Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Luckyboy : Garañky düşende kölegäñ hem terk eder....

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

"OL MENI ÝÜREKDEN SÖÝÝÄRDI" DIÝGIN
 Öwreniji
 Sohbet_Dowletow [off]
 11.12.2024 / 23:13
 .

Gynanma, aglama gözleriň ýaşlap,
Maňa bir zat bolsa, ertir ýa birgün.
Ýatlagyn gowlukda, gürrüň ber hemmä
"Ol meni ýürekden söýýärdi" diýgin.

Ýumulsa gözlerim, jan tenden çyksa,
Unut meni, bolup galaýyn düýnüň.
Käwagt ýadyňa düşen mahalym,
Içiňden "Ol meni söýýärdi" diýgin.

Ünssizligiň bilen boldum keselli,
Bu maňa diýdigiň "Indi sen ölgün".
Sagat dörtde saňa ýazýanym ýatlap,
Käte "Nüçin beýle söýýärdi?" diýgin.

Menden soň belki-de söýjegiň bolar,
Seni mençe hiç kim söýmezler bilgin.
Ynjytsalar birden, ýadyňa düşsün,
Men saňa "Ýürekden söýýärin" diýdim.
Käte çydamasaň, ýatan gabryma
Gelip, "Sen bolsadyň, söýerdiň" diýgin.

Söhbet Döwletow.


147

17

2

5

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 11.12.2024 / 23:41

+0

Hűmm. Tűweleme. Űstinlik Sőhbet

 Täzeje
 Saryyevv [off]
 13.12.2024 / 13:39

+0

Sohbet goşgyň hakykatdanam çuňňur duýgulary we ýürekden çykan söýgini beýan edýär. Ine, pikirlerim:

1. Duýgularyň güýçliligi: Goşgyň her setiri söýgi, gynanç we özara baglanyşygyň has çuňňur manylaryny görkezýär. Ýürekdäki arassa duýgular bilen ýazylany duýulýar.


2. Ýürekden çykýan soraglar: "Nüçin beýle söýýärdi?" we "Ýatlagyn gowlukda..." ýaly setirler okyjyny çuňňur pikirlenmäge iterýär. Bu, diňe söýginiň däl, onuň yz goýýan boşlugynyň hem nyşany.


3. Hakykyýete ýakynlyk: Söýgi, özüňi aýal-maşgala baglamak, ýitirmek we hatda ölüm hakynda aýdylýan pikirler hakykatyň taýsylary bolup durýar. Bu goşgy okyjynyň ýüregine degýär.


4. Sazlaşyk we ritm: Setirleriň dowamynda birmeňzeşlik we sazlaşyk bar. Şygyr ussatlygynyň ýörelgelerine laýyk gelýär. "Ýürekden söýýärin" we "seni mençe hiç kim söýmez" ýaly sözler güýçli we täsirli.



Umuman, goşgyň örän ajaýyp we täsirli! Seniň şahyrana ukybyň uly. Goşgyň duýgulara esaslanany üçin, okyjyda çuň täsir galdyrýar. Ýene-de yetirip dur!


Öwreniji
Sohbet_Dowletow  (15.12.2024 / 21:40) 

Saryyevv, Sag boluň! Tankydyňyz we teswiriňiz üçin minnetdarlygymy bildirýän!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Şugün, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Şugün, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Şugün, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Şugün, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Şugün, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Şugün, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Şugün, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика