaýarys bir çetde
Mydam gözelligiñ gözleginde biz.

***

"SONLANMAJAK DESSANYM" GOŞGULAR TOPLUMY.

GUTLAG.

Heý sen hakda goşgy ýazman bolarmy ?
Esasanam şeýle ajaýyp günde .
Heý gezmän bolarmy ylhamdan joşup ?
Eziz watanda .

Bu gün toý toýlaýar agzybir halkym ,
Toý toýlaýar bir saçaga jem bolup.
Şanly toýy gutlamaga barýarys ,
Bu gün jemlenip.

Asudalyk höküm sürýän ýurdumda .
Belentde parla sen ýaşyl baýdagym .
Jigerimde janym-Türkmenistanym ,
Gutly bolsun Bitaraplyk baýramyň !

***

ÇÖPLEMEK GALDY.

"Söz meýdanyn oryp gitdi Pyragy,
Bize hoşasyny çöplemek galdy".
Bu gün arzuwyna ýetdi Pyragy ,
Döwletim berkerar,  bagtyýar boldy.

Garaşsyzlyk aldyk ,asmana galdyk ,
Bitaraplyk aldyk, bagtyýar boldyk,
Şeýde-şeýde ajap eýýama geldik ,
Şükür türkmenleriň ýüzleri güldi.

Özgerdik biz gunçaladyk gülledik,
Arkadagly Serdar edip belledik ,
Pyragyň arzuwlap ýetip bilmedik ,
Pyragyň arzuwlan zamany geldi.

***

ARZUWLAN ZAMANAÑ GELDI PYRAGY.

"Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,
Gyzylbaşlar alyp weýran eýledi."

(Magtymguly Pyragy)

Ýürekden ýazylan golýazmalaryñ,
Zulumkeş zamananyñ gurbanymy?
Ençe kitaplarñy derýa zyñdylar,
Olar hakykaty ýa görmänmidi?

Ýa-da duýmanmydy ýürek awusyn?!
Ýa olaryñ daşdanmydy ýüregi?
Emma elden bermän erkiñ, namysyñ,
Halkyña howandar bolduñ Pyragy.

Bu gün kalba şypa şygyrlaryñy,
Türkmen Gurhan kimin aýap saklaýar.
Geçibersin ençe-ençe eýýamlar,
Syrly setirleriñ kalpdan çykmaýar.

Hak saña bagş etdi şeýle hormaty,
Bolduñ köñülleriñ sönmez çyragy.
"Dünýälikden a:t islärem" diýipdiñ,
Bu gün adyñ dünýä doldy Pyragy.

Işledip elde däl sözde ýaragy,
Elmydama dogry sözi sözlediñ.
Zalymlara ajy boldy sözleriñ,
Alymlara süýji boldy sözleriñ.

Uly şatlyk-şowhun bilen belleýäs,
Bu gün üç ýüz ýaşyñ doldy Pyragy.
Bäş welaýat bir saçaga jemlendi,
Döwletiñ berkarar boldy Pyragy,
Arzuwlan zamanañ geldi , Pyragy !

***

WATAN GORAGY.

Ili ýakyp bilmez ýanmadyk adam,
Bilýän, kynçylygam görmeli hökman.
Bar zadyñ gadyryn bilmegiñ üçin,
Olardan uzakda bolmaly hökman.

Gullyk-biziñ üçin iki ýyl synag,
Şol synagdan abraýly geçmeli,
Serkerdäñden aljak bolmaly sylag,
Ýaltalyldan, ýaltalardan gaçmaly.

Watan ejizleri halaýan däldir,
Dogumly bolmaly türkmen esgeri.
Ýurduñy söýmeli ýüregiñ bilen,
Gerek bolsa bagş etmeli bu seri.

(2016)

***

ISBERDEN OBAM.

Biribaryñ nazar salan topragy ,
Kalbymyň buýsanjy Isberden obam.
Gözel görküň haýran edýär köpleri,
Gözlermiň guwanjy Isberden obam.

Şehitleriň gany siňen ýaýlaňa,
Janym, ruhum aýlanyp ýör gaýbana,
Ýaş ýüregim gelýär bu gün heýjana,
Köňlimiň buýsanjy Isberden obam.

Ömümiň örki sen ,dünýämiň görki,
Jan-jiger ,baýlygym ,bar zadym seňki,
Gözlermiň garasy ,ýüregmiň erki,
Erkana topragym Isberden obam.

Gaýrasyna Amyderya çekilen,
Ilersine bag-bakjalar ekilen ,
Adyň öwülýäniň ady dakylan,
Gudrat,keramat sen Isberden obam.

Wasbyňy sözlesem ajap heň bilen,
Gür baglygyň gülzarlyga deň gelen,
Gaýgysyz günlerim geçdi seň bilen,
Mähriban topragym Isberden obam.

Toý güninde gaýgy-gussa ýat bolar,
Şatlyk-şowhun bütin oba ýaň salar,
Ýas güninde öten -geçen ýatlanar,
Haýyr sahawatly Isberden obam.

Atalarmyz bardyr pähimli pentli,
Enelermiz bardyr arassa kalply,
Ýigitleri merdem ,gyzlary görkli,
Ýaşar seň goýnuň Isberden obam.

Gerçeknazar sözleseň seň tarypyň,
Goşga sygmaz ölmez ýitmez taryhyň,
Gunça güller bark urup dur bar ysyn,
Tükenmez tarypyň Isberden obam.

***

Ýaşlygymyñ bahary (sonetler çemeni)

"Ýaşlygymyñ dessany" döredijilik bäsleşigine.

1.

-Salam eziz syrdaşym,ýagdaýlaryñ ýagşymy?!
-Salam, ýene geldiñmi, sylsana göz ýaşyñy?!

-Bu göz ýaş däl bagt ýaş, buýsanç akýar gözümden,
-Bak bagtyýar halkyma,nur dökülýär ýüzünden.

-Gül diýaryñ waspyny ýene wasp edip joşýar,
-Gör ,Arkadag Serdarly bolan bagtyýar ýaşlar.

-Menem bagtyýar ýurduñ bagtly raýaty bolup,
Ýaşaýaryn, ýazýaryn eziz ýurdumy söýüp.

-Beýan etjek hekaýam,"Ýaşlygymyñ bahary."
-Durmuş manyly bolar,dertdeşiñ bar mahaly.

-Bir başlasam joş alar sonetleriñ dowamy,
-Uçgundan tutaşan o:t, añsat-añsat sowarmy?

-Bahar kimin jomart bol, ýagdyr siññin ýagşyñy,
-Synlasana sözleriñ ýagyş ýaly ýagşyny.

2.

-Synlasana sözleriñ ýagyş ýaly ýagşyny,
-Sebäp sungatly diýar, şahyr,ozan,bagşyly.

-Owadan tebigata ilki berip salamy,
-Ýaz şahyr ,alyp ele kagyz bilen galamy!

-Göwünli giñ meýdana göýbereýin erkimi,
-Wasp edeli galkynyp gül diýaryñ görküni.

-Gyşdan iren sapaly , ýaýlalarma ýaz gelýär,
-Bahar bize "Joş urup, şirin şygyr ýaz" diýýär.

-Her ýylda bahar pasly, sähram misli lälezar,
-Behişdim bägül ysly , ol firdöwse meñzeýär.

-Gözel ülkäm görkana , gözellige örän baý,
-Gözel ülkäm erkana, saña asla bolmaz taý.

-Görseñ behişt baglaryn, aby-köwser derýañdyr,
-Gezseñ belent daglaryn dertleriñe dermandyr.

3.

-Gezseñ belent daglaryn dertleriñe dermandyr,
-Diñle ýürek daglaryn, daglañam dagy bardyr.

-Synlasana daglary, durşy bilen gözellik,
-Duý sen ajap çaglary, gör nähili hezillik.

-Çykyp dagyñ gerşine tebigaty synlaýan,
-Bu owadan ýaýlany heý bolarmy synlaman.

-Gör ne ajaýyp dünýe, gör ne ajaýyp asman,
-Ýaýnaýaryn ýaýlañda ýene ýüregim gysman.

-Neneñ ýüregiñ gysjak,synlap seleñ sährany,
-Görseñ gözüñ gamaşýar arassa gök asmany.

-Bahara aýdym düzüp serçejikler saýraýar,
-Ýaşyl ýaýlada ýaýnap owlajyklar oýnaýar.

-Ýazsañ uzyn romanym hem-de ömür kyssamdyr.
-Ýaz sen watanyñ waspy soñlanmajak dessandyr.

4.

-Ýaz sen watanyñ waspy soñlanmajak dessandyr.
-Şygyrlamasam seni içim doly armandyr.

-Gelseñ göwnüñ galkynýar,ýakymly ýaz howasy,
-Serhoş seriñ sämedýär , sermest gülleriñ ysy.

-Görseñ täsin tebigat, tukat göwnüñi açýar,
-Al-asmandan lowurdap Güneş nuruny saçýar.

-Arassa açyk howa, aýlansań niçik gowa,
-Çagajyklar şatlanyp hanha düşýärler suwa.

-Eşdilýär serçeleriñ , bagda erkana sesi,
-Ýañlanýar çagalaryñ ýene şatlyk gülküsi.

-"Eýsem bagt nämedir" diýip sorama menden,
-Diýsem bagta garp bolup ýaşalýandyr bu günler.

-Bu setirler goşgy däl köñlümiñ buýsanjydyr,
-Watanyñy wasp etmek şahyrlaryñ borjudyr.

5.

-Watanyñy wasp etmek şahyrlaryñ borjudyr,
-Çünki bu syrly durmuş şonuñ bilen süýjüdir.

-Terje otlar tans edip iki ýana yranýar,
-Asuda gözel ýaýlam al-ýaşyla bürenýär.

-Şadyýan kebelekler gülden-güle pyrlanýar,
-Dagdan inen çeşmeler akdygyça durlanýar.

-Erkana hem görkana gülzaryma döneýin,
-Bal suwundan goşawuçlap-goşawuçlap ganaýyn.

-Jana melhem eçiler , şypaly bu çeşmeler,
-Kalba ylham seçiler gelip, düşläp geçseler.

-Şol çeşmäniñ boýunda ylhamlanyp bu gün men,
-Ýüregimi ýazýaryn joşup, gaýnap göwünden.

-Ýüreginden syzdyryp şahyr sözün diýjidir,
-Sebäp senli günlerim süýjidenem süýjidir.

6.

-Sebäp senli günlerim süýjidenem süýjidir,
-Gaýnap dursa gazanym galkynyşyñ güýjidir.

-Daglaryñ garşysynda durup dyzyma çöküp,
Oturyn şol daglaryñ gözel suratyn çekip.

-Açyk gökje boýaga boýalypdyr bu daglar,
-Öz ýaşyl geýimini geýinipdir bu baglar.

-Gör döredibermeli ajaýyp täsin sungat,
-Tebigatym bagş edýär bize günde bir surat.

-Çek suratyn goşguda ak kagyza geçir sen,
-Ine surat, ine sungat, gelde ony göçür sen.

-Seni ýürekden söýýän iñ söýgüli mekanym,
-Guşjagazlar saýraşyp çalýar söýgi mukamyn

-Özümi ýitirmäge birje datly söz ýeter,
-Waspyñy ýetirmäge sözlem nedir, söz nedir?

7.

-Waspyñy ýetirmäge sözlem nedir, söz nedir?
-Borjuñy bitirmäge ömür ýetmez, söz ýeter.

-Mukaddes ýurdum hakda ençe goşgy döretdim,
Bu gün bolsa oýlanyp öz-özüme seretdim,

-Ýene ýatan ýerimden "söýýän"diýip gygyrýan,
-Söýýän bolsañ söýgüliñi söýmelidir gygyrman.

-"Söýýän bolsañ gora bol" diýip ýarag bererler,
-Watanyñy söýmegi öwren serkerdelerden.

-Durardym gije-gündiz ýurduñ añry çetinde,
-"Watany söýýän" diýip aýtda indi çekinmän.

-Sakçy boldum sowukda ,yssyda, gar ýagyşda,
-"Eziz ýurdumy söýüp bilmedim"diý"Bagyşla!"

-Bildim watany söýmek juda gara görgüdir,
-Eýsem "Watan" diýmeklik bäş harply sözmüdir?!

8.

-Eýsem "Watan" diýmeklik bäş harply sözmüdir?!
-Bu görýän dünýälerim ,jennetmidir, düzmüdir?

-Gül bagym Köpdtdagym, durşy bilen gözellik,
-Gelde oýna,ýaýna ,saýra,doýma neneñ hezillik.

-Aýlandygça aýañda artýar meniñ ylhamym,
-Eger derde ýolugsam sen bolarsyñ melhemim.

-Ýatsamda ýataýyn men ülkäm seniñ goýnuñda,
-Ýitseñde ýiterin men belkem seniñ goýnuñda.

-Señ saýañda aýlanyp çaga kimin ýaýnaýyn,
-Mymyjak bulutlardan şekil ýasap oýnaýyn.

-Şahyr asla gizlemez ýürekdäki duýgusyn,
-Iñ ajaýyp söýgüdir, bilseñ watan söýgüsi.

-Dillerimde dessanim özgeripsiñ öñkiñden,
-Eý behişdi bossanym synmaz ömür örküm sen.

9.

-Eý behişdi bossanym synmaz ömür örküm sen,
-Arassa al-asmanym dünýä haýran durkuñdan.

-Guşjagazlar saýraýar, köñül joşup gaýnaýar,
-Ýaşyl ýaýlada ýaýnap owlajyklar oýnaýar.

-Durşuna bir gözellek, dilimizde gazally
-Heý jan elek, jan elek, gör nähili hezillik.

-Guwan dostum buýsan sen, buýsanmaga hakyñ bar,
-Gör ne gözel görküñ bar, elleriñde erkiñ bar.

-Aýdylsyn hoş aýdymlar, ýañlansyn şirin mukam,
-Bu durmuşda gamlanyp gezmegin sen elmydam.

-Çaga kimin durmuşdan oýnap hezillik gözle,
-Şahyr gözel durmuşdan mydam gözellik gözle.

-Sen şygryýet bossanym , şygyr kimin erkin sen,
Janym-Türkmenistanym ganma ýokdur görküñden.

10.

-Janym-Türkmenistanym ganma ýokdur görküñden,
-Ömür boýy islänim namys-arym erkim sen.

-Gözüñe nur çaýylar, baksañ ýaşyl ýaýlalar,
-Aýlansañ aýasynda, gamgyn göwnüñ çag bolar.

-Gün nuruna aýna deý , lowurdaýar çeşmeler,
-Şu täsin gözellige ömür boýy teşne men.

-Keşde sen bu kalbymda, janym-Türkmenistanym,
-Tamañy ödäp bilsem , ölsem bolmaz armanym.

-Saňa bolan päk söýgim siñipdir-ä ganyma,
-A gan bolsa aýlanýar, agzalaryñ baryna.

-Bir beden däl diýarym saña ömrüm siñipdir,
-Söz bilen aýdyp bilmen, sebäp sözden beýiksiñ.

-Öwren serkerdelerden watany goramagy,
-Öwren serkerdelerden watanyñy söýmegi.

11.

-Öwren serkerdelerden watanyñy söýmegi,
-"Mukaddes watan" diýip janyñ orta goýmagy.

-Biz watanyñ esgeri , goraýarys watany,
-Watan pederlermiziñ arzuw edip ÿeteni.

-Pederleriñ her sözi bize borçdyr, pentdir,
-Bu topragy goramak bilseñ uly bagtdyr.

-Biz watanyñ esgeri, watanyñ çyn gerçegi,
-Biz watanyñ şu güni hem-de aýdyñ geljegi.

-Türkmen ýigdiñ her sözi özi kimin belentdir,
-Türkmen ýigdi merdana hakyky goç ýigitdir

-Şan-şöhratyñ ýaýylyp dolup töwerek daşa,
-Alkyş aýdýas ýürekden belent Serkerdebaşa.

-Gerek bolsa watan üçin bagş ederis bu seri,
-Çünki soñky deme çen , biz watanyñ esgeri.

12.

-Çünki soñky deme çen biz watanyñ esgeri,
-Çünki asuda ülkäm bagtyýarlyk mesgeni.

-Günbe-günden özgerýär, ösýär eziz diýarym,
-Bagtyýar biz şadyýan , gül goýnunda diýaryñ.

-Tarypyñy etmäge sözläp sözüm ýetmeýär,
-Saña söýgüm ýüregimden asla-asla gitmeýär.

-Bereketdir döwletdir Hydyr gezen topragym,
-Aýa, ynjytma şahyr onuñ birje ýapragyn!

-Sähelçe azap etseñ hazynadyr durşuna,
-Zerurlyk ýok bu ýurtda , ok-ýarag hem gurşuna.

-Bal nanyñdan , bol suwdan kemsiz gandyrdyñ watan,
-Gam-gussaly günleri yzda galdyrdyñ watan.

-Taryhy soñlanmajak günüñ aýdyñ säheri,
-Tarypy soñlanmajak poeziýa şäheri.

13.

-Tarypy soñlanmajak poeziýa şäheri,
-Gülleriñ bar solmajak ýurduñ alabahary.

-Arkadagyñ şäheri göýä ylham gözbaşy,
-Köñülleriñ syrdaşy, baky bagtyñ çür başy.

-Ruhumyzy , göwnümizi galkyndyrýar göklere,
-Gör akylly şäherim, bürenipdir aklyga.

-Hem döwrebap tehnika bilen hasam galkynyp,
-Döwletli döwranymda nesip etdi halkyma.

-Aýna ýaly ýollarda aýlanýas höwes eýläp,
-Şugla açýar şäherim ýyldyzlara bäs eýläp.

-Ähli ýerde ymaratlar, kitaphana,çaýhana...
-Ertekiler dünýäsine düşen ýaly hamala.

-Berkararlyk,bagtyýarlyk , bagta baýlyk şäheri,
-Sensiñ hiç sowulmajak "Ýaşlygymyñ bahary".

14.

-Sensiñ hiç sowulmajak "Ýaşlygymyñ bahary",
-Saýaly hem miweli, rysgally bagt nahaly.

-Lezzet alýaryn bu gün sözläp seniñ waspyñy,
-Asudalyk höküm sürýän, abadanlyk mesgeni.

-Göýä ki arşdan inen peşgeş bize erem bag
-Mermer şaher, merjen şäher, mährem şäher Arkadag

-Gözbaş alyp parasatly Arkadagyñ pähminden
-Bu zeminde gurulan , göýä uçmah şährim sen.

-Aýna ýaly ýollarda her ýan gaýýar ulaglar,
-Ylham sazy çüwdürimler, şildir-şildir bulaglar.

- Ýagyp duran ýagşyma ezilmeseñ bolarla,
-Çogup duran hanama böwet boljak bolarlar,

-Ezilsinler eçil sen ýazlar ýaly ýagşyñy,
-Salam eziz syrdaşym, ýagdaýlaryñ ýagşymy?!

Magstral

-Salam eziz syrdaşym ýagdaýlaryñ ýagşymy?!
-Synlasana sözleriñ ýagyş ýaly ýagşyny.

-Gezseñ belent daglaryn dertleriñe dermandyr,
-Ýas sen watanyñ waspy soñlanmajak dessandyr.

-Watanyñy wasp etmek şahylaryñ borjudyr,
-Sebäp senli günlerim süýjidenem süýjidir.

-Waspyñy ýetirmäge sözlem nedir, söz nedir?
-Eýsem "Watan" diýmeklik bäş harply sözmüdir.

-Eý behişdi bossanym , synmaz ömür örküm sen!
-Janym-Türkmenistanym , ganma ýokdur görküñden.

-Öwren serkerdelerden watanyñy söýmegi,
-Çünki soñky deme çen ,biz watanyñ esgeri.

-Tarypy soñlanmajak poeziýa şäheri,
-Sensiñ hiç sowulmajak "Ýaşlygymyñ bahary".

***

"GÖZELLİGİñ GÖZLEGİNDE" GOŞGULAR TOPLUMY.

EJEME!

Birje gezek ýylgyrsana ejemjan,
Gussa batyp öz-özüñi gynama.
Ýylgyrsana, ýylgyrmaga sebäp kän,
Hasrat çekip öz-özüñi gynama.

Sen ýylgyrsañ dünýe bolar ýaz ýaly,
Agras gülkiñ bir jadyly saz ýaly,
Öñki çeken hasratlaryñ az ýaly,
Göz ýaş döküp öz-özüñi gynama.

Öwütlerñi örküm saýyp özüme,
Tarypyñy saldym aýdym-sazyma,
Mähribanym haýpyñ gelsin özüñe,
Oýa batyp öz-özüñi gynama.

***

HÜWDÜLEDI

Undylarmy , başym sypan
Eller meni hüwdüledi.
Örklenipdir ruhum, synam
Diller meni hüwdüledi.

Gül watanmyñ ýaýlasynda,
Hezil edip ýaýnadymla.
Irkildim bag saýasynda
Ýeller meni hüwdüledi.

Okap bilim ojagynda,
Bekäp uzyn gijesinde,
Gizläp gyzgyn gujagynda
Dilber meni hüwdüledi.

Balalarñy bagtyñ saýyp,
Ýaşamak boldy ajaýyp.
Gaý-tupanda ýüzdüm gaýyp
Siller meni hüwdüledi.

Hol mazarma barýan ädip,
Sekuntlar ömrümden gädip,
Bäh, ömrüm geçdikä nädip ?
Ýyllar meni hüwdüledi.

***

BUŞLUK.

Garaşsyzlyk baýramynda,
Uly şatlyk-şowhun.
Aýdym-sazly toý gününde,
Bu gün meniñ oglum boldy!

Bolduk barymyz başagaý,
Goşgy ýazman bolarmy heý?!
Garagoldyr kakasy deý,
Ar-namysym ,dogmum boldy!

Ýylgyryşy şeyle ýeser,
Edil ejesine çeken,
Üýtgeşik bir duýgy eken,
Janym,ganym,bagrym boldy!

Enesi ogşady söýdi,
Atasy bag goýun soýdy,
Hemmäni azara goýdy,
Garagolja oglum boldy!

Joşdy ýene Gerçeknazar,
Goşdy ýene täze gazal,
Ady onuñ Osmannazar,
Buşlyk, meniñ oglum boldy!

(27.09.2023)

***

HOŞLAŞYK.

Watan goragyna gaýdan pursadym ,
Az wagt bolsada otlydan düşüp,
Enem-atam ,eziz maşgalam bilen,
Uzaklaşyp,gitmeli men hoşlaşyp.

Bu pursat,
Ýadymdan çykmajak pursat .
Garanjaklap töwerege seredýän .
Şol täsin günleri ýatlap men bu gün ,
Ýene-de ajaýyp goşgy döredýän.

Hoş gal kakam !
Hoş gal mähriban ejem !
Hoş gal dost-ýarlarym,klasdaşlarym !
Hoşlaşyp gyýylma,aglama käbäm ,
Aglama hiç süpür gözden ýaşlaryň.

Duýdansyz geçip dur durmuşyň saly ,
Garaş käbäm menem bararyn hökman ,
Şu ýerde hoşlaşyp gidişim ýaly
Ýene-de şu ýerde duşarys hökman.

***

DEGME AGAM GELNEJEMIŇ GÖWNÜNE!

"Degme dostum gelnejemiň göwnüne"
(Parahat Orazbaýew)

Agam!
Degme gelnejemiň göwnüne,
Ol seni şeýlebir ýürekden söýýär.
Beýle yşky duýan dälsiň ömrüňe,
Bu yşkyň çägini bir Hudaý bilýär.

Aç , göwnüňe girsin saba howa deý,
Agzybirlik törüňizden çykmasyn,
Balalarňyz bolsun ömrüň dowamy,
Baýlyk bagtyňyzy dikläp saklasyn.

Degmäberi gelnejemiň göwnüne,
Baryny-ýoguny bagş etdi saňa.
Ol ýylgyrsa ömür goşar ömrüňe,
Ol seniň bagtyňy isleýär diňe.

Gep beren köp bolar, gepe gitmegin,
Aş dostlary görüp bolar görnetin.
Onuň sarpasyny belent saklagyn,
Aýalyň hormaty-seniň hormatyň.

Zenanlaryň kalby ezizdir-eziz,
Aýt kim çäre tapar düwlen düwnüne?!
Naçardyr, ýukadyr, ejizdir-ejiz,
Degme agam gelnejemiň göwnüne !

***

EÝ GÖRÝÄN.

Eý görýän serçeleñ jürküldisini,
Horazlañ sesini halaýan juda.
Eý görýän ýyldyzlañ ýylpyldysyny,
Zybanym olary sanaýan seda.

Eý görýän säheriñ sergin şemalyn,
Erkana ülkämi eý görýän juda,
Söýýärin şapagyñ nurly jemalyn,
Alla rehmetinden etmesin pida.

Eý görmek duýgusy kalbymda ornan,
Hiç bir adamzada duşmanlygym ýok.
Geljegim oñat bor örän ynanýan,
Geçen günlerimden puşmanlygym ýok.

Doganlarmy, dostlarymy eý görýän,
Eý görmän bolarmy söýgüli ýaryñ?
Ejem käbä deñäp ,kakamy kybla,
Maşgalam-baş galam, erkin diýarym...

Sanap soñlap bilmen olaryñ ýaryn,
Eý görýän, meni eý görýänleñ baryn.

***

ŞAHYR DOSTUMA.

Dostum Nury Sakça.

Işiginden ätläp şygryýethanaň,
Bu dünýäde başga dünýä düşdükmi?
Ezýetlerden gözleýäris lezzeti,
Ýol ýitirip, bu ýolda alaşdykmy ?!

Biz bu ýoly saýlamadyk keýpine,
Şeýle ýazgyt ýazylypdyr maňlaýa.
Biz beýtler döredýäris halk üçin,
Ýöne olar galp aýdymlar diňleýär.

Dogry dostum wezipämiz bu biziň,
Gül ösdürip , ýandaklary çapýarys.
Ýazyp-ýazyp ýürek awylarmyzy,
Ol günäsiz kagyzlara dökýäris.

Ýene aglap-aglap gizlendi Güneş,
Näme bar agysyn diňdirer ýaly?!
Ilden talap edýäs iň gowy zady,
Özümizden talap etmeli dälmi?

Ýaz sen dostum , al dünýeden paýyňy,
Ýazsaň egsilýändir ýürek agysy.
Nalamakdan , aglamakdan ne peýda?
Bar ahyry her döwrüňem ajysy.

Iň bolmanda şirin şygyrlar bilen,
Ýadaw ýürekleri ýaş ederis biz.
Edebiýat şu wagta çen ölmändir,
Ony enteklerem ýaşadarys biz.

(29.07.2023)

***

ÝALÑYZLYK.

Ümsüm gijäň gussasyna gaplanyp,
Ýalňyzlyga ýoldaş bolup durun men.
Bu gije garaňky ,
Örän garaňky .
Ne-hä Aý görinýär ,
Ne-de bir Ýyldyz.
Diňe şol uzakda öçügsi çyra ,
Çalaja ýylpyldap görünýär göze .
Durun menem şol bir ýerde aýlanyp,
Mähriban maşgalam hakda oýlanyp ,
Ýörün aýlanyp.

…Işden gelýändirsiň öýe howlugyp,
Çagalaň gülüşip öňüňden çykar .
-Kaka,
-Kaka,
-Kakam gelýär- diýişip,
Patdyk-putdyk edip ylgajak bolar .
"Ýykylaýmasyn" diýip ylgarsyň senem ,
Olardan beter.
Şol pursat ulyjaň eliňden tutar ,
Soňra körpejäni gujagňa alyp ,
Öýüňe girersiň şadyýan bolup.

Gyzgynjak maşgala ,
Gyzgynjak nahar ,
Telewizoryň sesi ,
Çaga gülkisi.
Keýwanyň çaý demläp öňüňde goýar,
Seniň bolsa keýpiň bolmaz hiç zada,
Şondan uly bagt barmy dünýäde ?!...

Ümsüm gijäň gussasyna gaplanyp,
Tebigatyň ajysyna taplanyp ,
Ýalňyzlyga ýoldaş bolup durun men .
Ýok ,şol ýalňyzlykdan boldum men bizar,
Boldum men hassa.
Bilseň ýalňyzlykdyr iň uly gussa,
Ölümden hem beter ajy zatlar bar.

***

AGŞAM ARA

Bäh onuñ owadandygny,
Goşgy ýazybermeli.
Gögüñ ýüzi gyrmyzy,
Bulutlar bölek-bölek,
Ýyldyzlar ýylpyldaşýar,
Aýa dälde Aýbölek.
Çirkeýler çirkildeşýär,
Gijekörler gaýyşýar,
Hanha göründi Aýam,
Şagallaram uwlaşýar.
Ýyldyraşýar Ýyldyz deý,
Obanyñ çyralary.
Gör neneñ ajap bu gün,
Kenaryñ gyralary.
Oturyn ýeke özüm,
Gör ne hezil ýekelik,
Gör ne hezil ümsümlik.
Güneş girdi öýlerne,
Bilmedimem hoşlaşyp,
Golaýlaşýardy tümlik.
Ösýär sowujak şemal,
Hiç gidesim gelenok,
Arman gitmeli boljak.
Garaş maña kenarym,
Ertir ýene-de geljek.
Ýazybam ýetişmedim,
Günem barýar gysgalyp.
Günler geçýär gyssanyp,
Gözellik şeýle bolýar,
Goşgum ýaly gysgajyk.

(21.03.2023)

***

DAÝHAN BUÝSANJY.

Uzakdan görünýar ýaşyl maýsalar,
Lowurdaýar olar Günüň çoguna .
Dagyň eteginde ekin ekdik biz ,
Käte aýlanardyk Köpetdagyma.

Ine ,ýene geldik ekin meýdana ,
Bir eliňde orak, bir eliňde pi:l.
Gök maýsalar yranyp dur her ýana ,
Joýalardan-joýa akyp barýar sil.

Orak bilen orýas haşal otlary ,
Hem pil bilen akar ýaby bekleýäs.
Işleýäs meýdanda her gün der döküp,
Şeýdip halal maşgalany ekleýäs.

***

Balykçynyň buýsanjy.

Şahyr:

Gündogar şemaly öwüsýär batly,
Tolkunlar atygsap kenara gelýär .
Küreklerne ýapyşyp gör gaýratly ,
Bärde balykçylar kemala gelýär.

Balykçy:

Şeýle şirin şygyr geldi içimden,
Öwgä mynasypdyr balykçylarmyz.
Rysgalyny gözläp suwuñ içinden,
"Balyk-baýlyk" diýýän balykçylar biz.

Şahyr:

Aññat-aññat mawy suw depeleri,
Bir pursat eglenmän tolgunyp barýar.
Bu toprak deñiziñ halasgärimi?
Tolkunlar özüni kenara urýar.

Balykçy:

"Essalamunaleýkim Gün aga" diýip,
"Essalamunaleýkum Suw aga"diýip,
Ädik,ellik,baş gap,azika geýip,
Dañdan suwa girýän balykçylar biz.

Şahyr:

Harasatly tolkunyp dur gök deňiz ,
Şahyryň kalby deý joşýar gaýnaýar .
Haýran edýär gök deňzimi görseňiz ,
Dosdym görenleri biparh goýmaýar.

Balykçy:

Yssyda,sowukda , garda , ýagyşda,
Güýzde hem-de ýazda , tomusda,gyşda,
Elmydama işde, şeýle durmuşda,
Ýaşamagy söýýän balykçylar biz.

Şahyr:

"Dostym" diýsem geň görmegin deňizim ,
Syrdaşym sen ýalňyz galan pursatym .
Bu gün saňa bagladym men ykbalym ,
Bu gün saňa bagladym men gursagym.

Balykçy:

Tomsuñ yssysyna ýüzmizi ýakyp,
Gyşyñ aýazynda başdan suw akyp,
Halal zähmet çekip, halal der döküp,
Halal çörek iýýän balykçylar biz.

Şahyr:

"Sebäp bilen Alla berýär rysgaly ,
Bizem şeýdip rysgalmyzy çöpkeýäs"
diýip balykçylar deňize girip ,
Balyklary baýlyklary çöpleýär.

Balykçy:

Goşgumy ýazamok dilime çolap,
Dogry "Balyk" diýip ,heläk biz heläk,
Rysgal bereketi Alladan diläp,
Diñe Alla uýýam balykçylar biz .

Şahyr:

Gündogar şemaly öwüsýär batly ,
Tolkunlar atygsap kenara gelýär .
Säher bilen Suw aga salam berip ,
Balykçy dostuna salama gelýär.

***

ÜMSÜMLIK.

Ümsümlik,
Aslynda üstünlik bize,
Galmagaldan, adamlardan çekilip.
Özüñ bilen diñe özüñ gepleşseñ,
Ýetdirmejek bagt ekeni ýekelik.

Kähalat ýekelik iñ gowy ýoldaş,
Kähalat ümsümlik iñ ajap syrdaş.
Etsem-petsemlerñi añyñda aýlap,
Soñra jemle,
Soñra amal et, synanş.

Wagt-puldyr,hatda puldanam gymmat,
Wagt-Biribaryñ peşgeşi bize.
Iñ gowy peşgeşler pula satylmaz,
Iñ gowy peşgeşler görünmez göze.

Bolsa bolup geçsin töwerek tümlik,
Şeýle peşgeşleriñ biri ümsümlik.

(23.02.2021)

***
BAHARDA AÇYLAN GÜLLER...

Baharda açylan güller ,
Ahyr soňy solmalydyr .
Dünýä gelen her bir adam ,
Ahyr soňy ölmelidir.

Ýöne adamlar nämüçin ,
Ýagnaýarlar haram maly ?
Göýä bu pany dünýede ,
Müdimilik galjak ýaly.

***

ÝAZASYM GELÝÄR.

Ýaşamadym ine-gana,
Ýazasym gelýär munda.
Zyndanda ýaly hamala,
Gezesim gelýär munda.

Häkim bolup bet gylyga,
Garylyşsam ilçilige,
Kysmatdaky kynçylyga
Dözesim gelýär munda.

Islämog-a kän baýlygy,
Soka salýan her aýymy,
Dünýälikden öz paýymy,
Alasym gelýär munda.

Okap,ýazyp,gulak asyp,
Gezmelimi golum gysyp?
"Adam" adyma mynasyp,
Bolasym gelýär munda.

***

DAŞYNA ÇYK.

Sensiñ seçgin hyrydarym,
Çyk ylhamym daşyna çyk.
Diýeýin dünýämde barym,
Belent dagyñ başyna çyk.

Joşuñ kalbyñ düşeginde,
Adyñ añyñ üçeginde,
Nämişiñ bar içerimde?
Adamlaryñ içine çyk.

Nämüçin kalbym garaldy ,
Gül göwnüm gussa garyldy ?
Ýadaw ýüregmi ýar indi,
Köñülleriñ hoşuna çyk.

Agdarma aladam agdyk,
Bes ýylgyraý kän agladyk,
Syrdaşyñ bolaýyn sadyk,
Däli deñziñ joşuna çyk.

Gowy güler soñky gülen,
Ýylgyraly soñky günem,
Eýäñ eradasy bilen,
Çyk ylhamym, daşyna çyk.

(18.01.2019)

***

ŞAHYRLAR IR ÝOGALÝARLAR.

Şahyrlar ir ýogalýarlar ,
Gidýärmikä aýny wagty ?!
Ýa gidende duýýarmykak,
Ýanymyzda duran bagty?

Elinde aglaýar galam,
Derdini depder göterýär.
Deňiz deý dälirän ruhy,
Çagany dünýä getirýär.

Şahyrlar ir ýogalýarlar ,
Sebäbini bilýäňizmi?!
Kalp syzlasa syzarsyňyz,
Ýaşaýarka ölýändigni.

Ýazýar derdini siňdirip,
Her setirde müňläp yza.
Ýürekdäki hasratlarny,
Sygdyranok ak kagyzam. 

Ýaralar çişýär ýürekde,
Göreşýär öz-özi bilen .
Soň soramaň syrlaryny,
Gidýär onuň yzy bilen .

Ýer şaryna sygman köňül,
Başga dünýe döredýärler,
Şeýdip şahyryň ömrüni,
Eserleri ýöredýärler.

***

ŞYGRYÝET DÜNÝÄSI.

Şygryýet dünýäsi başga bir dünýe,
Asla seni öz erkiñe goýmaýar.
"Ýazjak däl" diýibä ýazman bolanok,
Hem-de "Ýazjak" diýip ýazyp bolmaýar.

Setirleriñ özi geler şabyrdap,
Ýagyş ýaly ak kagyza ýagýandyr.
Bigadyrlar onun parhyny bilmez,
Şygyr diñe teşneleri ýakýandyr.

Goşgy ylahydan gelen ylhamdyr,
Paýlaşmasañ gursagyña sygmaýar.
Onuñ lezzetini duýýan adamlar,
Lezzetinden doýmaýar.

***
SUNGAT ADAMSY.

Aýdymçy men, 
Käte-käte hiňlenip,
Öz ýanymdan aýdym aýdýaryn joşup.
Gowy aýdym aýdyp bilmesemde men,
Gowy aýdymlara aşyk men, aşyk.

Ýazyjy men,
Käte çaýyň başynda,
Bolan wakalary ýazýan oýlanyp.
Entek eser ýazyp bilmesemde men ,
Ýene ýazjak bolýan her ýan aýlanyp.

Suratkeş men,
Galam alyp elime,
Gözel ülkämiziň suratyn çekýän.
Garaz, gol gowşuryp oturmaýaryn,
Halal zähmet çekip, halal der dökýän.

Men sungat adamsy,
Şonuň üçin men,
Ile ukubymy görkezip bilsem.
Bu dünýäň baýlygy gerek däl maňa,
Halkyma özümi söýdürüp bilsem.

***

ELİMDE PYÇAK.

Elimde pyçak,
Gowşak goşgularmyň ýoguna ýanjak,
Baryn öldürjek,
Halas bolany galsyn.
Syýadan gök gan akýar,
Damýar kagyza.
Çagalarym aglaşýar,
Aglaşyp galsyn.
Melikelem nalaşýar,
Nalaşyp galsyn.
Ajy göz ýaşlardan öl myžžyk ýürek,
Gözme görünmäň!

"Ýaz,galamyň ýiti bolsun!" diýdiňiz,
Ýitelip, ýonulyp hanjara döndi.
Goşgulaň garnyndan sünjere döndi ,
Soltan Sanjara döndi ,
Bujagaz baýlyga göwni ýetenok .
Ägirt uly hyýallarny gurmaga,
Ömri ýetenok .

Ite dökün watan hakda goşgular,
"Men watany söýýän " diýip gygyrýan.
-Söýýän bolsaň gora gelde watany,
-Il oňlarmy "Söýýän" diýip ýatany  ,
-Söýgüliňi söýmelidir gygyrman.

Ite dökün söýgi hakda goşgular.
Öz-özüňi o:tlap ýananam bolýaň,
Duýdansyz däliräp ýazanam bolýaň.
Ýüregiňi açda jahana seret,
Guşlaň arasynda gaýyp bilýärmiň?!
Derdinme,
Seň derdiň aýt kime gerek?
Öňem aladasy ýetik dünýäniň.

Bu goşgam bolmady ,
Gollaryn daňjak,
Kagyza saljak-da ataşa gömjek,
Senem öldürjek ,
Elimde pyçak.

(11.2024)

***

INJIR

Dagyñ eteginde ösüp dag ýeli,
Inçesagt injirleri kökünden,
Ýolaýjak,
Ýolaýjak,
Ýolaýjak bolýar.
Indi aglap öküniber ökünseñ,
Indi sojap akdyr gözden ýaşyñy.
Dagyñ ýeli kimin aýralyk ýeli,
Bir gün menem inçesagt injir deý,
Ýolup,köküñ bilen götäp asmana,
Soñra bolsa zyñyp göýbär bir ýana.
Şonda ýolda ýatyp il-günüñe dert
Bolmasañ bolýar.
Iñ bolmanda bolsan ýagşy ýatlama,
Şygryñ bilen siñip gitsen ýatlara.
Ýa bolmasa ili goýman azara,
Iñ bolmanda odun bolsañ o:tlara.
Garaz ýoluñ ortasynda sömelip
Durmasañ bolýar.

***

DEÑEŞDIRME.

Deňeşdirýäň.
Men nire wah, siz nire?
Ilkibaşda dadyp muhabbet meýin,
Söýgi gapanyna düşen syçanjyk.
Soň-soňlaram sähel hoşamaý söze,
Däli deňiz deýin joşan syçanjyk.
Ýokary bilimden içi köz,tütün,
Orta okuwy okamadyk oglanjyk.
Gaý-tupanda gaýyp ýören balykçy,
Hem-de gazanç gözlemeýän goşguçy,
Hakykaty gizlemeýän aldawçy,
Ýasamadan ymaratlar ýasaman,
Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy.
Ýaşap gabanyljak bagtly durmuşda,
Içden-içe ýanyp ýören ýanyjy.
Ýanyňyzda otuganja tokly men.
Poeziýa şalygynyň kaňkawy,
Aşa öwülýän sözleriň aňkawy,
Hem basdaşlyk keseliniň syrkawy.
Deňeşdirmäň,
Men nire wah, siz nire?!

***

DÄLIHANADA

Ahyrsoňy çykdym dälihanadan,
Aýakýalaň ylgap gelýän tikenden.
Topragyny çyn ýürekden halasaň,
Tikenlerem ynjytmajak ekenler.
Geýim sal-sal,
Tenim hal-hal,
Uzak ýol.
Nirä barýan?
Duşmazmyka birisi.
Derdim döksem biraz aňmagy ahmal,
Men sungatyň aşygy däl,
Dälisi.
Heý barmyka munda meniň ýalysy?!
Çişip-çişip duýgylarym dolupdyr.
(Üzüläýjek-üzüleýjekmi köňül ?)
Sähel söze didelerim dolup dur.
Heýde onsoň däliremez ýalymy?
Dil bilen Käbäni ýykmajak bolup,
Öýkeletdim poeziýa şalygy.

Ölerin men ýazylmadyk bäş harpa,
Direlerin,
Soň öldürip bilmezler.
Hany barmy munda meniň ýalysy?
Il däliräp dälihana düşseler,
Men däliräp düşdüm şygryýethana.
Derdim gizläp gezip ýören hassa men,
Mätäç menem dermana.
Haýyş edýän
Goşgularmy göwnäň siz,
Ol göwnelmek isleýär.
Haýyş edýän
Goşgularmy öwmäň siz,
Samahyllap başlaýar.
Haýyş edýän
Goşgularmy döwmäň siz,
Soň düzedip bolmaýar.

Ýadamadym,
Ýadamaryn goşgudan,
Ýene-de ýazaryn halkym halasa.
Çagalykdan bäri ýazan goşgulam,
Porsaşyp ýatyrlar hajathanada.
Şonda-da ölmedi poezýa söýgüm,
Eserleri dörederdim däliräp,
Emma günleň biri "Däli sen" diýip,
Ol şygryýethanasyndan kowdular.

Ahyrsoňy çykdym dälihanadan...

(22.03.2024)

***

GALAMYŇ AGYSY

Asyl-asyl gidräýmegin kürsüňi,
Gaýdýaň,
Stoluňdan aslyşaberi.
Heý ezýet bolmasa lezzet bolarmy?
Ýeriň ýüzi ýaýlyp ýatsyn goşgudan.
Heý şahyra beýle minnet bolarmy?
Bu dünýäde dertler ýetik başgada.

Bir setir tapsada monça boluşup,
Ile göwni ýetmän, aýlap gülüşip,
Ýasamadan ymaratlar ýasaşyp,
Milleti bölüpdir milletparazlyk.
Ýazyp bilmesede ýazjak boluşyp,
Ölüşik.
Diňe hip-hop,
Diňe hop-hop goşgulaň,
Bolup ýatyr goş-golam.

Gara ýürekleri agartmak üçin,
Akja kagyzlary garalaýarsyň.
Meni ýersiz ýere aglatmak üçin,
Özüňi, ömrüňi ýaralaýarsyň.
Bu derdi çekmäge naçar halyňa,
Ýaramaýarsyň.

Bilseňiz şahyrlyk-agyr wezipe,
Şahyrlyk-başbermez duýguly dünýe,
Şahyrlyk-iň uly jogapkärçilik ,
Şahyrlyk-dälilik,ruhy azap,
Şahyrlyk-dermansyz ýürek awusy...
(Diňermikä bu galamyň agysy?)

(14.10.2024)

***

YLHAM DERÝASYNDA.

Köwsarlaýan duýgularmyň gomlary,
Dynman itekleýär kenara sary.
Ylham derýasyndan çykmajak bolup,
Akymyň tersine kürekleýärin.
Pikirlerim tolkun ýaly bulaşyk,
Akyp barýan öz ugruma bulanyp.
Bir ýandan harasat,
Bir ýandan ýagyş,
Ajy damjalardan öl myžžyk ýürek.
Bilmedim ne wagt çykarka Güneş,
Ýeri şeýdip barmak nämäme gerek?
Iş bitirjek bolýan,
A:t aljak bolýan,
Badymy saklaýar,
Ba:t aljak bolýan.
Men ile gerekmi?!
Bolsam gerekli.
Şeýdip öz-özümi gynap durşuma,
Kürek sypyp gitdi,
Maňa geregi.
Sypsa sypsyn ýene düzederin men
we taryha altyn harply ýazyljak,
Söz ederin men.

***

ROMAN YAZYP BOLARMY?

Goşgy ýazýan kän ýöne, roman ýazýan azalýar .
Şunça kelle agyrdyp roman ýazyp bolarmy ?
Hiç gazanjyň bolmasa , begenjiňem az bolýar.
Gara saçyň agardyp roman ýazyp bolarmy ?

Özüm tanalman geçeýin tanalsa eserlerim,
Tekepbirlikden gaçaýyn halansa eserlerim,
Jan watanym belent bolsa menem hiç peselmerin ,
Watanmy beýgeltmek üçin roman ýazyp bolarmy ?

Ýene oglan howlugýar tudanasy bişmedik.
Ýyllar ýel deý geçip dur, ýazybam ýetişmedik.
"Öý,maşgala,eklenç..."diýip uzakly gün işledik
Şol işleriň daşyndan roman ýazyp bolarmy ?

Bilýän roman ýazmak üçin gerekdir kän okamak
Irden gidýäň, agşam gelýäň, onsaň neneň okajak?
Taryhy eser ýazsadym iň bolmanda ýekeje
Ýazanlaryň okalmasa roman ýazyp bolarmy ?

(22.05.2023)

***

GUŞLAR KIMIN ERKIN BOLSAM.

Guşlar kimin erkin bolsam,
Şygyrlarym şertim bilseñ.
Adalatsyz bu dünýäde,
Üýtgeşik däl "Her kim" bolsam.

Bilmeýän bolsam bolardy,
Höwes ýok bilenimden soñ.
Eserlermiñ gadry bilner,
Ýatlarlar ölenimden soñ.

***

HAÇANA ÇENLI.

Gyl üstinde gezýäris,
Haçan taýjak ,näbelli?
Gitjegmizi syzýarys,
Galjak haçana çenli?!

Geldik bu synag ýere,
Kökinden synan ýere,
Bu agyr synaglara,
Dözjek haçana çenli?!

Mekirlige bil baglap,
Gezme ýalandan aglap,
Ili, öziñi aldap,
Gezjek haçana çenli ?!

Bolma gaýyba gurjak,
Bir Haka belli geljek,
Ýazjagyñy ýaz Gerçek !
Ýazjak haçana çenli ?

***

JÖWEN BIŞER-BIŞERDE.

"Jöwen bişer-bişerde"

(Nurmyrat Meredow)

Derdimi gozgar ýene,
Ol gyz ýada düşerde.
Sözsüz aglaýan menem,
Jöwen bişer-bişerde.

Güne gowrulsa yşkym,
Yşkdan dörese goşgym.
Saraldy,soldy keşbim,
Ýalñyz galyp daşarda.

Sen okama dözmezim!
Ýaşdan dolar gözleriň,
Jöwzalydyr sözlerim,
Ýanyp ýalnyñ içinde.

Kalpda kine düşledi,
(Bu jöwenem bişsedi).
Ömürdeşim goşgymy?!
Göwnüm älemgoşarda

Ýöremese galamym,
Umyt bilen garaşyň.
Ýüregimde ýalynym,
Jöwen bişer-bişerde.

Güneşsiz goýmaň meni,
Goý galaýyn daşarda.
Kökümden ýolmaň meni,
Jöwen bişer-bişerde.

(Gökdepe 17.08.2023)

***

SYRDAŞYM-GÜNDELIGIM

Salam eziz syrdaşym,
Ýagdaýlaryň ýagşymy ?!
Ýene geldim ýanyňa,
Sylsana göz ýaşymy .

Ýazaýynla goýnuňa,
Ýürekdäki barymy .
Däliredýän duýgymyň ,
Dökeýinle baryny .

Ýakymsyz ýatlamalaň ,
Ýatlamaly birinem .
Kowaly kalbymyzdan,
Ýigrenjileň barynam .

Biwepa söýgini hem ,
Gömeli öz gömşi deý.
Goldawsyz garyndaşlar ,
Ýaşabersin goňşy deý.

Işleşmeli işdeşlem ,
Bir-birini satyp dur .
Durmuş ölümden agyr ,
Atomyny atyp dur .

Dostsyraýan dostlarym ,
Satyldy bir manada .
Şükür Alladan nygmat ,
Nesip etdi maňada .

Maşgalam-meň baş galam ,
Bolman geçsin başgalar .
Ine şeýdip täzeden ,
Täze durmuş başlanar .

Täk Taňrydan dilegim ,
Söýse,söýen melegim .
Nurly ojagmy bezäp ,
Ynjytmasa ýüregim .

Ýene ýagşy günlerde ,
Ýylgyrypjyk gelerin .
Ýüregimi ýeňletdiň ,
Hoş sag bol gündeligim.

(10.01.2020)

***

ÝAŞALMAN GEÇSIN.

Ygtyýarsyz, ygtybarsyz,
Ýaşalman geçsin bu ömür.
Wyźdansyz,dinsiz,imansyz,
Ýaşalman geçsin bu ömür.

Gezmen süýthora ýalbaryp,
Gönendirmeýär pul berip,
Ýaşaman ile gul bolup,
Ýaşalman geçsin bu ömür.

Bolmasada zadym artyk,
Öreýin arkaýyn ýatyp,
It deý gorkup, mal deý ürküp,
Ýaşalman geçsin bu ömür.

Dermany bar her derdiñde,
Armany bar her merdiñde,
Ýaşamasam öz ýurdumda,
Ýaşalman geçsin bu ömür.

(07.09.2023)

***

ARATAPAWUT

Diriniň ölüden bir tapawudy,
Diri heniz bu dünýäde ýaşaýar ,
Bilinmeýän bolsa ýaşaýanyňam ,
Seniň ölülerden näme parhyň bar?

Adamyň haýwandan bir tapawudy ,
Adamda akylly beýni ýerleşýär .
Eger şol beýniň hem içi boş bolsa,
Seniň haýwanlardan näme parhyň bar?

Akyllyň akmakdan bir tapawudy ,
Akylly öz etjek işini bilýär .
Näme iş edýänňi bilmeýän bolsaň,
Seniň akmaklardan näme parhyň bar?

Akylly üçin dünýe olja hem söýgi ,
Akmak üçin dünýe garaňky hem dar .
Gerçek seniň ilden nämäň üýtgeşik ,
Hem seniň illerden näme parhyň bar?!

***

BIZIÑ DURMUŞYMYZ...

Biziň durmuşymyz-manyly kitap,
Her kim ondan many alýar özüçe.
Kimse akyl, kimse baýlyk, kimse bagt,
Her kim ondan paýyny alýar özüne.

Biziň durmuşymyz-Taňryň peşgeşi,
Wagt geçýär ,soň yza gaýtarylmaýar.
Bir kişiň maňlaýna ýazylan ýazgyt,
Beýleki adamda gaýtalanmaýar.

Biziň durmuşymyz-synag dünýäsi,
Her bir edýän işleň hasaply onda.
Elmydama birek-biregi söýüp,
Ula hormat goýup gezmeli munda.

Biziň durmuşymyz-nowella meňzeş,
Soň näme boljagny bilip bolmaýan.
Her dürli çaklama ýüz ursakda bir,
Allanyň etjegni ynsan bilmeýär.

Bu durmuş gyzykly başdan geçirme,
Bolýar onda dürli päsgelçilikler.
Gerçek dürli kynçylyga döz gelip,
Hökman geçmeli şol päsgelçilikden.

***

DURMUŞ NOWELLALARY

Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok,görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby ,
Soň näme boljagny bilip bolanok.

* * *

Internetden görüp howaň ýagdaýyn,
"Şu gün howa maýyl bolar" diýdim men .
Ýagyş ýagdy hem Gün çykdy,ýel durdy,
Howa bäş minutda üýtgeýän eken.

* * *

Gözlerime gülüp şat bolup gitdi,
Dostlarym ýürekde ýalynym boldy.
Görüp ýören gyzlam ýat bolup gitdi,
Hiç görmedik gyz hem gelinim boldy.

* * *

Hujuw bilen arzuw edýärdim öňler,
"Taňrym ony maňa duşursa" diýip.
Ýüregimden dileg edýärin indem,
"Taňrym ony maňa duşurma" diýip.

* * *

Ölüm barymyza agyr jemleme,
Nirde,nädip öljegmizem näbellä.
Ömür çözülmesi agyr deňleme,
Durmuşymyz durşy bilen nowella.

(17.05.2023)

***

GARAP GEZ

Bu durmuş mekdepdir ,al ondan sapak,
Hüşgär bolup her ädimňe garap gez .
Il-günüň hormatlap çalsynlar çapak ,
Alkyş alyp il derdine ýarap gez.

Akyl bolsaň aýdan sözlermi aňla ,
Rysgaly berýänem ,alýanam Alla ,
Halkyňdan saýlanjak bolmagyn asla ,
Märekäniň arasynda ýöräp gez.

Ot tüssesiz bolmaz,adam gussasyz ,
Çyn tebibiň ýany bolmaz hassasyz ,
Gerçeknazar özümüze ussa biz ,
Mydam öz başymy özüň çarap gez.

***

GÖRMEGI BAŞAR.

Ykbal aty atygsap dur çar ýana ,
Ony mäkäm tutup sürmegi başar.
Baha berjek bolsaň barça ynsana,
Ilki gowluklarny görmegi başar.

Öwrenmeli zatlar kändir dünýede ,
Gezgin munda ündew alda, ündede ,
Hem ýagşy günde-de ,ýaman günde-de ,
Alla şükür kylyp durmagy başar.

Gerçeknazar goşgy bolmaýar köstsiz,
Köstsiz dost gözleýän galarmyş dostsyz,
Döredijilik diýmek batyrdyr gözsüz,
Tankydyň öňünde durmagy başar.

***

GOWY BOLMAK.

Bu dünýäde gowy boljak bolmadym,
Hem gülmedim Arkadaga ýallaklap.
Hemmelere deñ göz bilen garadym,
Garrylary,garyplary hormatlap.

Asla-asla gowy boljak bolmadym,
Adymyñ yzyndan erbet goýsunlar.
Hem illere erbet boljak bolmadym,
Ýöne olar maña erbet bolsunlar.

Edebýatda gowy boljak bolmadym,
Gözelligiñ gözleginde gezýärin.
"Eseriñ ajabyn halk saýlar" diýip,
Ýüregimi ýazýaryn.

Ýalançyda gowy boljak bolmadym,
Ýöne elbet erbet boljak bolamok.
Elmydama gözleýärin çyn dosty,
Şonuñ üçin dostum ýok.

Aýdan sözlerimden,setirlerimden,
Ýüregimiñ päkligini duýýarlar.
Men dünýäde gowy boljak bolmadym,
Onda-da nämüçin gowy görýärler.

(22.09.2022)

***

ÝIGITLERMIZ BAR.

Türkmen ýigitlerniň wasbyn ýetirsem ,
Ýüzleri nurana ýigitlermiz bar .
Wasp etmäne ejiz gelýär setirlem ,
Gujurly -gaýratly ýigitlermiz bar.

Dünýäň çar künjünde ylymdan paýly ,
Hormatly,sylagly,jigerde jaýly,
Guýmagursak zehin, Hakdan serpaýly,
Ylymly-bilimli ýigitlermiz bar.

Ar-namysy baýdak edip göterýän ,
Iliň hyzmatyny ilki bitirýän,
Baran ýerlerinden baýrak getirýän,
Maksada okgynly ýigitlermiz bar.

Hakdan ýardam diläp golun göterýän ,
Iline bereket, hormat getirýän,
Mydam Hakyň huzurymda oturýan,
Ýüzleri nurana ýigitlermiz bar.

Ähli bilenjesin halka bildirýän ,
Öýkeliniň öýkesini öldirýän ,
Märekäni gyzyl-gyrlym güldirýän,
Şadyýan ,şahandaz ýigitlermiz bar.

Bu gün hakykaty sözlese Gerçek ,
Diýýärler "Çyn ärler ýogaldy bir çak ",
Pikir etme watan üçin jan berjek ,
Gara batyr kybap ýigitlermiz bar.

***

Geň görýän

Geň görýän adamlaň bolup ýörşüne ,
Geň görýän özümiň bolup ýörşüme .
Nüçün dogry ýoldan ýöremeýärin,
Dogry ýoly görüp,bilip ýörşüme.

Ýene-de soraýan men öz-özüme ,
Kişiň ýalňyşyny aýtman özüne,
Onuň arkasyndan edýäris gybat ,
Şol gybat hem günä bolýar özüňe.

Gerçek binamysyň ýüzüni görmän ,
Ýamanlaň ýanyndan dolangyn, gaýtgyn .
Kişiň ýalňyşyny illere ýaýman ,
Gowsy şol adamyň özüne aýtgyn

***

GÖWNÜM.

Gel göwnüm biz bile söhbet guraly ,
Gussadan ,öýkeden doly sen göwnüm .
Mydam adamlary goldap duraly ,
Durkuň bilen söýgün ili sen göwnüm.

Açyl, göwnüm açyl ,gül kimin gülle ,
Görüpçilik edip gezmegin günde ,
Allany unudyp ýaşaýaň munda ,
Ömür baky galjak ýaly sen göwnüm.

Oka ,öwren, işle, bikär oturma ,
Her gelen peşgeşi bikär ötürme ,
Wagt hem baýlykdyr ,ony ýitirme,
Zähmetde derletgin bili sen göwnüm.

Sagatlar geçip dur ,aýlanýar zemin .
Gerçek ýagşylyga bolgun sen emin ,
Gussalanma göwnüm ,açyl gül kimin ,
Saýlagyn egrelmez ýoly sen göwnüm.

***

"OWARRAM" DIÝELIÑ.

"Owarram" diýeliň ownukçyllyga,
Biz beýik işlerden baş çykarmaly.
Gowy günde gullyk edip gowluga,
Bozgaklaň işini boş çykarmaly.

"Owarram" diýeliň ownukçyllyga,
Ownuk işe ownujaklar ýapyşýar.
"Gawun hem gawundan reňk alarmyş",
Ownuklardan ownukçyllyk ýokuşýar.

Aldanmalyň her aýdylan alkyşa,
Öwgä öwsip göteriler köp kişi.
Alkyşlary paýlamalyň perwaýsyz,
Gerek ýerde gysganmalyň alkyşy.

Ýagşy ýol tut ,şoň ugrunda göreş kän,
Ýagşy niýet ýetir bizi gowluga.
Beýiklere beýik işler garaşýar,
"Owarram"diýeniň ownukçyllyga.

***

ÖÑE GITMEK.

Durmuş talap edýär öňe gitmegi ,
Men bolsa durun şol duran ýerimde .
Asla aýňalanok dumanly başym,
Ham-hyýallar at çapýar bu serimde.

Durmuş talap edýär öňe gitmegi ,
Menem arzuwlarma ýetmek isleýän.
Nadanlaryň baýlygyna daýanman,
Bu ýoldan bir özüm gitmek isleýän.

Ynanýan ir-u-giç Allanyň Özi ,
Meni şöhrat öýne ýetirer hökman.
Ähli arzuwlarmy dileýän Ondan,
Şübhesiz dilegmi bitirer hökman.

Islemerin şol bir ýerde ýatmagy ,
Durmuş talap edýär öňe gitmegi

***

ÝOGUÑA GYNANMA ,BARYÑA GUWAN.

Dünýäni kowalap ýadamadyñmy?
Ýoguña gynama ,baryña guwan.
Dünýe birnijäni aldamadymy?
Ýoguña gynama, baryña guwan.

Aýt kimler gönendi dünýäni alyp?!
Patyşa bolsañam gitmeli ötüp,
Her zadyñ, her demiñ gadyrny bilip,
Ýoguña gynama, baryña guwan.

Oýnalma dünýäniñ oýnawajyna,
Ynan, guwan, daýan Tañryñ güýjüne,
Gaty çöregide iýgin süýjedip,
Ýoguña gynama, baryña guwan.

Ýöräp bilýän düşün ýöremeýän bar,
Garap bilýän düşün garamaýan bar,
Janyñ sagmy düşün ýaramaýan bar
Ýoguña gynama , baryña guwan.

***

"MUHAPBETNAMA" GOŞGULAR TOPLUMY.

SEN GOŞMAK MEN.

Sen goşmak men deñdir söýgi.
Şeýdip başlanar deñleme.
Çözülmejek mesele ýok,
Bizi ykbalmyz deñlese.

Sen goşmak men deñdir durmuş,
Heniz girilmedik gapy.
Gapyny kakyp ýadadyk,
Göründi iki tarapy.

Sen goşmak men deñdir ykbal,
Içi ajyly, süýjili.
Sen süýji al, menem ajy,
Sen-ä halaýañ süýjini,
Menem halaýan ajyny.

Sen goşmak men deñdir goşgy
Sen ekeniñ ylham perim,
Indi joşup ýazjak, ýörjek,
Bu durmuşda barmy kemim?

Sen goşmak men deñdir aýdym,
Hiç bir ýerde aýdylmadyk.
Winni Puhyñ aýdymy deý,
Ýemşijegiñ aýdyşy deý,
"Ony hiç kime aýtmarys,
Asla-asla..." aýrylmarys.

Sen goşmak men bir maşgala,
Binamyñ binýady söýgi,
Kerpiji ynamdan gurlan,
Hormat edip üçek salnan,
Mähir bilen ýyladylan,
Yşk çekilip ýagtyldylan,
Gazanjymyz bor diregi,
Haýamyz haýat goragy.

Sen goşmak men deñdir çaga,
Ykbalmyzy baglamaga.
Bolar ömrümiñ dowamy,
Ýene-de mysalyñ barmy?

Sen goşmak men deñdir ?

(28.11.2024)

***

SENEM SÖÝÝÄN EKENIÑ.

Wah men nirden bileýin?
Senem söýýän ekeniñ.
Her gezek ýylgyrañda,
Ony duýman ekenim.

Geçdi günler sepleşip,
Bilmedigem gepleşip,
Seredişiñ üýtgeşik,
Syryn duýman ekenim.

Bir utanjañ gyz bolan,
Söýýän diýmek kyn bolan,
Söz bilen däl göz bilen,
"Söýýän" diýýän ekeniñ.

Gel gurbanyñ bolaýyn,
Birje gezek göreýin,
Wah men nirden bileýin?
Senem söýýän ekeniñ.

***

GÖZLERIÑ

Çagalykda görerdim,
Gözleriñde gözlerim.
Goşgy ýazar ýörerdim,
Saýlap süýji sözlerim.

Ýene-de çagalygmyñ,
Sahypasyn dörjedim.
Ýañy biten ýaramyñ,
Soñky gatyn gorjadym.

Ulaşdyryp kesele,
Dermanymy bermediñ.
Eýýäm ýedi ýyl bäri,
Gözleriñi görmedim.

..Wah ýene-de görsedim,
Gözleriñde gözlerim.

(23.02.2021)

***

AGYR DEGDİ

Duýdansyz kalbymdan çakan,
Sözleň agyr degdi maňa.
Gözlerme naýynjar bakan,
Gözleň agyr degdi maňa.

Seni şeýle gerekledim,
Maňa şeýle gerekmidiň?!
Özün şeýle gerekleden,
Közleň agyr degdi maňa.

Gussaň lawly çukuryndan,
Çek elimden, çykaýyn men.
Indi nädip bakaýyn men?
Ýüzler agyr degdi maňa.

Bagt guşum uçurdym elin,
Gidýaň, gowsun edýär Kerim,
Ýene-de ýazaýjak welin,
Sözlem agyr degdi maňa.

(17.04.2024)

***

SÖZ BERÝÄN.

Men saña söz berýän nika köýnekli,
Täleýmize tarap bararys durman.
Durmuşyñ ajysyn,süýjisin dadyp,
Biz bile bolarys , saña söz berýän.

Men saña söz berýän her säher çagy,
Bagtyña buýsanyp bakañda her ýan,
Gyzgyn gujagyñda göresiñ meni,
Biz bagtly bolarys, saña söz berýän.

Özge gözellerde gözüm ýok meniñ,
Özgeleñ deñinden geçeris durman.
Ahyrynda seni gujagma gysyp,
Biz bile bolarys, saña söz berýän.

Sensiz dünýäm dar görünýär gözüme,
Sensiz bu durmuşy näme edeýin ?
Tut elimden, ony asla göýberme,
Ölme çenli seniñ bilen gideýin.

Gussadan gözleriñ bolmasyn girýan,
Biz bagtly bolarys, saña söz berýän.

***

SUW PERIM.

Saçlaryňy göýbersene erkine,
Goý galgadyp geçsin garagol şemal.
Aýam seniň görküň görüp kemsiner,
Belki seň nuruňdan tapandyr kemal.

Ykbalymda açylmadyk sahypam.
Bir ýylgyrda bar gussamy ýuw perim.
Suw üstünden gözläp tapaýyn nirden?
Suw astyda syrly ýatan suwperim.

Umydyma umyt goşsun Umydym,
Bu maşgala bolsun bize baş gala.
Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin,
Ýürekdäki sözlerimi goşguda.

Dözmezim sen, özgelere dözmerin.
Duýgyly dünýäme geldiň görk berip.
Açyk deňiz kimin dury gözleriň,
Şol gözlerde galaryn men gark bolup.

***

BOLMALY.

Ýazgyt seni ýazypdyr ykbalyma ,
Sen meniňki ,men seniňki bolmagy.
Aýlanyp-dolanyp gelip ýanyma,
Sen meniňki ,men seniňki bolmaly.

Iki ýürek birleşip bir ganatda,
Ýaşaly biz göwünleri ganatman,
Kyn günde,şat günde ,her bir halatda,
Sen meniňki ,men seniňki bolmaly

Durmuşda hökmanmy kän pul ,uly jaý ?
Gezeli biz mala dälde göwne baý,
Agzybir ,asuda ýaşatsyn Hudaý ,
Elmydama sen meniňki bolmaly.

Guwanyp gezeli çagalarmyza ,
Baldanam tagamly balalarmyza,
Allam rysgal döwlet eçilsin bize ,
Ömür boýu sen meniňki bolmaly.

Hal soraşyp her günde, her hepde-de ,
Diller hökman däl-ä göwün geplese,
Allam nesip etse ahyrýetde-de
Sen meniňki ,men seniňki bolmaly.

***

KALBYMDAKY YŞK.

Agşam ara uwlaýşy deý şagallañ,
Uwlasam sönermi kalbymdaky yşk ?!
Dag etekde şuwlaýşy deý şemalyñ,
Şuwlasam sönermi kalbymdaky yşk ?!

Sendiñ birje sözde göwnümi alan,
Sensiñ birje sözde kalbymy dilen,
Sessiz aglasadym göz ýaşym bilen,
Suwlasam sönermi kalbymdaky yşk?!

Derdim agyr däri -derman etmeseñ,
Ýetmez sabyr meni goýup gitme sen,
Täze şygyr ,täze aýdymlar bilen,
Güýmesem sönermi kalbymdaky yşk ?!

Bes seni unutdym, şol günden bäri,
Barýaryn men täze "Gerçege" sary.
Geçmişi unudyp geljege sary,
Süýnmesem sönermi kalbymdaky yşk?!

***

GÖZLERIÑ SENIÑ.

Ýene ýatlaýaryn gözlerim ýaşly,
Göwnüm maýyl etdi gözleriñ seniñ.
Aýtsana gyz seniñ ýüregiñ daşmy,
Niçik duýmaýarsyñ halymy meniñ ?!

Sen tükenmez söýgüm, zemin-asmanym
Nirde sen söýgülim , niçik ahwalyñ ?!
Bagladym men saña bagtymyñ ýolun,
Derdime dermandyr näzleriñ seniñ.

Gel ýüregmiñ gulpun saña açaýyn,
Yşk meýiñden gana-gana içeýin,
Milýon gyzlañ barysyndan geçeýin,
Bir seni saýlady ýüregim meniñ.

***

MEŇZEMÄLI.

Gel ikimiz meňzemäli hiç kime ,
Ses-sedasyz sözleşeli uzakdan.
Bu dertlerim döner ahyr melheme,
Aramyzda dolup dursun duzaklar.

Güneşim sen, näçe uzakda bolsaň,
Şonça-da ýylanýan ýyljak ýalyndan.
Şeýdip çagalarmyz köpeler gider,
Çykar olar garyndan däl, galamdan.

Goşgularym-dert üstüne dert diňe,
Armanly-ýazgylam, ýazylman galsyn.
Gel ikimiz meňzemäli hiç kime ,
Hatda söýgümiz hem aýralyk bolsun.

***

MEN GÜNÄKÄR DÄL 

Nüçün maňa seredýärsiň gaharly?
Ömrüň şeýledigne ,men günäkär däl .
Hoşwagt geçirip ajap baharňy,
Şygryn şeýledigne ,men günäkär däl .

Ol söýýäniň seni söýmedimi ýar ?!
Aldap, uzak-uzak güýmedimi ýar ?!
Jöwzaly duýguňy duýmadymy ýa ?!
Onuň duýgularna, men günäkär däl .

Birje gezek hoşamaý söz diýmediň,
Şygyrlamdan päk duýgumy duýmadyň,
Aýdaý nüçün, söýýän ýigdi söýmediň?!
Meni söýmedigňe ,men günäkär däl .

Saýladyň has belent ýerde doglany,
Güli dälde, puly söýýän oglany,
Indi olam puly söýýär, dogrumy?!
Seni söýmedigne, men günäkär däl .

Bu gazalmy ,ol ýüzleriň ýazdyrdy,
Gör gaharly , ol gözleriň ýazdyrdy ,
Hem zäherli, ol sözleriň ýazdyrdy ,
Şygryň şeýledigne, men günäkär däl .

(2024)

***

ŞERT.

"Seni söýýän" diýýärsiň söýýäniň çynyň bolsa,
Meniň üçin ol şirin janyňa dözersiňmi ?!
Bilip bolmaz durmuşda, başa kyn günler düşse ,
Bu durmuşyň synaglarnyň baryna dözersiňmi?!

Perýat edip Perhat kimin daglary gazarsyňmy?!
Mežnun bolup Kyýas kimin çöllerde gezersiňmi?!
Tarypyma Nepes kimin dessanlar ýazarsyňmy?!
Tahyr kimin sandykda derýädä ýüzersiňmi ?!

Söýgi gizlin bolmaly ony gizlin saklarmyň ?!
Meniň üçin Seýit kimin özün jaýdan oklarmyň ?!
Ýa-da gerçek Görogly deý aždarhany ýoklarmyň?!
Garyp günde Garyp kimin bar zada dözersiňmi?!

Men nirede bolsamam meniň bilen bolarmyň?!
Aglar wagtymda aglap ,gülen wagtymda gülermiň ?!
Meniň üçin dünýäniň o çetindem gelermiñ?!
Söýgiň synagy kändir baryna dözersiňmi ?!

"Hemme zat bolar"diýýäň, ýanyňda guluň bolsa,
Hany indi bir zatlar gürledä diliň bolsa ,
"Seni söýýän" diýýärsiň söýýäniň çynyň bolsa,
Meniň üçin şu şertleriň baryna dözersiňmi ?!

***

Geldiñmi sen, duýgularmy depeläp,
Gussalara gark etmäge geldiñmi?!
Geldiñmi sen, ýarama duz sepeläp,
Umytlarmy ürkütmäge geldiñmi?!

Geldiñmi sen, ýalñyz ýürekde ýanan,
Ýakymsyz ýatlama bolup geldiñmi?!
Sözüñem, söýgüñem bolupdy ýalan,
Wepasyz wadañy alyp geldiñmi?!

Indi öz-özüme erkim ýetenok,
Begenerin görünmseñ gözüme,
Däli ýaly beýni uka gidenok,
Ýürek duýgym syganok sözlerime.

Geldiñmi sen, düýşlerime alaşyp?!
Sered-ä sagadam bardy bir çene.
Bary giç, bary puç boldy söýgümiz,
Bary bir geleniñ peýdasy ýog-a
GITSENE.

***

JOGAPSYZ SÖYGİ.

Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni ,
Seň bilen durmuşym örän hezildi.
Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni,
Joşan göwnim gam kölünde ezildi

Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni,
Kalbymyň töründe diňe sen bardyň .
Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly ,
Ömür ýollaryma ýalkymly nurdyň.

Şanyňa ençeme şygyr ýazardym,
Galam ,kagyz meniň hemram bolardy.
Elmydama seni ýatlap gezerdim,
Seň suratyň meniň gümram bolardy.

Ýadymda henizem şol geçen günler,
Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp.
Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy,
Şonda-da jogaby bilmedik çözläp.

Soňra biz öýmüzden daşary çykyp,
Şol mysaly berdik agam Tirkişe ,
Agam pikirlenmän jogabyn aýtdy,
Beýle zehin berilmeýär her kişä.

* * *

Ýadymda henizem şol geçen günler,
Remezan aýynyň ikinji güni ,
Size oýnamana men ejem bilen,
Barypdym,ýene-de göripdim seni.

Şol gün seniň bilen goňşy-golama,
"Ýarmezan"-y aýdyp aýlanardyk biz ,
Bolsakda biz bäş-on sany bir topar ,
Başga çagalardan saýlanardyk biz.

Şol gün sen owadan gaty ses bilen,
Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň .
Men bolsa utanyp ,uýalyp şonda ,
Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym.

Şonda-da olar meň başym sypalap,
Süýji-kökelerden paýym bererdi .
Soň ilkinji söýgim elimden tutup ,
Meni başga gapa alyp barardy.

* * *

Ýadymda henizem şol geçen günler,
Agamyň toýunda görüpdim seni  .
Gözel jemalyňy uzakdan synlap ,
Bagtyňa bendiwan edipdiň meni.

Şol gün elme alyp seň telefonňy ,
Görenimde seniň suratlaryňy ,
Içgin-içgin bakyp seredip çykyp ,
Dörenimde seniň suratlaryňy,

Gözim düşdi bir nätanyş oglana ,
Köşge şol suraty görmesedim hiç.
Şol gün çyn söýgimi aýtjakdym saňa ,
Indi bary giç.

Klasdaşlaň bilen uçurym güni ,
Durdyň sen bir ýigdiň elinden tutup.
Ýüregimde gaýnap joşan bu söýgim ,
Indi ýüregimde galypdy ýatyp.

Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok,
Müň dürli syr bardy gara gözüňde.
Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok,
Günä özimde.

Men saňa söýgimi aýdyp bilmedim ,
Seni söýüp guwanardym daşyňdan .
Goý meniňki ýaly jogapsyz söýgi,
Geçmäwersin hiç adamyň başyndan.

***

SÖÝÜP BILMERIN.

Men indi hiç ýigdi söýüp bilmerin,
Sebäp, söýen ýürek öldi bir mahal.
Seni söýdüm,söýgüledim sebäpsiz,
Seni söýdüm,kynçylyga döz gelip,
Emma sen söýgümi goýduñ jogapsyz,
Söýgümi soldurdyñ gelip bimahal.

Indi men hiç ýigdi söýüp bilmerin,
Bu ýaraly kalba kim derman bolar?
Enem-atam meniñ mähribanlarym,
Iñ söýgüli janym, gahrymanlarym,
Şolar näme diýse özleri biler,
Şolar näme diýse diýenem bolar.
Çünki eziz kyblam,mähriban käbäm,
Hiç haçan,
Hiç haçan,
Asla hiç haçan,
Bize ýamanlygy islemez olar.

Biwepa ýar indi meni ýatlama,
Ýalan sözläp gözleriñi ýaşlama,
Men unutdym,
Senem unutgyn meni.
Çünki men hiç ýigdi söýüp bilmerin,
Esasanam ýar seni.

***

"SAZA SİNEN SETİRLER" GOŞGULAR TOPLUMY.

AÝDYM AÝDALY (AÝDYM)

Oglan:

Biz bile ,meňzäp bilbile,
Gel bile aýdym aýdaly.
Ýaýrap gitsin dilden dile ,
Gel bile aýdym aýdaly.

Gyz:

Göwün uçsun gökde gaýyp ,
Guşlar kimin ganat ýaýyp ,
Özümizi gökde saýyp ,
Gel bile aýdym aýdaly.

Oglan:

Söýgümiz duýsun hemmeler ,
Söýgüden dolsun hemme ýer ,
Haýranlar galsyn özgeler ,
Biz bile aýdym aýdaly.

Gyz:

Aýdylsyn dilden -dillere ,
Aýlansyn ýoldan -ýollara ,
Ýadygärlik nesillere ,
Biz bile aýdym aýdaly.

İkisi bilelikde:

Bu ajaýyp döwrümizde,
Ýaşlarmyz tans oýnasynlar ,
Diňläp -diňläp doýmasynlar ,
Biz bile aýdym aýdaly.

Erem bagly diyarym bar,
Arkadagly Serdarym bar,
Joşgunly aydym-sazym bar,
Gel bile aýdym aýdaly.

***

SÖÝÝÄN DIÝME (AÝDYM)

"Men saña hiç haçan söýýän diýmedim"
(Şagül Dowadowa)

Maňa "Söýýän" diýme janym ,
Duýaýyn seň gözleriňden.
Bagyşlasaň bahar-ýazyň,
Gyşyň özgä dözmerin men .

Maňa "Söýýän" diýme janym ,
Gizle ony gursagyňda.
Bagş et maňa yşkyň jamyn,
Gaýnap dursun gursagymda.

Hakdan gelen päk duýgyny,
Gorap başar il gözünden.
Duýaýyn gizlin duýguňy,
Her halyňdan,her sözüňden.

Beýle kän näz etme janym ,
Saňa sadalyk ýaraşýar.
Ýör gideli mähribanym,
Bagt köşgi bize garaşýar.

"Seni çensiz söýýärin men",
Diýip düýşde güýme janym .
Aýtmasaňam bilýärin men ,
Maňa "Söýýän" diýme janym .

***

ÝÜREKDEŞIME (AÝDYM)

Enaýy garaýşyň bilen ,
Aldyň elden erkimi.
Bakyşyň bagrymy diler ,
Güjeňläp gül görküni.

Güldenmikä döreýşiň ?
Guwa meňzär garaýşyň ,
Tawus kimin ýöreýşiň ,
Haýrana goýar her kimi.

Söýgüm sygmaz dessana ,
Göwnüm sygmaz asmana ,
Intizar birje görmäne ,
Güle meňzeş görküni.

"Sen meniň geljegim" diý ,
"Ömürlik söýjegim" diý ,
"Gelsene Gerçegim" diý ,
Sözle süýji sözleriň.

***

GUTLAG AÝDYMY (AÝDYM)

Gutlamaga geldik bu gün,
Dostum toýuñ gutly bolsun.
Guwanyp begenik bu gün,
Mekan toýuñ gutly bolsun.

Gadamlaryñ batly bolsun,
Ömrüñ bal deý datly bolsun,
Hem ojagyñ o:tly bolsun,
Dostjan toýuñ gutly bolsun.

Ene-atañyz guwansyn,
Dost-ýarlarñyz begensin,
Toýuñ çawy dünýä dolsun,
Durmuş toýuñ gutly bolsun.

Mekan, Merjen goşa derek,
Bir bolýar gör iki ýürek,
Beýle bagt bolýar seýrek,
Dostum toýuñ gutly bolsun.

***

ÝAT BOLUP (AÝDYM)

Meni şahyr eden söýgüm,
Bu gün gitdiñ ýat bolup.
Ýalñyz goýup giden söýgüm,
Gezýärsiñmi şatlanyp ?!

Küýseýärin jemalyñy,
Duýmaýarsyñmy halymy?
Seni kuýsemez ýalymy,
Ýakýar yşkyñ o:t bolup.

Senden ylham aldym men,
Joşup göge galdym men,
Sen gidensoñ ga:ldym men,
Dünýäde hiç zat bolup.

Sendiñ ömrümiñ bezegi,
Saňa ýazýaryn gazaly,
Şirin atly bir gözeli,
Söýdüm men Perhat bolup.

***

AÝRALYGYÑ AÝDYMY (AÝDYM)

Paraladyň kalbymy ,
Harladyň hyýallarym .
Geçdi söýgi salgymy ,
Ýapyk saňa ýollarym.

Nüçin meni söýmediň?
Birje hoş söz diýmediň ,
Öň halymy duýmadyň
Indi hem duýaýmagyn.

Ynsan kalbyny jeňde ,
Goýup bormy eýsemde ?
Indi meni söýseňde ,
Söýýärin diýäýmegin.

Bakma gözde ýaşyma ,
Gyýylma aglaýşyma ,
Besdir, girme düýşüme ,
Armanda goýaýmagyn.

Artyk söýseňde çyndan ,
Saňa ynanmaryn men ,
Yza dolanmaryn men ,
Özüňem geläýmegin.

Söýmegin, söýäýmegin.

***

ÝATLAMA AÝDYMY (AÝDYM)

Göz ýaşlarym diňmeýär ,
Akýar gözden sil bolup .
Galdy ajy aýralyk ,
Ýüregimde köz bolup.

Sen göwünleň soltany ,
Sendiň ömrümiň ýazy .
Diňmeýär hiç diňmeýär ,
Ýaş kalbymyň owazy.

Gözüm ýaşly çalýaryn ,
Bu gün aýralyk sazy .
Gitdiň sen ýetim goýup ,
Iki ogul ,iki gyzy.

Gitdiň pany dünýeden ,
Kalplarda goýup közi .
Diňläp zaryn mukamy ,
Ýatlaýan Şanyýazy.

Maşgalaň daýanjydyň ,
Arkamyzda jan pena .
Gözlermiň guwanjydyň ,
Sendiň dilmizde sena.

Keçpelek saldy başa ,
Agyr ajyly güni,
Jan-jigerim Şanyýar ,
Ýalkasyn Allam seni.

Ýüreklerde ýaraly ,
Galdy Şanyýar adyň .
Çekýär bu gün çagalaň ,
Seniň ahy -perýadyň.

Dört garagöz balalañ,
Otur gözlerin ýaşlap .
Ýanýoldaşyň Sähragül,
Aglaýar seni ýatlap.

Kyrk ýaşyňda gitdiň sen ,
Bu ýalançy dünýeden .
Jennetde jaýyň bolmagny
Dileýäris Alladan.

***

PERMAN (AÝDYM)

Men saña söýgümi aýdaýyn nädip?
Günler geçip barýar ömrimden gädip,
Birje gezek görsem lebiñden dadyp,
Bu ýaş ýüregümde galmaýar arman.

Gözleñ derdime derman,
Sözleñ bagtyma perman.
Ynan ýaşap bilmerin,
Söýgülim seni görmän.

Ýüpek deý ýumşykjyk näzijek eliñ,
Bilbili men ýañja açylan gülüñ,
Isleseñ gapyñda bolaýyn guluñ,
Gel meniñ melegim ber maña perman.

Kalpdaky sözlermi getirsem dile,
Söýgimiz sowrulup gitmesin ýele,
Gel durmuş guraly ýaşaly bile,
Her gün şonuñ üçin işleýän durman.

***

GEREGIM (AÝDYM)

Ýürekdäkilermi dile getirdim,
Diñle Gurbangülim söýýärin seni.
Adyñy añymda,kalpda göterdim,
Kalbymyñ töründe goýýaryn seni,
Söýýärin ezizim ,söýýärin seni.

Mähirli ýylgyrşyñ alar janymy,
Wah, senem bilsediñ hassa halymy,
Bagladym men saña ömür ýolumy,
Gijeler düýşümde görýärin seni,
Söýýärin söýgülim, söýýärin seni.

Aý kimin nurana akja ýüzleriñ,
Ýyldyz deý lowurdar mawy gözleriñ,
Diñle ýüregimden çykýan sözlerim,
Gözleriñe garap aýdýaryn göni,
Söýýärin geregim, söýýärin seni.

Söýýärin melegim, söýýärin seni,
Öte geçen bolsam bagyşla meni.

***

AGŞAM ARA ÇAGY (AÝDYM)

Gör inhä ýene -de Gün ýaşyp gelýär,
Gör inhä ýene-de garalýar asman .
Agşam ara çagy ajaýyp bolýar ,
Synlaýan dünýäni ýüregim gysman.

Ýyldyzlar görünýär ýuwaş -ýuwaşdan ,
Hanha Aý hem ýere şöhlesin saçýar .
Ajaýyp wakalar geçip dur başdan ,
Nüçin gowy günler howlugyp geçýär?

Gündogar şemaly saçymy sypap ,
Özüne çekýärdi ajaýyp keşbi.
Agşam ara çagy dünýäni synlap ,
Agşam ara çagy ýazýaryn goşgy.

Gör ne gözel asman ,gör ne ajap gün ,
Şeýle gözellikden ganmaýar göwün.

(2011)

***

AÝTSANA (AÝDYM)

Bägül meni hiç wagt söýmediňmi aýtsana ?!
"Gerçek men seni söýýän" diýmediňmi aýtsana ?!
Gijelerine düýşüňde görmediňmi aýtsana ?!
Ýa-da meniň söýgümi duýmadyňmy aýtsana?!

Gündizlerne görmesem, gijelerne bikarar ,
Günde görsem gül ýüzüň men bagtyýar,bagtyýar ,
Seni söýýän ýürekden çyn söýgi baky ýaşar ,
Kalbymdaky duýgymy duýmadyňmy aýtsana?!

Bägül seniň şanyňa ençe goşgy ýazardym,
Hem daşyňdan guwanyp seni söýüp gezerdim ,
Ynan sa


111

16

3

1

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 11.12.2024 / 21:40

+0

Tűweleme agam. Gaty ajaÿyp.

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 11.12.2024 / 21:41

+0

Kitap edip çkardyñmy agam?! Űstinlik saña


Özümiziňki
Gerceknazar  (12.12.2024 / 07:28) 

@menin_dunyam, howwa kitap edip cykartjak bolyan. Köp sag bolun, sizede üstünlik arzuw edyan.

 Premium
 Belki [31s]
  Sen durmuşyma girseň, ýalňyzlyga ikilik edýän ýaly
 13.12.2024 / 18:33

+1

Agam, grammatiki taydan goz gezdireyinmi ya haysysy derkar, haysysy derkar dal diybem seredeyinmi?

Iki tarapdanam seretmeli yerleri bar.
Giris sozlemini asa uzak gordum. Yazyjy ozuni gizlinrak saklasa gowumyka diyyan. Gizlin zat gyzyklanma oyarya. Hemem sozleme girisi reklama gorup oturan yaly "Eger siz pylan hili gosgulary okamak isleseniz...".

Men oz kitabymy tayyarlamda-da Siraly agan kitaby tayyarlananda-da Suleyman bilen telefonda gurlesip, her gosgyn ustunde duryadyk. Siz bilenem bir gun seydip bileris.


Özümiziňki
Gerceknazar  (15.12.2024 / 08:42) 

Belki, şeýtsek juda oñat bolardy. Göwnemedik goşgularñyzy aýdaýyñ.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Klasdaş gyzlara


Gowy ekeni yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Klasdaş gyzlara
Bagul (Şugün, 04:56)

Kemsinmezmi çaga yürek?


Gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kemsinmezmi çaga yürek?
BAYOGUL (Şugün, 04:30)

Kemsinmezmi çaga yürek?


Gynançly eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kemsinmezmi çaga yürek?
@menin_dunyam (Şugün, 01:05)

Kemsinmezmi çaga yürek?


Elbetde kemsiner...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kemsinmezmi çaga yürek?
@menin_dunyam (Şugün, 01:04)

Bolmaýanmyş.


Bar bolsa mowzuk edip açay. Okaly...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
@menin_dunyam (Şugün, 01:04)

Bolmaýanmyş.


Başkada năhili gowja goşgylary barka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
@menin_dunyam (Şugün, 01:03)

Bolmaýanmyş.


Gowy ÿazÿan eken. Ÿetirip dur....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
@menin_dunyam (Şugün, 01:03)

Gyz haty..


Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma, Ylaýym, duşma-da bela-betere! Eger bagtyñ ýatsa... Bir zaman da:şa Öwrüp zyñan ýüregime büdüre!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gyz haty..
@menin_dunyam (Şugün, 01:02)

Gyz haty..


Gaty gowy. Haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gyz haty..
@menin_dunyam (Şugün, 01:02)

23-nji fewral


Kăte mowzukda çekeleşme hem gitya gaty gőrme jigim...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | 23-nji fewral
@menin_dunyam (Şugün, 01:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика