Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : I'm quiet but not blind Sessizdirn ýöne kör däl
Dekabr. Gyş. Gar.
Gytyndan Baron [off] 16.12.2024 / 09:53 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Dekabr. Gos-goýy asmandan ýere
Aýaza bäs gelmän inýär akja gar.
Ap-ak zemin ümsümligne hiňlenip,
Gursagymda duýgularym ykjaýar.
Ak gar armanyma duz sepeleýär,
Serime getirýär ýatlamalary.
Bilýän, belki, küýseýänem dälsiň sen,
Isleýänem dälsiň ýatlanaryňy.
Men bolsa, henizem senli oýlarda,
Henizem şo-ol seni ezizläp ýörşüm.
Bagyşla, bir pursat unudan bolsam,
Diýme düýşe girip: “Ejizläp ýörsüň...”
Ýok!
Men, bilseň, indi bireýýäm bäri
Senli ýatlamama hüşgär sakçy, ýar!
Gyş gelende, nämüçindir, gamlanýan...
Syrap, däli bolup ýagýan akja gar
Köşeşere maý berenok, eý, aman!
Duýgularym ýaryp barýar kalbymy.
Ýatlamalar yzly-yzyna tirkeşip,
Beýnimiň, ýüregmiň bermän salmyny,
Gynaýar...
Dyzaýar hyjuwlam saňa,
Ýatlaman bilemok, bagyşla, dildar.
Ilkinji, paşmadyk söýgim barada
Däliräpler aýdym aýdýan akja gar
Ýagybersin!
Ýarybersin gursagy!
Men, barybir, doňup bilmen bu gyşda.
Bagyşla!..
2014ý.
©Sapa HOMMADOW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk