Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Men ejem mana dunyani berdi. On ejesi mana dunyami berdi. #Yekejelai

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Wyždanyň sesi
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 15.12.2024 / 10:02

Gijäň göbeginde, ýumulmaz gözlem,
Wyždanymyň sessiz hüwdüsin diňläp.
Gyzgynjagy bilen aýtmaly sözlem,
Galypdyr heňläp.

Agzymy dolduryp nahar iýýärin,
Kimler, açlygyndan mejalsyz ýatyr.
Men bolsa, gündelik işlerim hakda,
Edýän howatyr.

Ýaraglar jan alýar, jaýlar ýumrulýar,
Bigünä çagalar gömülýär ýere.
Ökünýän, elimden hiç zat gelmänsoň,
...Kömek edere.

Uýalýaň, baryna göz ýumýanyňdan,
Gelýän habarlara, gulagym dykýan.
Ertire, nä umyt kimler janyndan...
... Özüme bakýan.

-Ýüregňe batyryp jadyly periň,
Dünýäň derdi bilen oda ýanýarsyň.
Ynsanlyk namyna bar edýän zadyň,
Goşgy ýazýarsyň!

© Süleýman TEKÄÝEW


86

7

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 15.12.2024 / 13:42

+1

"Ýaragalar" ?


Özümiziňki
Hyyalbent  (15.12.2024 / 15:05) 

Gulmahrem, sagboluň düzetdim!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Şugün, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Şugün, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Şugün, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Şugün, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Şugün, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Şugün, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Şugün, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика