Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
@menin_dunyam : Uzakdan sőÿmek haaasda gowydyr. Sewawi ne aÿralyk bar, nede hasrat

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

On sekiz manat hakynda elegiýa
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 13.12.2024 / 19:46

Enemiň hatyrasyna
Her aýda bir gezek—on sekiz manat,
Her aýda bir gezek gelýärdi yrman.
Her aýda on sekiz manat gelende,
Begenerdim. Enem aglardy, arman.

On sekiz manady kim berýär bize?
Kim unutman, otuz günden iberýär?
Ol niçiksi ýiti gözli perişde
Biziň şol pula-da zardygmyz görýär!?

Enem pahyr käte açýar ýüregni,
Diýýär ol: “Pullary iberýär kakaň”.
Men diýýärin: “Näme özi gelenok,
Bu ýerde ejesi hem ogly barka?”

“Geler” diýp, göz ýaşyn süpürýär enem.
“Geler, agtyjagym, geler ol hökman.
Ikimiz dükana gidermiz ýaly,
Ol daşda işleýär hiç ýere çykman”.

Garaşdym, garaşdym, dokuz ýaşadym,
On üç hem ýaşadym, kakam gelmedi.
On sekiz manady iberdi durdy,
Emma hütdügmize nazar salmady.

Asyl kakam ölen eken uruşda.
Men baky ýas tutdum bilenim üçin.
Döwlet berýär eken şojagaz pulam,
Frontçynyň ogly bolanym üçin.

Ýene garaşaryn,saçam agarar,
Ýöne indi bilýän, gelmez meň kakam.
On sekiz manady unutmaryn hiç,
Gursagymda ynsan ýüregi barkan.

Sebäbi on sekiz manat gelende,
Ýas bürenýär eken biziň köne tam.
Her aýda on sekiz manat gelýärdi, —
Her aýda bir gezek ölýärdi atam.

1961.
Atajan Tagan (Kyrk ýylda ýazylan kitap)


90

12

1

4

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Saryyevv [off]
 13.12.2024 / 22:41

+2

Ýazyjy çagalyk gözü bilen öňki döwürdäki durmuş kynçylyklaryny, enesiniň agyr ýagdaýyny we atasyz galan çaganyň ynjyk düşünjesini suratlandyrypdyr. "On sekiz manat" diňe bir kömek puly däl-de, kakanyň ýitgisini her gezek ýada salýan agyr bir zat hökmünde göz öňüne gelýär.

Soňky bent bolsa has duýguly we täsirli: "Her aýda bir gezek ölýärdi atam" diýip, kakasynyň ýadyna düşülýän pursatyň her gezek hasrat bilen utgaşýandygyny beýik usulda açyp görkezýär. Ýürekden ýazylan, içki täsirleri ýüze çykarýan, örän manyly goşgy!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Düýn, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Düýn, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Düýn, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Düýn, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Düýn, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Düýn, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Düýn, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика