Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “After meeting you, I always smiled. You always made me smile.”
Tapylmaz
Gytyndan yurekdes [off] 16.12.2024 / 13:52 Diller dymýan wagty, gözler gürleýä...
TAPYLMAZ
Ýakymly göwünler — ýakymly güller,
Ony ýaman diýip agzan tapylmaz.
Hasylyň gadyryn güýzde bilerler,
Gyşyň örküjinde harman tapylmaz.
Ata-ene göwnümiziň söýenji,
Tebigat beripdir bize bu genji.
Begençler içinde ene begenji,
Ene armany dek arman tapylmaz.
Synla ýatan daşy, synla daragty,
Bardyr egsik wagty, arzyly wagty,
Eger çyn göwheriň bolmasa bagty,
Ony gara şaýa alýan tapylmaz.
Bu dünýä şu syry bilinen dünýä —
Göni tary ilki ýolunan dünýä.
Gadymdn terezä salynan dünýä,
Şeýtan agajyny deňlän tapylmaz.
Keselden gorasaň, söz bilen gora,
Gülüp duran nurly göz bilen gora.
Eý, lukmanlar başy, galma azara,
Ynsan mähri ýaly derman tapylmaz.
Italmaz AKMYRADOW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk