Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Perman : Ýolbars nähili aç bolsada itleriñ aşyna seretmeýär.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ýürekdeş
 Täzeje
 Ahmet [off]
 13.12.2024 / 22:45

Ýürekdeş

Durmuşym erteki, döndüň şagyza,
Men bir aşyk, şahyryň-la ýürekdeş.
Kalbymdan syzylyp geçdi kagyza,
Sözlerim gelmedi dile ýürekdeş.

Göwnüm açlyşypdyr, dälem güň ýaly,
Ykbala bagt berdiň, çoýduň dünýämi,
Nurundan saralan ýüzüň Gün ýaly,
Bedeniň meňzeýär güle ýürekdeş.

Gidäýseň çydar.
Ýok!
Mydar ýok janda,
Kalba beg bolupsyň öň bolsaň anna:,
Ýetmeris saklansak, bagtymyz ho-onda,
Ýöräli el berip ele ýürekdeş.

Bu bir gudrat gökden ýere ýeteni,
Hakdan serpaýly biz ýeňsek sütemi,
Biz yşk bilen yşk biz bilen bitewi,
Men seň bilen sen meň bile ýürekdeş.




Ölmeli bolsam
Yşk diýenin öwrenip bor öýtmändim,
Saňa duşup öwrendim men söýmänem.
Dünýä boýdan başa gussa däl eken,
Ýaşap boljak eken munda köýmänem.

Agyr dertlerimi özüm okardym,
A häzir okaýar goşgymy Dünýäm.
Öň dünýäň sazyna başym ýaýkasam,
Tans edýär ajaýyp yşgyma dünýä.

Gözleňde görünýär geljegim aýdyň,
Göýä diýrsiň ýazylan deý basmaça.
Hemme zat düşnükli,
Düşnüksiz bary,
Asman, zemin tutuş barlyk başgaça...

Ýolundan azaşan çagajyk ýaly,
Biz ýöresek ha o ýana bu ýana.
Bagtam yzymyza düşüp ýör galman,
Indi onuň hossary deý biz,
ýöne
şonda-da bir hasrat çökse göwnüme,
Didäňdäki uçgunjyklar güldürer.
Eger men iru-giç ölmeli bolsam,
Sensizligiň gussalary öldürer.

Ahmet Arazow


106

13

0

3

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Düýn, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Düýn, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Düýn, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Düýn, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Düýn, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Düýn, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Düýn, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика