Ýürekdeş sözler!
Dunyodagi : Menä küseýän.ýöne meň bilen işem yok
Gözelligiñ gözleginde (kitabyñ dowamy)
Özümiziňki Gerceknazar [off] 16.12.2024 / 15:16 Kanagatly bende baýdyr soltandan
"GÜLÜŞMEK AÝYP DÄL" GOŞGULAR TOPLUMY.
8-NJI MARTYÑA SOWGAT
(Öz durmuşymdan degişme)
8-nji martyña,
Näme sowgat etsemkäm?
"Gawun-garpyz al" diýdi,
Nirden gözläp tapsamkam?
Ine barýan bazara,
Ýanymda-da pulum ýok.
Aýdyñ indi nädeýin,
"Ýok" diýmäge dilim ýok.
Aýlandym, kän aýlandym,
Tapmadym,hiç tapmadym.
Bazarda başagaýlap
iki ýana gatnadym.
"Almasañ gelme" diýdi,
Indi nädip gaýdaýyn?
Garpyz nirde satylýar,
Gaýrat ediñ, aýdaýyñ ?!
(08.03.2023)
***
A GYZ , BERÄÝ NOMERIÑI !
"Ýüregme sen saldyñ şram,
Haýpyñ gelsin birje gram,
Götermez derdim moşny kran,
A gyz ,beräý nomeriñi!"
(Degişmelerden)
Seni gördüm, mament söýdüm,
Diýdim ,"Beräý nomeriñi!"
Ýalbardym berersiñ öýdüp,
A gyz, beräý nomeriñi!
Tarypyñy ýazdym ençe,
Heý gözel barmyka sençe?
Gije urlup geldim şunça
Haýyş ,beräý nomeriñi!
"Altmyş bäşlik" diýip gülýäñ,
Nüçiýn meni oýnan bolýañ?!
Ahyr berjegiñä bilýän,
A gyz, beräý nomeriñi!
Düýn agşam ýanyña bardym,
Agañ bar eken soñ gördüm,
Wah , şonda-da gaýtdym urlup,
Indi, beräý nomeriñi !
Öýe geldim kakam gördi,
"Näm boldy ?" diýp sorag berdi,
Sen maña bolduña görgi,
Haýyş, beräý nomeriñi!
Agalarmyñ bary bildi,
Baryda üstümden güldi,
Ejemjanyñ haýpy geldi,
Haýyş ,beräý nomeriñi!
Erkek sözün berýär Gerçek,
Seni jandan eziz görjek,
Diñe saña göwün berjek,
A gyz ,beräý nomeriñi!
(28.04.2020)
***
ÜZÄRLIGMIZ BAR.
Derde derman dänemişin,
Üzärligmiz bar biziñ.
Koronajyk nämemişin
üzärligmiz bar biziñ.
Şundan gowy derman bolmaz,
Muny başga millet bilmez,
Tüsseletseñ wirus gelmez
Üzärligmiz bar biziñ.
Señ derdiñden koronawirus,
Adamlaryñ keýpi minus,
Türkmen tapdy antiwirus
Üzärligmiz bar biziñ.
Üzärlikdi mellek doly,
Mellegimiz takrap galdy,
Baryn goñşy-golam aldy,
Üzärligmiz ýok biziñ.
Gerçek aýdar haýran men-ä,
Dünýä doldy şeýle bela,
Oka, öwren senem bil-ä,
Dermanymyz kän biziñ.
***
ÝAÑSYLAMA
Boýaglaryñ saçyñ erkini aldy,
Pamadalar ýüzüñ görküni aldy.
Çüýrik dişi bilen alma iýende,
Otuz iki dişi ,otuz bir boldy.
Dyrnaklaram reñk, ýüzlerem reñk,
Kirpiklerem reñk, gözlerem reñk.
Sypaty durşuna reñk bolup dur,
Hatda her bir aýdan sözlerem reñk.
Hemme gyzlar olar ýaly bolanok,
Sypaýy gyzlaram gördüm men ençe.
Ýöne nämüçindir käbir gyzlara,
Utanç-haýa atylmandyr bir çemçe ?!
***
"BALDAN SÜÝJI BALAJYKLAR" GOŞGULAR ÝYGYNDYSY.
BALDAN SÜÝJI BALAJYKLAR
Baran ýeri alaýazdyr,
Baldan süýji balajyklar.
Şatlyk-şowhun, aýdym-sazdyr
Şadyýanja lälijekler.
Gülküleri derde derman,
Oýnar hiç bir ýerde durman,
Oñmarys biz, sizi görmän,
Ak göwünli çagajyklar.
Siz bägülmiz , gerçegimiz,
Arkamyzda durjagymyz,
Siz nurana geljegimiz,
Owadanja lälejikler.
Çaga-öýleriñ gelşigi,
Çaga-toýlaryñ gelşigi,
Maşgalañ altyn aşygy
Baldan süýji balajyklar.
***
BEGZADA
Enäniñ guwanjy , atañ buýsanjy
Baldan süýji balajygym Begzada.
Sensiň maşgalanyň arkadaýanjy
Gülden görkli çagajygym Begzada.
Kikirdäp gülüşiň dertlere derman,
Bolaýyn garaja gözlerňe gurban,
Sen bolsaň ýanymda ýok mende arman,
Baldan süýji balajygym Begzada.
Adyňa döneýin Muhammetnazar,
Seni söýüp , aýap , gorar Begnazar,
Ogulbahar diňe sen diýip gezer
Baldan süýji balajygym Begzada.
Arzuwlarym kändir ýagşydan-ýagşy,
Ýaşyň uzyn bolsun , ýollaryň ýagty,
Alladan dileýän saňa ak bagty
Baldan süýji balajygym Begzada.
Gülden görkli çagajygym Begzada.
***
HARPLYK GOŞGUSY.
A.
Atajan,Agajan,Aýna
Joralarym ,dostlam bary .
"Alma ,alma alma!"diýip ,
Aňsatjak öwrendim A-ny .
B.
Baýram dostum geldi bu gün,
Diýdi ,"Dosdym ýör oýnaly!"
"Baba,Baýram,Bahar"diýip ,
Bahymjak öwrendim B-ny .
Ç.
Çagajyklar oýnaýarlar ,
Çemen,Çerkez,Çynar,Çary .
Şolaryň adyn gaýtalap ,
Çaltjak öwrendim Ç-ny .
D.
Didar mugallym öwretdi ,
Ähli sany sanamany .
"Dört,dokuz,kyrk dört"diýip ,
Derrewjek öwrendim D-ny .
E.
Ejemjanym, ezizlänim ,
Janymdan eý görýän seni .
"Ene kalba eýe"diýip ,
Eglenmän öwrendim E-ni .
Ä.
Äýneklije aýazbaba ,
Geldi sowgat paýlamaga .
Äşe "Äýnek äber"diýdi ,
Şonda öwrendim men Ä-ni .
F.
Futbol oýnamaga gitdik ,
Üýşüp oýnaýas futboly .
"Fanta , futbol , futzal"diýip ,
Bahymjak öwrendim F-ny.
G.
Şahyr joşýar,goşgy goşýar
Gursagyna gelse göni .
"Şahyr goşgy goşdy"diýip ,
Gaýtalap öwrendim G-ny .
H.
Harplyk baýramynda bu gün ,
Sanaýas ähli harplary .
"Hormatlasaň hormatlarlar "
Diýip öwrendim men H-ny .
I.
Irden turýan,ýuwunýaryn ,
Ýygnaýan ýatýan ýerimi .
Maşk edýärin,iýip-içýärin ,
Diýip öwrendim I-ni .
J.
Jennet mekan Türkmenistan,
Sensiň jigerimiň jany .
"Jeren,Jemal joralarym ",
Diýip ,öwrendim men J-ny .
Ž.
Žirafany gördüňmi dost ,
Žurnalda gördüm men häli .
"Žirafa hem žurnal"diýip ,
Aňsatjak öwrendim Ž-ny .
K.
Kakamjany eý görýärin ,
Olam gowy görýär meni .
"Kakamjanym kyblam "diýip ,
Derrewjek öwrendim K-ny .
L.
Lukmanlarmyz-dermanlarmyz ,
Dertden halas edýär bizi .
"Lukman gerek hökman "diýip .
Öwrendim men L harpyny .
M.
Mugallymlarym sag bolsun ,
Öwredýärler köp zatlary .
Bu gün ýene mugallymdan ,
Öwrendim men M harpyny .
N.
N harpynam öwretdi ol ,
Söýýärin mugallymjany .
Ýene gaýtalap-gaýtalap ,
Öwrendim men N harpyny .
Ň.
Bu harpdan başlaýan söz ýok ,
Onda-da gerek hökmany
"Gaňňa,töňňe,iňňe"diýip ,
Öwrendim men Ň harpyny .
O.
Okaýarys , öwrenýäris ,
Söýýärin öz mekdebimi .
Inhä bu gün şol mekdepde .
Öwrendim men O harpyny .
Ö.
Öwrenýärin men kän zady ,
Öwredýär mollymyň özi .
Özleşdirip sapaklary ,
Özümem öwrendim Ö-ni .
P.
Pajarlaýar pudagymyz ,
Pugta Arkadag permany .
"Perman , Pena,Pälwan "diýip ,
Öwrendim men P harpyny.
R.
Rahym,Rahman,Resul,Roza ,
R harpyndan gelýär bary .
"Rüstem , Röwşen , radio" diýip ,
Ahyry öwrendim R-y .
S.
Sylaýany sylaýaryn ,
Söýýärin men söýýänleri.
Ejemjanym söýýän seni ,
Diýip öwrendim men S-ny .
Ş.
Arkadagly Serdaryma ,
Aýdýarys biz şöhrat-şany .
"Şygyr,şöhrat hem şan"diýip ,
Derrewjek öwrendim Ş-ny .
T.
Tirkiş aýlanyp tigirli ,
Tigirçegni tigirledi .
Aýamady jany-teni ,
Diýip öwrendim men T-ny .
U.
Ulylary sylaýaryn ,
Hem-de söýýärin kiçini ,
"Ulag,uly,umyt"diýip ,
Öwrendim men U harpyny.
Ü.
Ülkämiziň balalary ,
Şu güni hem-de geljegi.
"Ülje,üzüm,ülke,ülker",
Diýip öwrendim men Ü-ni .
W.
Watan -çuňňur mukaddeslik ,
Gorap, söýeliň watany .
Watan waspy dilde dessan ,
Diýip ,öwrendim men W-ny .
Y.
Ylym-bilim ojagynda ,
Öwrenýäris kän zatlary .
Ynha bu gün mugallymdan ,
Öwrendim men Y harpyny.
Ý.
Ýürek bilen aýdylan söz ,
Eýeleýär ýürekleri .
"Ýürek-ýuwşak ýüpek"diýip ,
Ýatda sakladym men Ý-ny.
Z.
Zamanamyz ajap zaman ,
Ýurdum Arkadag Serdarly .
Ýaşap ajap zamanada ,
Öwrendim men Z harpyny .
Jemleme:
Mugallymlarym sag bolsun ,
Bize ylym-bilim berýär .
Şatlygyma deňje şärik ,
Ýykalamda elin berýär .
Türkmen dili -ene dilim ,
Öz dilimi söýýärin men .
Türkmen taryhy tükenmez ,
Oňa hormat goýýaryn men .
Edebiýat-eziz edebim ,
Hemme dersi öwrenýärin .
Arkadagly Serdar bilen ,
Döwrebap bilim alýaryn .
Ak mermerli binalarda ,
Ylym-bilim alýarys biz .
Göýä bedew bady bilen ,
Diňe , öňe ,barýarys biz .
Guwanýaryn, buýsanýaryn ,
Şeýle ajap zamanym bar .
Okaýarys , öwrenýäris ,
Bilim doly kitabym bar .
Ellerimde galam, depder ,
Gollarymda dürli kitap .
Bolaryn ökde mugallym,
Ençe-ençe kitap okap .
Her gün bäşlik baha bilen ,
Ejemjany begendirjek .
Kakamjanyň diýýenni edip ,
Şeýdip ylym-bilim aljak .
Watanyma hyzmat etsem ,
Ýokdyr ýüregimden arman .
Ýaşasyn Türkmenistanym ,
Ýaşa Arkadagly Serdar !
Biz bagtyýar bagtly ýaşlar,
Barha aýdyňdyr ýolumyz .
Alkyş Size ,
Şöhrat Size ,
Arkadagly Serdarymyz !
***
"DÖREDIJILIK SYNAGLARY" GOŞGULAR ÝYGYNDYSY.
GAZAL
Dişleriñ, deñiziñ dürdänesimi?!
Sözleriñ, kalbymyñ syrhanasymy?!
Mähriñem ýyljajyk göýäki Güneş,
Gursagym mähriñden ,hiç ganmadymmy?!
Umman deý gözleñde galýan gark bolup,
Hany halasgärim ,ýar gelmedimmi ?
Kirpigi hanjardyr kalbyma sünjer,
Ýa-da aşygyndan ar almasymy?
Ogşamana dözmen ýañaklaryndan,
Ýañja gyzaranja ter almadymy?
Yşk meýin içsedim dodaklaryndan,
Damjalap-damjalap bal dammadymy?
Dillerden dökülen dür dänelerem,
Waspyñy ýazmaga ýaýdanmadymy?
Dessanlar däl, romanlaram az saña,
Bu gazal ummandan bir damjadymy?
***
MESNEWI
Gözlerimi ýumup, kürsä ýaplanyp,
Arassa howadan barha taplanyp
Goşgy ýazýan gözel tebigat hakda,
Tebigata söýgüm joşýar ýürekde.
Göwnüñi göterýär ýazyñ howasy,
Seriñi sämedýär gülleriñ ysy.
Kebelekler gülden-güle pyrlanýar,
Çeşme çaýlar akdygyça durlanýar.
Dagyñ eteginde dyzyma çöküp
otyryn ,daglaryñ suratyn çekip.
Göz öñüme gelýär ,owadan daglar,
Owadan jülgeler, owadan baglar.
Görünýär uzakdan al-elwan güller,
Gülleriñ başyny yrayar ýeller.
Diñledim ,guşlaryñ hoşamaý sesin
Synladym ,daglaryñ belendin-pesin.
Dagyñ depesinde lowurdap şapak,
Bulutlar hem göýä gyrmyzy ýüpek.
Asmana görk berip gyzaryp dur ol,
Inçe sapak kimin uzalyp dur ol.
Ondan soñra Güneş daga girende,
Guşlar nagma kakyp baga girende.
Asmandaky şapak gyzaryp barha,
Asmanyñ ýüzüne uzalyp barýar.
Ondan soñ metjitde azan ýañlandy,
Ähli işler goýlup azan diñlendi.
Gerçek, indi senem goşguñy goýda,
Agşam namazayñy okagyn öýde.
***
MÜSELLES
Diýýärsiñ "Durmuşyñ manysy näme?"
Meniñ üçin dünýe durşuna nama,
Näçe ýazdygymça ýazasym geler.
-Alla adamzady ýaratdy nüçiýn?
-Berk durup Hak ýadyn kylmagy üçin,
Akylly biler we Alla sygynar.
Ýene soraýarsyñ "Adalat nirde?"
Bir seret ýüzüñden perdäñi syrda,
Hakykaty halk bilmeýär Hak biler.
Elmydam aýap gez amanat jany,
Nadanlaryñ bolmaz sözünde many,
Gybatkeşden geler bolsa gep geler.
Gezgin munda gaýgy-gussa gysylman,
Iki dünýe bagtyýardyr musulman,
Gapyllaryñ gaýgy-gamy köp bolar.
Akyl aglar, akmak sürer döwrany,
Budur dünýäñ pesliginiñ beýany,
Dünýeligiñ dünýe bilen dep bolar.
Gerçek ,munda ýagşy-ýaman bilip git,
Ybadat kyl, abraý, sogap alyp git,
Akylly öz etjek işin bek biler.
***
MURAPBAG
Saña wesýetim başda,
Ilki özüñden başla.
Alajyñ barmy başga?
Ogul-gyzyñda başla.
Hak ýola ugratjakmy ?
Ýa-da akyl satjakmy ?
Bir ýagşylyk etjekmi ?!
Ilki özüñden başla.
Ömrüñ-ä barýar ötüp,
Deñ ýary geçdi ýatyp,
Özüñ-özüñe ýetik
Ilki özüñden başla.
Alyp barýañ-la erkim,
Hany Hudaýdan gorkyñ?
Soradyñmy heý, men kim?!
Iñ päk çagadym başda.
Eý nebsim, şirin nebsim!
Saýla ýoluñ iñ gowsun,
Günämiz azmy eýsem?
Diý ,"Allahym bagyşla!"
***
MUHAMMES
Beýan etsem duýgumy syrym ýaýar syrdaşym,
Kagyz bolar dertdeşim,galam bolar goldaşym,
Güler ýüzüñ gündüzmi, gijemi gara saçyñ ?!
Senden gowsun taparynmy, aýlansam dünýäñ daşyn ?!
Klasdaşym, göwün hoşum, bol ömürlik ýoldaşym!
Sen maña "däli" diýmegil , bu durmuşyñ özi däli,
Hiç gözeli söýmedim men, ynan seni söýşüm ýaly,
Ýerde ýalñyz durnañ menem, gökde uçmak hyýaly,
Bir-birege göwün berip, saýlaly biz bir ýoly,
Klasdaşym, göwün hoşum, bol ömürlik ýoldaşym!
Bu durmuşyñ ýollarynda uçurym kän, böwet kän,
Bu durmuşda ýalandan, seni söýjek ýürek kän,
Gidende gelmezek kän, ýalan wada, duzak kän,
Gerçeknazar, aýdar bu gün özge ýigde seretmän,
Klasdaşym, göwün hoşum, bol ömürlik ýoldaşym!
***
MÜSEMMES
"Ýeller zaryn mukam çalýar,
Şirin ,Şirin , Şirin, Şirin."
Nobatguly Rejepow
Gür ýapraklar pyşyrdaşdy, "Şykyr-şykyr", "Şirin-Şirin",
Ýakýar yşkym ataş deý,"Şitir-şitir","Şirin-Şirin",
Ýagýar ýüregme ýagyşlar,"Şybyr-şybyr" ,"Şirin-Şirin",
Diñle, seslenýär agaçlar, "Şytyr-şytyr","Şirin-Şirin",
Gitmeýärle gulagymdan, "Şyryñ-şyryñ","Şirin-Şirin",
Ýaşaýarsyñ ýüregimde Şirin, Şirin , Şirin , Şirin.
Gowy bolup ýadadym men, maña "gowy" diýme göni,
Günälerden garaldy ten, gören ýerde öwme meni,
Gaýta meni ýamanla sen, diliñ bilen döwde meni,
Ol biwepa ýaryñy hem, göwnäp bilseñ göwne ony,
Siñdirdim setirlerme hem, siñdirmediñ ömre meni,
Ýaşaýarsyñ ýüregimde Şirin , Şirin , Şirin , Şirin.
Elimde gürleýär kagyz "Şykyr-şykyr Şirin" diýýär,
"Özüñ-közüm, her bir sözüñ şygyr-şygyr Şirin" diýýär,
Asmanam ony görkezip "Şudur-şudur Şirin" diýýär,
Kenara urýar tolkunlar şybyr-şybyr "Şirin" diýýär.
Sönmeýär, sözleýär yşkym, şytyr-şytyr "Şirin" diýýär.
Gitmeýärle gulagymdan "Şirin-Şirin, Şirin-Şirin"
***
MUABBAG.
Ilkinji söýgümi salsam ýadyma ,
Ten däl ,ýürek ýanýar yşkyň odyna ,
"Ýanýan" diýsem, kimler ýeter dadyma ?
Bu daglaram titreýär perýadyma,
Men ýadadym,sen söýgiden ýadama !
Ynamym peselýär ähli adama ,
Seni ýatlasam.
Bir ömür ,bir ölüm ýetse bir başa,
Çyn söýgi ,päk söýgi ýetmez her başa,
Besdir ,doýdum senden ,git menden daşa !
Nirde ýaşasaňam, şol ýerde ýaşa !
Başgaň gujagynda ,del ýerde ýaşa !
Didelerim dolýar ajy göz ýaşa,
Seni ýatlasam.
Indi, eden işleň puçdugyn bilgin ,
Etjek ,edýän işleň puçdugyn bilgin,
Geçen günleň göýä düýşdigin bilgin,
Bes, yza dolanma ,giçdigin bilgin,
Aramyz ýetdirmez daşdygyn bilgin,
Ökünip gözlermiň ýaşdygyn bilgin,
Meni ýatlasaň.
***
MUTASSAT.
Dürlüm, belent waspyña ýeter bolsa Gerçegiñ,
Kagyz gürlemän ýatyr, galam diýýär diýjegim,
Janlylary, jansyzlary adam ýaly duýjagym,
Wah, şemalam elegri ogurlaýar ýazjagym,
Bu durmuş kofe bolsa ,sözi gant deý ezjegim,
Tikip goý yşk köýnegin, gerek bolsa köýjegim,
Gyş üşegiñ üşeýär , bas bagryña ýyljagym !
Öñ ýazylan ýazgydy, pozup bormy, keýjegim ?!
Ala gözleñ a:lmydyr, boldy dälä musallat,
Ýañaklaryñ almadyr, sözleñ-kofe, gözleñ-gant,
Ak alkymyñ aýnadyr, öz-özümi görýän anyk,
Aşygyny aýnadar, arman haýasy haýat,
Duýgularmy aýdadyr ,gözlerimden okap ýat,
Arzuwlarmy alma dur, meni menden halat et,
Ylham çeşmäm andadyr, Dürlim dürli mutassat,
Ýazan her bir harpym sen, we ýene-de ýazjagym.
***
MUTASSAG.
Durmuş synagy ýetik , synamak nämä gerek?!
Söýýänimi bilýäňä, gynamak nämä gerek?!
Günlerem gelmez gidip, ýatlamak nämä gerek?!
Öñ ýigrenýän ýigdiñi halamak nämä gerek?!
Ýollarymyz aýryldy , baglamak nämä gerek?!
Gowsun edýär Allajan, nalamak nämä gerek?!
Gije düýşüme girip daglamak nämä gerek?!
Besdir öz-özümizi aldamak nämä gerek?!
Indi goşgumy okap aglamak nämä gerek?!
Seredýärsiñ naýynjar maña beýle bakma gyz,
Kirpik bilen itekläp gözleriñe atma gyz,
Nesip etmez jennetiñ,dowzahyñda ýakma gyz,
Seni asla unutman,menem käte ýatla gyz,
Okama goşgularmy hemmesini o:tla gyz,
Yşk diýlen bir tutaşsa durmaýarla çakda gyz,
Men bireýýäm ýanmyşam , özüñi sowatla gyz,
Seni söýýän ýigit bar , onam ýatda sakla gyz,
O günleri ýatlama, ýatlamak nämä gerek?!
Indi ylgap şygryýet şalygna haýdar köñül,
Baryp, ylham perişdä arzyny aýdar köñül,
Ýagdyrar ýagyşlaryn, saçlaryn tüýder köñül,
Soñra näumyt bolup yzyna gaýdar köñül,
Ekip giden zakgunyñ miwesin dadar köñül,
Soñ samrany goşgy bor,agzany aýdym köñül,
Her kişini edil özüñ ýalydyr öýder köñül,
"Dost"diýeniñ duşman bolsa şonda sen näder köñül?
Öñýetene ömrüñi baglamak nämä gerek?!
***
MUAŞŞAR
Aýdyñ dag-u-daşlar, Leýlim nirede ?!
Salgy beriñ guşlar, Leýlim nirede ?!
Şybyrdañ ýagyşlar, Leýlim nirede?!
Şitirdäñ ataşlar, Leýlim nirede?!
Sesleniñ agaçlar ,Leýlim nirede?!
Diwana derwüş men, Leýlim nirede?!
Gözden akar ýaşlar "Leýlim nirede?!"
Aýdyñ, köñlüm eşder, Leýlim nirede?!
Eý egilen başlar ,Leýlim nirede?!
Gür beriñ gardaşlar ,Leýlim nirede?!
Şemal salamlaşdy "Ol geldi" diýip,
Guşlar jürküldeşdi "Seslendi" diýip,
Yşkym bar ataşly "Ol ýandy" diýip,
Göz ýaşym ýagyşly "Ol söndi" diýip,
Güller pyşyrdaşdy "Ol soldy" diýip,
Şagallar uwlaşdy "Ol öldi" diýip,
Hanha Günem ýaşdy "Eglendi" diýip,
Ýyldyzlar ýylgyrşdy "Bellendi" diýip,
Derýa dolup daşdy "Dillendi" diýip,
Aýdyñ dag-u-daşlar Leýlim nirede?!
***
AKROSTİK.
A-dalat näme aslynda ,gorag galadan gaty,
D-oýmaz ondan hiç halaýyk ol milletiň iýmiti,
A-dalatyň gijä galsa, ýykarsyň adalaty,
L-ebiz ynsan zynaty ,ganaty hem halaty,
A-dam aglap eser ýazar, akylsyzlar okar gülüp,
T-aňry adalatsyz däldir ,bilersin sonra direlip.
***
ELİPBİÝ.
A-Alkymyň alma deý ,ýaňja gyzaran,
B-Biliň balyk kimin balkyldarýar ol.
Ç-Çeper keşdelerden dünýä döredýäň,
D-Dişleriň dür deýin ýylpyldarýar ol.
E-Eýesi sen bu düşniksiz dünýämiň,
Ä-Ädimlerim saňa sary atygsar.
F-Furkan deý mübärek içki dünýäsi,
G-Gözleriňde gör nijeme akyl bar.
H-Hyýalymyň melegi sen melikäm,
I-Ile nusga işiň,edebiň ,haýaň.
J-Jemalyň jahany haýrana goýar,
Ž-Žurnalistler añsa ederler aýan.
K-Keýik kimin enaýyja endamyň,
L-Lowur-lowur lowurdaýar ýüzleriň.
M-Mynasyp sen gerçekleriň gerçegne,
N-Näzijegim ,soltany sen gyzlaryň.
Ñ- harpdan başlara sözüm ýok saña,
O -Owal-ahyr döremez beýle gözel,
Ö-Ömür boýy ýazsam, ýetmeýär wasbyň.
P-Patyşalar dökse altynlaryny,
R-Ruhum siňen roýuňdan gelmez üstin.
S-Sylýar ýüze seni gören eneler,
"Ş-ular ýaly gelin gelse öýme" diýp,
T-Tapylgysyz tagtymmy sen, bagtymmy ?!
U-"Unutma ýar, asla ýeke goýma" diý !
Ü-Ümmülmez umydym .göwün tagtym sen,
W-Wagtsyz dünýäm,tükenmeýän altyn sen,
Y-Ylahydan peşgeş berlen bagtym sen.
Ý-Ýürekden söýenňe Alla ýalkasyn,
Z-Zynjyr deý baglaly söýgi halkasyn.
***
ASSONANS.
Aý-aýdyňda Aýym aýlanaly gel,
Aýdymlar aýdaly,aýrylmaly hiç.
Oýunlam oýun däl,oýlanaly gel.
Aýralyk aýdymda aýdylmaly hiç.
Ömürlerim ömürlerňe öwrülip.
Arzuwlarym arzuwlaňda aýlansyn.
Özümizden özümizi öwrenip,
Armanlarmyz aňymyzda aýňalsyn.
Aýdymlar aýdylsyn Aýnabadyma.
Aýym gel,
Taýym bol,
Arzuwlarym aç.
Adyňy aýyrman ýazdym adyňa,
Aýrylmaly hiç,
Aýrylmaly hiç.
***
FRAZOLOGIZM
Söýgüñe aç göz menem,
Lebiñden gandyr gülüm.
Iç ýakgyç bolma senem,
Bu dertden dyndyr gülüm.
Seni juda eý gördüm,
Sen dermanym hem derdim.
Aýt sen nädip soraşman,
Ýigit kalbyma girdiñ ?!
Gerçek diýer derdime,
Eýle sen däri dilber!
Gel, kör düýämi geçir,
Köprüden bäri dilber!
***
RUBAGYLAR.
Işe girdim puljagazym bol boldy,
Begenjimem , gazanjymam bol boldy.
Işgärlerden kän ekeni başlyklar,
Başlyklarmyñ bary "Bol-da bol" boldy.
***
Kiçi ýanynda kiçi bol ,uly ýanynda uly bol ,
Halal zada uzasyn kiçi ýada uly gol .
Bir Alladyr ýeketäk, Ondan başga ýeke ýok ,
Zalymlara gul bolandan ,alymlaryň güli bol.
***
Könelermiz aýdypdyr "Hünäri öwrende ýigren",
Bilýän zadyňy öwret, bilmeýäniňi öwren .
Işleseňem günüñ geçer, ýatsaňam günüň geçer ,
Erte çorba iýmäne şu gün sen çörek dogran.
***
Tuýuglar
Salam Dürlüm ,ýagdaýlaryň ýagşymy ?!
Sözüň sazmy ýa-da ýazyň ýagşymy ?!
"Gerçek goşgy ýazyp bilmez"diýdiler,
Synla indi ýagyş ýaly ýagşymy.
* * *
Ine saña sähra , ine saña düz,
Gelde oýna, ýaýna , saýra, goşgy düz.
Sazlansyn kapyýa, gözlensin many,
Gizlensin logika, sözüñ bolsun düz.
***
Ýürekdäkilermi, aňla açyk ýüz !
Gelde söýgi ummanynda sende ýüz.
Seni söýüp gezýän başga dünýede,
Arzuwlarym ,armanlarym müňde ýüz.
* * *
Duýgylarym çimtik-çimtik halymy?
Senden başga bilýän barmy halymy ?!
Şeýle duýgylarmyň sebäpkäri kim,
Menmi ýa-da ýaňaklaryň halymy?
***
Gussalardan gurap galdym ,boldum kak.
Gir dünýäme, duýdansyzja gapym kak,
Bol çeşme sen,gurap galan teşne men,
Iň bolmanda, birje owurt bolaý kak.
***
Kalba akýan çeşme çaýdyň bir kemsiz ,
Ajyja hem yyljak çaýdyň bir kemsiz .
Sen gelensoň üýtgäp gitdi durmuşym,
Ykbalyma mähir çaýdyň bir kemsiz .
***
Senanaman ýylan ýaly bolup dur,
Gür saçlaryň ýylan ýaly bolup dur.
Sen gelmänkäň dünýäm örän sowukdy ,
Sen gelen soň ýylan ýaly bolup dur.
***
Teni ak,bugdaýreňk, gaşlary gara,
Söýgümi aňlasaň gözlerme gara.
Isleseň sypaýy ýumşak bolaýyn,
Isle sen dogumly bolaýyn gara.
* * *
Ýylgyryp ýanyma geläýdä aýym!
Gündüzler Günüm bol,gijeler Aýym .
Sensiz ýyla döner aýlanmaz sagat ,
Günlerim asyrdyr ,eradyr aýym.
***
Gel Dürlijan sylsana göz ýaşymy,
Saňa bagladym men galan ýaşymy.
Gözelligiň gözleginde goşgylar,
Ýazgylarym ýüregimiň ýaşymy?
***
Gel indi galmaly indiki aýa,
Ömrüme şöhle saç meňzäp sen Aýa.
Bu dünýäde başga bahar barmydyr?
Ysnyşsa göwünler , gyslyşsa aýa.
***
Ýazaý indi iki ýürek bir boldy,
Ýataý indi eýýäm sagat bir boldy.
Ýazyp-ýazyp ýaranmadym ýaryma,
Ýazanymam, ýazmanymam bir boldy.
***
Ýap-ýaňyja gyzaranja ,süp-süýjije alma sen,
Seni senden gabanaryn,meni menden alma sen.
Nüçün kalbym jigläp gidýär şol ady eşdenimde?
Çünki çagalyk söýgüm Çary gyzy Alma sen.
* * *
Golundaky iñ süýjüje nar ýaly,
Göwsündäki ondan şirin nar ýaly.
Alma nary görüp jennetdir öýtdüm,
Dowzahynda ýakdy meni nar ýaly.
***
Sen dälmidiñ ,çölüstanmy gülleden ?!
Ýigit kalbym doldurdyñla gülleden.
Nüçin indi seredýärsiñ naýynjar,
Zorum gitdi, zarym galdy Gülleden.
***
Ýüz bermediñ "Ýetim Sary" diýdiñ sen,
"Ýüzüñ çypar, saçyñ sary" diýdiñ sen.
Saýlap baýa bardyñ, aýdaý ne gördüñ,
"Barýan atam öýme sary" diýdiñ sen.
***
Dirikä diýmediň käbäňe käbäm,
Indi eziziñe diýýärsiň Käbäm.
Hapysa "käbeler" köpelip barýar,
Bagyşla sen bizi, bagyşla Käbäm.
***
Aýdyň maňa asmandaky ýyldyzlar !
Artyp barýar zeminde-de ýyldyzlar.
Ýazgydym öñünden ýazylan bolsa,
Ykbalyňy çözýärmikä ýyldyzlar ?
***
Gelde ähli düýşlerimi döw indi ,
Soñlanmadymy hileli döw indi ?
Halys irdim bu duýguly dünýeden,
Bolaýynla bir duýgusyz döw indi.
***
Akyl düşünermi hasrata aga ?
Köñül düşünermi gara hem aga ?
"Edebiýata baglanmadyk bolsadym"
diýsem düşünermi ol Çary aga ?
***
SOWAL-JOGAP
Ýusupahmet:
Adam bina etdi haýsy kanaly?
Ol ýerden başlanýar okean ýoly.
Ýatan bir çägelik ,sag bilen soly,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?
Gerçeknazar:
Adam bina etdi Gyzyl kanaly,
Ol ýerden başlanýar okean ýoly,
Ýatan bir çägelik ,sag bilen soly,
Şol sowala jogaby şu şahyryň.
Ýusupahmet:
Kimdir ilki bolup kosmosa uçan?
Ol haýsy milletden, nirede, haçan?
Häzir ýaşap ýörmi ýa mundan geçen?
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?
Gerçeknazar:
Gagarin ilkinji kosmasa uçan,
Müň dokuz ýüz altmyş dokuzda uçan,
Rus milletinden hem mundan geçen,
Şol sowala jogaby şu şahyryň.
Ýusupahmet:
Girkan haýsy deňziň ozalky ady?
Suwy tagamlymy, ajymy dady?
Egnine göterýär kän parahody,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?
Gerçeknazar:
Girkan Hazar deňziň ozalky ady,
Suwy tagamsyzdyr , duzumtyk ajy,
Egnine göterýär kän parahody,
Şol sowala jogaby şu şahyryň.
Ýusupahmet:
Orta Azyýada döwletleň sany,
Näçe diýip hasap edýäň, bil hany ,
( Dymma, şahyr, iýýän ýaly talhany),
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?
Gerçeknazar:
Orta Aziýada döwletleň sany,
Bâş diýip hasaplaýan bil ony.
Dymmaýaryn iýýän ýaly talhany
Şol sowala jogaby şu şahyryň.
Ýusupahmet:
Çarwa bilen çomryň parhy nämedir?
Haýsy önüm öndürmäge jan eder?
Biri iýmit, biri egne don eder,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?
Gerçeknazar:
Çarwa çopan,çomry ýerli ekindar.
Çarwa goýun bakar,çomry ekin eker.
Biri iýmit , biri egne don eder.
Şol sowala jogaby şu şahyryň.
***
Adalat (aýdyşyk goşgy)
Jumamyrat Annamyradow:
Eý Allahym, nähilidir bu durmuş,
Aýdyñ dostlar, hany bärde adalat?!
Bu dünýede ynam asla ýok bolmuş,
Aýdyñ dostlar, hany bärde adalat?!
Gerçeknazar Amannazarow:
Allanyñ elinde bolar bu durmuş,
Allanyñ elinde bolar adalat.
Ynamsyza ynam asla ýok bolmuş,
Aýtsam jogap ine bärde adalat.
Jumamyrat Annamyradow:
Köp adam baý,köp adamlar garypdyr,
Köp adamlar baryp ýatan görüpdir,
Köp adamlar bahyllyga ýüz uran ,
Aýdyň dostlar, hany bärde adalat?!
Gerçeknazar Amannazarow:
Kanagatsyz baý, kanagatly garypdyr,
Bahyllaram şol baýlara görüpdir,
Ýöne hemmesini Alla görüp dur,
Aýtsam jogap ,ine bärde adalat.
Jumamyrat Annamyradow:
Ýaşlykdan dost bolup ýören ynsanlar,
Wagt geçipdir, duşman bolup nadanlar ,
Sebäp nedir ,beýle bolup adamlar,
Aýdyň dostlar, hany bärde adalat?!
Gerçeknazar Amannazarow:
Ýaşlykda ýaş bolup dostsyraýanlar,
Wagt geçip ahyry duşman bolýarlar,
Gynansaňam şeýle bolýar nadanlar,
Aýtsam jogap, ine bärde adalat.
Jumamyrat Annamyradow:
Ýürekler her gün gussa sazyny çalýar,
Göwünler her gün gaýgy sazyny çalýar,
Nämeden bular gaýgy-gama batýar,
Aýdyň dostlar ,hany bärde adalat?!
Gerçeknazar Amannazarow:
Käbir ýürek gussa sazyny çalýar
Köp göwünler mydam gaýgyly bolýar,
Sebäbini şeytan alyndan görýän.
Aýtsam jogap, ine bärde adalat.
Jumamyrat Annamyradow:
Gyzlarmyz öýümiziň bezegidir,
Gyzlarmyz ar-namysyň ojagydyr,
Ýigitlermiz bu zatlara garşydyr,
Aýdyň dostlar, hany bärde adalat?!
Gerçeknazar Amannazarow:
Zenanlarmyz öýümizin bezegi,
Zenanlarmyz ojagmyzyn diregi,
Namart yigit bilmez zenan gadryny ,
Aýtsam jogap ,ine bärde adalat.
Jumamyrat Annamyradow:
Biz hemişe adalata ymtylýas,
Biz hemişe adalata sygynýas,
Näme üçin adalaty goldaýas ,
Aýdyň dostlar, hany bärde adalat ?!
Gerçeknazar Amannazarow:
Adalatdyr hakykatyñ çeşmesi,
Adalatdyr hakyn haka düşmesi,
Millet mydam adalatyñ teşnesi
Aýtsam jogap, ine bärde adalat.
***
GYSGAJYK GOŞGULAR.
Müñlerçe goşgular ýazandan eger,
Meger birje goşgy baryna deger.
***
Dünýe durşuna syr oňatja syn et ,
Sakgalam çäginden geçmese zynat.
***
Dünýe ukudadyr, ahyrýet oýa,
Rahat ornaşjak sen haýsy öýe ?!
***
Her bir adam ,adam bilen adamdyr,
Bu dünýede ýaşap bormy adamsyz?
***
Adam başy dumandyr,
Ýüreginde gümandyr,
Durmuş uzyn romandyr,
Näçe ýazsañ gutarmaz.
***
Bilseñ ylym -bilimdir ,
Bu durmuşyñ açary .
Gel ylym-bilim bilen,
Geljege ýol açaly.
***
Goý mydam ýagşy adamlar,
Ýagty ýola ätlesinler.
Sen dünýäde ýagşylyk et,
Ýagşylykda ýatlasynlar.
***
Haktagala dünýäni,
Synag edip ýaratdy.
Ahyrýet öýni bolsa,
Onuñ netijesi etdi.
***
Haktagala hiç bir zady,
Ýönelige ýaratmaýar.
Her bir zada siñe seret,
Onda uly many bar.
Ýaşaýañmy dünýäde,
Onda dünýä gerek sen.
Düşün adam bu dünýä,
Geleñok biderek sen.
***
Durmuş manyly bolýar,
Undup kine gahary.
Duýgymyzy paýlaşmana,
Adamyñ bar mahaly.
***
Söýülmezlik-şowsuzlykdyr,
Söýmezlik-betbagtlyk.
Durmuş manydan doly,
Ömrimiz az wagtlyk.
***
Aýralyk-ýel ,ol diñe
gowşak söýgüni keser.
Güýçli söýgüni bolsa
tutaşdyrýar has beter.
***
Biz çagakak köp aglardyk,
Hemme zatlar geñlik-tañlyk.
Indi agynyñ öwezin,
Doldy zalym gaharjañlyk.
***
Giñdir dünýe, geñdir dünýe,
Geçmän çenden aşa men.
Ýaşan gysga ömrümde,
Aladasyz ýaşasam.
***
Geçip barýar gül ömrümiz kül bolup,
Aç gözlerñi ,dogry ýola gel indi.
Ýaşap ýörüs ýalançyda başagaý,
Haýsy ýolda ,nirä barýas ,näbelli?!
***
Döredijilik güýmenje däl ,halkyñy güýmär ýaly,
Döredijilik hünärem däl ,ondan pul sorar ýaly.
Döredijilik-wezipedir,
Bilgin sen öz borjuñy,
Öwren sen öz borjuny,
Öde sen öz borjuñy.
***
Ahyr demde "Lä Ilähe Illallah"
Ýene diýsem "Muhammet Resullallah"
Soñky demde medet bergin ýa Allah !
Şol mübärek sözi diýip gideýin,
Başymy sejde-de goýup gideýin.
***
Gercek ulyny sylap,
Bolgun ile mylaýym.
Alla bizi dogry ýoldan,
Aýyrmasyn ylaýym.
***
Batyr adam däldir ölümden gorkýan.
Ýaşagyn dünýede ölümden gorkman.
***
Akyl adam dünýäni ,
Ahyrýetden öň tutmaz .
Mömün adam Allanyň ,
Öňünde günä etmez.
***
Ylym bir şöhledir ,akyl hem göreç,
Akyl onsuz görmeýändir hiç zady .
Ýagşy maksat tutun üstünde göreş ,
Halal işläp ,gazangyn ýagşy ady.
***
Aý gün aýlanyp dur sagatma-sagat ,
Ölüm golaýlaýar ,wagtymyz çäkli .
Ýeketäk Hudaýa edeliň tagat ,
Hiç bolmasyn guran bagtymyz çäkli.
***
Ýaplanyp ýatyrkañ ýumşak ýassykda,
Ne biljek sen , uruş nedir ýeñiş ne?!
Arzuwym hiç haçan uruş bolmasyn,
Diñe urşy ýatlalyñ biz ýeñişde.
***
Munda hemme gyzlar öwdürmek islär,
Iñ gowy goşgular ýazdyrmak islär,
Ýöne,
Goşga mynasyp däl olaryñ bary,
Senem şolaryñ biri.
***
Eneñ-atañ saña ýagşylyk eder,
Olan ýamanlygam ýagşylygadyr.
***
Durmuş sapaklary (sonetler çemeni)
1.
Durmuş sapaklary bagt gapymyz,
Bilimlilik ol gapynyň açary .
Hany açyň , giňden açyň gapyňyz ,
Söýgüli myhmanlar girsin içeri .
Asudalyk girsin saba howa deý .
Agzybirlik töriňizden çykmasyn.
Balalarňyz bolsun nesil dowamy.
Olar ojagňyzy dikläp saklasyn.
Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok , görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby,
Soň näme boljagny bilip bolanok .
"Bagt nirde?"diýdi,diýdim gülüp men,
Gözlemeli ony her kynçylykdan.
2.
Gözlemeli ony her kynçylykdan,
Kynçylykda kämilleşýäs bekeýäs.
Bilýärin, juda kyn ýagşy gylyklar,
Adam bolsaň,adam bolgun beke has.
Aglap geldim dünýä, bilýän owallan,
Ýalançyda aglap geçmelidigmi.
Günäsizje perişdedim owal men,
Ýa şol wagt mundan gaçmalydymmy ?
Pelek, peder bolup geldi gaşyma,
Gujak gerdi, girdim oňa bialaç.
Şol oýnawaçlary oýnap ýörşüme,
Ahyr boldum meň özümem oýnawaç.
Ýumşak ýumşap gidýär ,galýar gatymyz,
Gözel durmuş küýsesekde köpümiz.
3.
Gözel durmuş küýsesekde köpümiz,
Ajal bizi çagyryp dur "Gel" diýip.
Ýalançynyň ýalanlarna köpümiz,
Aldanýarys "Baýlyk,eklenç,pul..."diýip.
Munda bijedelsiz bir hakykat bar,
Barymyzam bilýäs ölüm bar, ölüm.
"Ölümiňden soňra nämeler bolýar ?"
Şu zatlar barada oýlanýaň telim.
Nähili ölýäris, nämüçin ölýäs?
Gör bedenler gara ýere girip dur.
Hem anyk bilsegem bilmedik bolýas,
Hanha ölüleri gözmiz görüp dur.
Gorkmalyň,gaçmalyň her kynçylykdan,
Ömre many çaýýar şol kynçylyklar.
4.
Ömre many çaýýar şol kynçylyklar.
Ýene-de bir zada düşündim walla,
Iň gowy söz näme , biljek bolarlar.
Iň gowy söz "Lä Ilähe Illallah".
Bu jadyly sözüň gudratyn bilýän,
Gaýtaladym ony müňlerçe gezek.
Şol gudratyň gözli şaýady bolýan,
Indi bolup geçen gudrata seret .
Bir guşjagaz gelip aýnany kakýar,
Henizem sebäbin aňlap bilemok.
Käte-käte durup naýynjar bakýar,
Soň aýlanyp bardym, gördüm hiç zat ýok.
Budur Biribaryň täsin işleri,
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri.
5.
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri,
Ony ýazyp alsaň bor syrly kitap.
Käte ýada düşmez onuň hiç ýeri,
Käşgä şol düýşleri bolsady okap.
Ýadyma düşenin ýazýaryn käte ,
Depderim ol syrly sözlerden dolýar .
Ýazýan, ýene ýazýan ,sowaýar käse ,
Bolmanda gyzykly hekaýa bolýar .
Ondan soňra huşum düýşe garyşýar .
Gör-ä köp zatlary görýän düýşümde .
Edil bolan wagty ýadyma düşýär,
Şol düýşlerim gaýtalanýar huşumda .
Beýle waka goýýar mende iňkisi.
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi.
6.
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi ,
Duýýaryn geljegim öňünden belli .
Ýene-de eşitdim üýtgeşik sesi ,
Beýle sözler nädip gursagma geldi ?
Ýazýaryn gursagma gelen zatlary ,
Sözler nirden gelýär, anyk bilemok .
Ýazýaryn durmuşda bolan zatlary ,
Hakykatdyr munda zerre ýalan ýok .
Adalaty gözläp geçdi ömrüm har ,
Nüçin ony diňe gözler gözleýär?
Munda görünmeýän kän hakykat bar ,
Ýüregiň duýmasa gözler görmeýär.
Zehinler ýok edýär dagy-daşlary,
Budur Biribaryň täsin işleri.
7.
Budur Biribaryň täsin işleri,
Gün uzyn iş diyip elewresekde,
Bäş wagt namaza ,mydam boş ýeri,
Hem boş wagt ,tapamyzok elbetde .
Her günde açylýar täze sahypa ,
Ýazyp bilseň bolar bir uzyn roman .
Ýaz ýazyjym, şu pursatdyr ,şu pille ,
Ýagşysyn ýamanyn saýlar ol zaman.
Hiç haçan, hiç kimiň üstünden gülmen.
Şeýle waka ençe gezek duşýaryn.
Eger bir kişiniň üstünden gülsem,
Soň özümem şoň gününe düşýärin.
Diňle dosdym senem eştýäňmi sesi,
Gelýär gulagyma şeýtan gülküsi.
8.
Gelýär gulagyma şeýtan gülküsi,
Tans oýnaýan ýaly kakýar heşelle.
Gaharym gorjalýar ,gaçýar höwesim ,
Şol ýowuz ýyllarym ýada düşende .
Garawlydym men garawulhananyň,
Garaşmakdan ýaňa halys iripdim .
Ol megerem ,o çetinde dünýäniň ,
Şonda anyk şeýtanlary görüpdim.
Gelýärdiler tans oýnaşyp , gülüşip .
Ýöne gelmeýärdi gullukdaşlarym .
Şeýle boljak eken aňyň bulaşyp ,
Bu başyňdan uçsa akyl huşlaryň .
Ýanjagazymda dur ýürek lukmany -
Bu dünýäde bagt bar-a köp sanly .
9.
Bu dünýäde bagt bar-a köp sanly.
Sanap soňlap bolmaz ýekeme-ýeke
Dürli-dürli ýaradylyşda her janly,
Şolaram bir meňzeş bolmaýan eken.
Duýýaryn goraýar bizi täsin güýç,
Bar zat şonuň emri bilen ýöreýär.
O nähili güýç, görmesekde hiç,
Ol elmydam golaýmyzdan garaýar.
Günüň doguşynda hiç many ýokmy ?
Onuň batyşynda ýokmy hiç bir syr?
Pikir edeňokmy, ýa göreňokmy ?!
Ýazsaň gel ýazyber, gutarmaz eser .
Garyplaram bagtlydyrlar hökmany,
Ony puldan gözlemeklik hökmanmy?!
10.
Ony puldan gözlemeklik hökmanmy ,
Ýa lukmanmy baýlyk ähli derdiňe ?!
Bolalyň biz bir-biregiň lukmany,
Haram baýlyk-dert üstüne dert diňe.
Aşa söýmäň , asla söýmäň panyny,
Ahyr soňy gitmeli biz aýrylyp.
Ölüm uly sapak alsaň manyny,
Dünýäň ajy şarpygydyr aýralyk.
Bu durmuşda isleýäris köp zady,
Hem oňa ýetmäne gyssanýas juda.
Onuň üçin bagyşlaman hiç zady,
Oňa ýetjek bolýas , gysganýas juda.
Dilegler gudratdyr , dogalar jady
Durmuş bize öwredýär gör köp zady.
11.
Durmuş bize öwredýär gör köp zady,
Arzuwyňa ýetip bolmaz göreşmän.
Haýyşym gideýin saklamaň bady,
Gör Gerçege bagtly geljek garaşýar.
Şahyr bolup gelen bolsaň durmuşa,
Täze many,täze dünýe tapmaly.
Ýaşullan ýaş kiçä, gör hemme kişä,
Bize bilim berýär durmuş mekdebi.
Bu mekdepde des-deňjedir baý garyp,
Hersine üýtgeşik sapaklar berer.
Ýalňyşsa çyn mertler özünden görüp,
Namartlar mydama ilinden görer.
Şahyr bolsaň ýazmaly sen köp zady,
Internetde , kitaplarda ýok zady.
12.
Internetde,kitaplarda ýok zady,
Gözlemeli diňe syrly durmuşdan.
Sözleriň syr bolsun,jümleleň jady,
Il aýdar ýalňyşsaň, gorkma ýalňyşdan.
Köňül tukat , dünýe alagalmagal,
Elmydama derbaşagaý adamzat.
Gyýylma ýüregim gal ,aýaga gal,
Bolsun goşgylarmy okan adam şat.
Siňsin şygyrlarym köňüllerňize,
Ýaraly ýürekleň melhemi bolsun.
Ömrüm ,ömür goşsun ömürlerňize,
Gyrlan ganatlaryň ylhamy bolsun.
Durmuş mekdebine ediň sapary,
Öwredýär ol ýapylýança gapagy.
13 .
Öwredýär ol ýapylýança gapagy,
Ähli sapaklary ýazyber geçip.
Durmuşdaky ornumyzy tapaly,
Her adamda bir ukyp bar üýtgeşik.
Ykbal öwrümleri täze başlangyç,
Gursakda gaýnasyn ylham çeşmesi.
Ýagşy umyt bilen dogandyr Güneş,
Çogly Güneş närsa bolup ýaşmasyn.
Menem söýdüm ,ýöne söýlüp bilmedim,
Söýeni söýgüsiz goýýalarmyka?
Hakykaty depderçäme belledim,
"Gyzlar söýmeýäni söýýälermikä?"
Her zatda many bar , synla şapagy,
Eger alyp bilseň durmuş sapagy.
14.
Eger alyp bilseň durmuş sapagy,
Akylyň goýalar, bilimiň bolar.
Gowy günde hemme çalar çapagy,
Ýöne kyn günüňde çyn hossar geler.
Goşgylar söýgüden başlanýarmyka?
Okuwçydym ýaňy sekiz ýaşymda,
Kiçijik kalbymda eşdildi mukam,
Ýylgyrypjyk durduň meniň gaşymda.
Şol gün şu günki deý ýadyma düşýär,
Gidip barýaň meniň bilen hoşlaşyp.
Şol gün seň şanyňa ylham perişdäm,
Ilkinji goşgymy ýazypdym joşup.
Ine şeýdip şahyr bolýas köpümiz,
Durmuş sapaklary bagt gapymyz.
Magistral
Durmuş sapaklary bagt gapymyz,
Gözlemeli ony her kynçylykdan.
Gözel durmuş küýsesekde köpümiz,
Ömre many çaýýar şol kynçylyklar.
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri,
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi.
Budur Biribaryň täsin işleri,
Gelýär gulagyma şeýtan gülküsi.
Bu dünýäde bagt bar-a köp sanly,
Ony puldan gözlemeklik hökmanmy?!
Durmuş bize öwredýär gör, köp zady,
Internetde , kitaplarda ýok zady.
Öwredýär ol ýapylýança gapagy,
Eger alyp bilseň durmuş sapagy.
(21.02.2023)
***
Oguldürlime sonatlar çemeni
1.
Uzyn gara gijeleňde alaşdym,
Garaşdym, irkilen aýyň dogarna.
Gije uçup hol güneşe ýanaşdym,
Dagy nätjek , ylham joşup çoganda?
Ýanýaryn ýagmyryň ortarasynda,
Düşeginde irkilipdir sübüläm.
Täsin bir söz tapdym yşk babatynda,
Olaň bary akyp barýar seň bilen.
Gözlerimden yşkym okap bilýärmiň?
Seret oňa, gör nämeler aýdyp dur.
Çyragy sen dünýäniň däl, dünýämiň,
Diňe maňa ýalkym saçýan abajur.
Sen ömrümiň ýaşalmaly ýyllary,
Dideleriň demirgazyk Ýyldyzy.
2.
Dideleriň demirgazyk Ýyldyzy,
Gidip barýan indi şoňa seredip.
Täleý nirden tapyp berdi ol gyzy,
Ynsan içre seýrek duşýan melegim.
"Melek" diýsem geň görmegin perizat,
Melekdenem sensiň eziz görenim.
Päk adamzat, melekdenem eziz zat,
Diňe sensiň täk Taňrydan dilegim.
Hem eliňem süýji, diliňem süýji,
Belent waspyň nirelerde ýerleşýär?
Lalam gepledermiş söýgüniň güýji,
Mende yşk bar galamlary gürledýän.
(We ömrümiň şu ýerinde ýaý açdym)
Bu älemde üýtgeşik bir aý açdym.
3.
Bu älemde üýtgeşik bir aý açdym,
Ýöne ony gijelerden gözlemäň.
Şu gözele "bagtym" diýip garaşdym,
Indi bagty nirelerden gözleýän?
Her gülende güller açýan Gülkahkam,
Ruhumda, kalbymda, aňymda eken.
Uzaklardan gözleýärdim men arman,
Aslynda ol meniň ýanymda eken.
Gülsemde men , seniň bilen güleýin,
Ölsemde men, seň ýanyňda gömleýin,
Ömür baky seniň bilen bolaýyn,
Şu gyzgynjak gujagyňda galaýyn.
Ykbalyma düşdi birden ýyldyrym,
Ýazgydymy ýagtyldýar ol ýylgyryp.
4.
Ýazgydymy ýagtyldýar ol ýylgyryp,
Garaja gözleri ylham çeşmesi.
Indi meni garratmaýar ýyllaram,
Sen ömrüme Allaň beren peşgeşi.
Aglasaň ýagşyňa eziler kalbym,
Gamlansaň gar ýagyp doňar bu dünýäm.
Garaja gözlerňe baglanyp galdym,
Sen meni täzeden indirdiň dünýä.
Bu dünýäde öňküdenem bagtly men,
Aslynda durmuşam hezil eken-ä.
Neneň ýaşamajak şeýle bagt bilen?
Durmuş ýaryň bilen gözel eken-ä.
Okumyşlar okan däldir bu baby,
Durmuş romanymyň täze kitaby.
5.
Durmuş romanymyň täze kitaby,
Näçe ýazyp bilseň ýazybermeli.
Başga ýurt barmyka öz ýurdum ýaly?
Erkana, arkaýyn gezibermeli.
Şuwlaýar ýene-de gaharjaň şemal,
Bu daglar üstüme gaýdaýjak ýaly.
Diňşirýän şemalam pyşyrdap şu hal,
Aýdylmajak sözi aýdaýjak ýaly.
Wah nätjek isleseň islemeseň-de,
Her setirde kalbyň yzasy gelýär.
Kagyzlar garalmak islemese-de,
Galamam ýürege ýazasy gelýär.
Maňa gerekmikä başga baýlygam?!
Gözelleşýän poeziýa şalygym.
6.
Gözelleşýän poeziýa şalygym,
Dürleriň döküler dodakdan kalba.
Uçsa uçup geçsin gyzyl ýaglygyň,
Ömürlik söýgülim ýanymda bolsa.
Toý güni getirdiň şu uly bagty,
Ýylgyrdyň, dünýäme düşdi ýyldyrym.
Gap-garaňky dünýäm, boldy ýap-ýagty,
Bolduň baky demirgazyk Ýyldyzym.
Duýguly dünýämiň dumanly wagty,
Ýalňyzlykdan halas eden ýalňyzym.
Aýt nirden tapaýyn bu uly bagty?
Hatda bagtam hyrydary şol gyzyň.
Şükür Taňrym ýazdy şeýle permany,
Oguldürlim dertlerimiň dermany.
7.
Oguldürlim dertlerimiň dermany,
Ýazjak ssenarimde görnükli keşp sen.
Ýöne bize kino düşmek hökmanmy?
Allajan gorasyn ýasama yşkdan.
Bir çemçe sen, şol çeşmäňe teşne men,
Heý ynsan ýaşarmy söýgüsiz , suwsyz?!
Oguldürlim girdiň köňül köşge sen,
Kirlenen kalbymy ýylgyrşyň ýuwsun.
Indi mundan beter bagta gyzmaryn,
Şükür ýaşap ýörün aýlygym bilen.
"Garyp" diýip göwnemedik gyzlaryň,
Içlerin ýakýaryn baýlygym bilen.
Durmuşda gazanan uly baýlygym,
Çeňňegime ilen altyn balygym.
8.
Çeňňegime ilen altyn balygym,
Ähli arzuwlarňy bitirýär aýtsaň.
Bu balyklaň nirelerde barlygyn,
Özleri bilsinler , hiç kime aýtman .
Hiç ezýet bolmasa lezzet bolarmy?
Mugtyna ýazylýar gymmat goşgular.
Heý şahyra beýle minnet bolarmy ?
Bu dünýäniň derdi ýetik başgada.
Goý olar gezsinler ylham bagynda,
Hasratlarmy hol mazarda jaýla ýar.
Bilseňiz melekler säher çagynda,
Rysgal-döwlet bilen ylham paýlaýar.
Säherler aýlansam düýşüňe girip,
Saňa sonetleriň güllerin tirip.
9.
Saňa sonetleriň güllerin tirip,
Şanyňa iň gowy şygyrlar ýazsam.
Bolmasa sözleriň baryny syryp,
Hiç kimiň düzmedik goşgusyn düzsem.
Gyýylma göz ýaşlaň ömrümi gäder,
Muhapbet meýinden şaň bolaýynla.
Aýdylmadyk sözi aýdaýsam näder?
Heniz hiňlenmedik heň bolaýynla.
Gazal dilimde dur, galam elimde,
Bu goşgulam , boldumyka goş-golam.
Ýazylmadyk goşgy ýazjak bolamda,
Öýkeledi menden ýazan goşgulam.
Saňa sözlenmedik sözler sözlesem,
Otuz ýaş toýuňa sowgat eýlesem.
10.
Otuz ýaş toýuňa sowgat eýlesem,
Göwnümi, ömrümi, özümi saňa.
Barlygym, baýlygym seňki diýmeseň,
Ondan başga näme galdyka maňa.
Ylham perim hem ilkinji okyjym,
Ýazaýynla gulagyma pyşyrda.
Durmuşymdan ýokdyr asla ökünjim,
Hanha gije Güneş dogdy daşarda.
Ylgap çykdym, ylham çykdyň nireden?
Ger ganatyň , äkit meni uzaga.
Ýeriň ýüzi ýaýlyp ýatyr şireden,
Uç asmanda, düşäýmeris duzaga.
(Ähli hyýallary gutarar gyryp,
Osman çyksa birden gyljyny syryp)
11.
Osman çyksa birden gyljyny syryp,
Garşysyna çykyp biljekler hany?!
Sözler ýatar kalpda, gursagyň ýaryp,
Ýazylmaly wagty ýazmasaň göni.
Sözle galam zat galmasyn içiňde,
Göz ýaşlaryň dökülmesin düşnüksiz.
Gark boldukmy, galdyk umman içinde,
Sözlesene nirelere düşdik biz?!
Ýazyp dur-a ýürekdäki sözleriň,
Iňňe bilen guýy gazan barmaklaň.
Jadymydy, jadylady gözleriň?
Onki süňňüm sannyradýar bir baksaň.
Açyk aýan edip bilsem meýlimi,
Tukat ojagmyzyň artar meýlisi.
12.
Tukat ojagmyzyň artar meýlisi,
Çagajygmyň kikir-kikir gülşüne.
Munda köňül gam dagynda neýlesin?
Edil şu wagtky deý , balam gül diňe.
Gülşüňe güllerem aşyk bolarlar,
Alçak balam , aljak balam göwnümi.
Aşyk bolanlara magşuk bolarlar,
Siz üçin ýaşaýan galan ömrümi.
Melikesi bu düşnüksiz dünýämiň,
Ädimlerim saňa sary atygsar.
Seni niçik söýýänimi bilýärmiň?
Aýtjak sözlem damagyma dykylýar.
Gaýgy-gussalarym özünden ýiter,
Bagtyňa begensem özüňden beter.
13.
Bagtyňa begensem özüňden beter,
Sözleriň melhemdir, gözleriň ylham.
Seniň söýgüň meni daglara elter,
Nädip uçjagymy bilibergin soň.
Sözlerim soňlanmaz sözlänim bilen,
Sözledikçe syrly bolar sözlerim.
Gözlegim gutarmaz gözlänim bilen,
Gözledikçe uzar gider gözýetim.
Ne güldürýäň, ne öldürýärsiň meni ,
Gezip ýören ne öli ne diri men.
Başga dünýä sen indirýärsiň meni,
Geň görmegin ölüp ýene direlsem.
Dünýäligiň özi şol akar gider,
Sen bolsaň ýanymda şol maňa ýeter.
14.
Sen bolsaň ýanymda şol maňa ýeter,
Ýaşalmaly iň bagtly ömrümsiň.
Bir-birege bolup mydam elýeter,
Ömürlerim ömürlerňe öwrülsin.
Älemiň özüde yşka ýugrulan,
Serçejikler "Söýýän" diýip jürküldär.
Taýyn küýsäp guguldaşsa gumrular,
Menem gije goşgy ýazjak irkilmän.
Asla seni söýüp, wasp edip doýman,
Ýazjakla iň gowy söz tapyp bilsem.
Şahyryň boýnuna gandallap goýlan,
Sözdenem ýokarda (söz) tapyp bilmek.
Kölüm joşup möwç alanda alaşdym,
Uzyn gara gijeleňde alaşdym.
Magistral
Uzyn gara gijeleňde alaşdym,
Dideleriň demirgazyk ýyldyzy.
Bu älemde üýtgeşik bir aý aýdym,
Ýazgydymy ýagtyldýar ol ýylgyryp.
Durmuş romanymyň täze kitaby,
Gözelleşýän poeziýa şalygym.
Oguldürlim-dertlerimiň dermany,
Çeňňegime ilen altyn balygym.
Saňa sonetleriň güllerin tirip,
Otuz ýaş toýuňa sowgat eýlesem.
Osman çyksa birden gyljyny syryp,
Tukat öýümiziň artar meýlisi.
Bagtyňa begensem özüňden beter,
Sen bolsaň ýanymda şol maňa ýeter.
***
Şirinli günler (sonetler çemeni )
1.
Bu duýgyny nädip beýan edeýin?
Tans edýärsiň sen şeýle bir owadan.
Diňle,bar syrymy aýan edeýin,
Sen dälmidiň bu duýgyny oýadan ?!
Indi bolsa özge bilen toý eden,
Toýuňada çagyrmadyň barjakdym.
Ençe ýyllar ýigit kalbym ereden,
Ýylgyrşyňy golaýjakdan görjekdim.
Biläýjekdim ,bagtly sen oň bilen,
Bagtly bolsaň menem borun bagtly.
Ýaşap ýörün şol köneje heň bilen,
Seň bagtyňa seretmegem bagtdy.
Gyýylma göz ýaşlaň ömrümi gäder,
Dözmezim,sözlerim gyýaýsa näder?!
2
Dözmezim ,sözlerim gyýaýsa näder ?!
Şonuň üçin ýazmanada dözemok.
Leňňeç deý ädimim her ýana äder,
Ýazanlarmy pozmanada dözemok.
Seret ýene gaşyňda dur undanyň,
Geçmişiňdiň indi bolduň geljegim.
"Unut" diýýäň , seni nädip undaýyn?
Heýde seni unudarmy Gerçegiň!
Üýtgemedim otuz ýaşly çaga men,
Çagalyga siňip galdym girdapda.
Özümdenem öňürdüpdir çagalam,
Ýaşaýaly bolmanda bir etrapda.
Duýguly dünýämi zyndan edeýin,
Özüme birneme zyýan edeýin.
3
Özüme birneme zyýan edeýin,
İçir meni, hemme zady aýdaýyn.
Duýguly dünýämi duman edeýin,
Göremoga indi nädip gaýdaýyn?
Men nädeýin , nätsem unudulmaýaň,
Göz öňünde doňup dur-a syratyň.
Bolduň sen dünýämde unudulmaýan,
Setirlerme siňip dur-a sungatyň.
Bagra basyp göräýjekdim suratyň,
Ykbal seniň suratyňam kän gördi.
Syratyň ýok,suratyň ýok, ýok hatyň,
Ganatym ýok, ykbal maňa näm berdi?
Yşk bolan ýerinde meýhana bardyr,
Muhapbet meýinden bir damja dadyr.
4
Muhapbet meýinden bir damja dadyr,
Öz-özüni ýakýan şem bolaýynla.
Aýdylmadyk sözi aýdaýsam näder?
Heniz hiňlenmedik heň bolaýynla.
Geň göreýin,gel göreýin gözlerňi,
Gözeriňde çaga göwnüm galypdyr.
Iň bolmanda eşdäýeýin sözlerňi,
Görünmeýär indi gözleň gaýypdyr.
Indi seni görjegimem gümana,
Nirelerde,nämişleýäň , näbelli?
Birje gezek geläýsene bu ýana,
Beýle bagt ýa belli däl,ýa belli.
Kagyza siňmese ýürekde ganar,
Senden kemal tapdy şygryýethanam.
5
Senden kemal tapdy şygryýethanam,
Ylham beren gözleriňe döneýin.
Nirde sen , neneňsi , aýtsana janam ?!
Sözlesene sözeriňe döneýin.
Şar garaja saçlaryňa döneýin,
Näp-näzijek elleriňe döneýin,
Kirpiklerňe,gaşlaryňa döneýin,
Ah çagalyk ýyllaryma döneýin.
Neneň hezil eken senli günlerim,
Neneň gözel eken bakyşlaryňda.
Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin,
Ençe sonetleri bagyşlasamda.
Ýalňyz ýüregimiň syrdaşy sensiň,
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň.
6
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň,
Sensiň sebäp Gerçeknazar bolmagma.
Ýadyma düşende gyýylýan sessiz,
Birje kitap ýazarsadym bolmanda.
Ne güldürýäň ,ne öldürýärsiň meni,
Gezip ýörün ne öli ne diri men.
Başga dünýä sen indirýärsiň meni,
Geň görmegin ölüp ýene direlsem.
Ýagyş kimin ýagyp duran sözlermiň,
Aşagynda ezilmeseň bolarla.
Hanasynda çogup duran sözlermiň,
Garşysyna böwet boljak bolýarlar.
Ýürek ýazgylarmy aýt kimler halar ?
Köňül para-para , şygyrlam ganan.
7
Köňül para -para , şygyrlam ganan,
Aýt beýle heseri nirden tapaýyn ?
Göýä seniň bilen aýlanýar ganam,
Ýitdi ýene ,zordan gözläp tapanym.
Wah, seniň dünýäňe ruhum siňipdir,
Henizlerem men dermansyz keselli.
Aladalar şool ýagyp dur , ýagyp dur,
Senli ýatlamalar berýär teselli.
Oturyn syrdaşym bilen sözleşip,
Ýene-de bir zady bilip galdym men.
Ömür boýy ýüregime ýelmeşip,
Şirinli ýatlama bolup galdyň sen.
Duýguly dünýämiň göz,gaşy sensiň,
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň.
8
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň,
Sensiň sebäp köňüldäki heýjana.
Diýýärdim men "Ýaşap bilmerin sensiz",
Henizlerem seniň bilen her ýana
aýlanýaryn.Göterýärin gursakda,
Her sözleriň setirlerme siňip dur.
Ony ýazjak bolup gelen pursatda,
Galam,kagyz ýanýoldaşym bolup dur.
Ömre dowamatdyr ýazan goşgylam,
Hem-de köňüllerden parran geçmeli.
Seni söýüp şahyr boldum başda men,
Bakyşlaryň bakylygyň çeşmesi.
Düşündim henizem çagadygyma,
Aşyk boldum seniň çagalygyňa.
9
Aşyk boldum seniň çagalygyňa,
Şu günüňe dälde ,düýnüňe aşyk.
Seň bilen hezildi çagalygymam,
Degişip,gülüşip ,oýnardyk üýşüp.
Şirinli günlere gidýän gaýbana,
Gowursada meni hijranyň ody.
Ýelek kimin üfläniňde gaýýana,
Sähelçe ylhama ýazýaryn goşgy.
Okap,ýazyp ýadamadym goşgydan,
Ýadaman ýazaryn halkym halasa.
Çagalykdan bäri ýazan goşgylam,
Porsaşyp ýatyrlar hajathanada.
Şonda-da ýaşaýar poeziýa söýgüm,
Sen bolduň tolgunjym bir täsin duýgym.
10
Sen bolduň tolgunjym , bir täsin duýgym,
Derdimiň düýbünde nämeler ýatyr ?
Baryp görsem ine ilkinji söýgüm ,
Ýene-de naýynjar seredip otyr.
Her gören gelnimi saňa meňzedip,
Saňa meňzeýärdä gara saçlyla.r
Undulşan derdimi ýene gozgadyp,
Şol köne derdime başdan başladym.
Mähir lowurdysy gursakda gaýnap,
Muhapbet şerbetin içirdiň ýene.
Içir sen, içirseň ýazaýyn saýrap,
Içir sen , içir sen ,günäsi maňa.
Gör-ä geçip gitdi çagalygymam,
Indi seredýän öz çagalaryma.
11
Indi seredýän öz çagalaryma,
Indi başga birne yrsaraýaryn.
Käte aýlanyp öz çagalygyma,
Şirinli günleri ýada salýaryn.
Heýde undularmy Şirinli günler ?
Şirinli günlerim alabaharym.
Aglatsada meni ol gara gözler,
Ol gözlere mydam gülüp bakaryn.
Heýde undularmy Şirinli günler ?
Barardym ýanyňa ganatym kakyp.
Ganatsyzam gaýratlanyp göwünler,
Bileje oýnardym eliňden tutup.
Köňülde kerepläp galdymy gaýgym ?
Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm.
12
Çagalykda galdy ,çagalyk söýgüm,
Belkem bile borduk ulalmasadyk.
Çagajyk bolardym , bolmazdy gaýgym,
Ulalmak melhemni ulanmasadyk.
Her gün aýlanardym eliňden tutup,
Oýnardym,ýaýnardym,saýrardym joşup.
Ýaşardym pelegiň oýnuny utup,
Söýgünem bilmezdim, bolmazdym aşyk.
Indi "Zaman" diýlen zalyma duşup,
Gün geçdigçe garrap, ölüp barýana.
Bolsun arasynda täsin duşuşyk,
Bolmasa ýatlama bolup barýaňa.
Duýgylarmy gizlesede göz , gaşym,
Setirlemden akyp dur-a göz ýaşym
13
Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym,
Ýürek sözüm ýaýrar ýüreklerňize.
Göz ýaş bilen gidip barýar gör ýaşym,
Ýene-de ýaş berýär ýürekler bize.
Şygyrlarym bilmeýäne bulaşyk,
Elim işde,kelle goşgy düzüp dur.
Ýene ýazýan yşk derdine ulaşyp,
Men-ä aýdýan , galam bolsa ýazyp dur.
Ylham bolsa şol gelip dur, gelip dur,
Indi galam ýetişenok ýazmana.
Birikdirseň poeziýa bolup dur,
Maý berenok, işimizem bir ýandan.
Seniň waspyň ýazmak boldy bar işim,
Boldum seniň ömür boýy serhoşyň.
14
Boldum seniň ömür boýy serhoşyň,
Serhoş bolup samyrdaýar setirlem.
Wah şonda-da geläýsene serhoşym,
Beýle derdi hemme ýürek götermez.
Çagalykdan eýe bolduň köňlüme,
Götereýin baýdak kimin pasyrda.
Aýratynja ömür goş sen ömrüme,
Gel bileje ýaşaly biz asyrlap.
Diýýärsiň "Eý Gerçek ! Öňmüzde geljek,
Jaýdar jümleleriň düşsün jaýyna".
Manysyz ýaşandan , manyly öljek,
Sonetler döretsem Şirinaýyma.
Gel ,rugsat ber seniň bilen gideýin,
Bu duýgyny nädip beýan edeýin?
Magistral
Bu duýgyny nädip beýan edeýin,
Dözmezim ,sözlerim gyýaýsa näder ?!
Özümi birneme zyýan edeýin,
Muhapbet meýinden bir damja dadyr,
Senden kemal tapdy şygryýethanam,
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň .
Köňül para -para ,şygyrlam ganan,
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň.
Aşyk boldum seniň çagalygyňa,
Sen bolduň tolgunjym ,bir täsin duýgym .
Indi seredýärin öz çagalarma,
Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm.
Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym,
Boldum seniň ömür boýy serhoşyň.
(19.03.2023)
***
Ruhy azap (sonetler çemeni)
"Küÿsediñmi!
Düÿşlerimde düşlediň,
Maňa heniz beýle ýakynlaşmadyñ."
(Süleýman Tekäýew)
1.
Muhapbetiň meniñ ruhuma azap,
Düýşlerime girip berýärsiň jeza.
O:t bolup ornaşdyň ýanjagazymda ,
Gözlerňe gark etdiñ , ýüzüp bilemok,
Seni, sensizlige dözüp bilemok.
Kirpigiň iňňesi kalbyma çümýär,
Nämä gerek beýle ýakynlaşmaklyk?
Ganatlarňy ýaýyp,gujagyñ gerýäň,
Kalbyñy bölýäñde ýaryny berýäñ.
Serçeler jürküldäp aýdýar arzyñy,
Şemal seniñ salamyňy getirýär.
Hyýallarňa girip boldum arzyly,
Semalardan sedalaryñ eşdilýär,
Goşgularma girip berýärsiñ jeza.
2.
Goşgularma girip berýärsiñ jeza,
Garap,gözleñ bilen iýäýjek bolýañ,
Bir zatlar diýäýjek-diýäýjek bolýañ.
Alladan amanat ýekeje jany,
Ony hem soguryp alaýjak bolýañ.
Hem duýaýjak bolýañ barja duýgumy,
Bakma beýle, gözleriñe bent etme!
Men seni bagtly ederin ,emma
başgalarda bagtly eder elbetde.
Şagallar uwlaşyp göwünlik berýär,
Dertdeşim, bäsdeşim bolan deñizim,
Şemalyn şuwladyp ganatym gerýär.
Asmanam agysyn paýlaşýar diñläñ,
Bu gün bulutlaram aglaşýar diñmän.
3.
Bu gün bulutlaram aglaşýar diňmän,
Meñzäp kalbymdaky harasatlara.
Ýüregimi persala edýän bu söýgi,
Goýmady göwnümde parahatlygam.
Aldyñla añymdan akyl huşumy,
Galmady elimde eradam,erkim.
Bu duýguny gursagymdan çykarsam,
" Gerçek däliräpdir" diýerler her kim.
Aýtsana perizat jadygöýmiñ sen,
Göwnümi gursakdan soguryp barýañ.
Çagalygma siñip galdymmykam men,
Eýýäm ýaşlygmyzam sowulyp barýar.
Dideden dökülip dertleriñ damýar,
Ajy göz ýaşlary kalbyma siñýär.
4.
Ajy göz ýaşlary kalbyma siñýär,
Hem söýgüñem sowuk,adamlar sowuk,
Seret, Günem üşäp bulda giripdir.
Geçip gidip bormy ýüzüñi sowup,
Ýatlamalar suratlara siñipdir.
Düýşde seniñ suratyña bakaryn,
Suwar, setirlerim has suwsadyla.
Kalbymyñ töründe heýkel dikerin,
Paşmadyk söýgümiñ hatyrasyna.
Aýdym bolup aýlanarys dünýäni ,
Biz bileje setirlerde ýaşarys.
Hiç solmajak sonet güllerin ekdim,
Onsoñ ele alyp göwün galamyn,
Goşgumyñ ýüzüne keşbiñi çekdim.
5.
Goşgumyñ ýüzüne keşbiñi çekdim,
Gap-garañky saçlaryñda alaşyp,
Garakçy gaşlaryñ gurbany boldum.
Tiken- tiken kirpiklerñe çolaşyp,
Ullakan gözleñde kiçelip galdym.
Nepesiñden howa alýar nepesim,
Bildim,bedeniñe ruhum siñipdir,
Arzuwym, umudym, ömrüm siñipdir.
Ýañagyñ alyna gözüm gyzdyryp,
Ýelim çalnan lebleriñe ýelmeşdim.
Hiç ýazmajak şygyrlarmy ýazdyryp,
Ahyr baryp kalbyñ bilen gürleşdim.
Namalamdan nalalaryñ eşdildi,
Setirlemden seredýärsiñ naýynjar.
6.
Setirlemden seredýärsiñ naýynjar,
Aýdaý menden beýle näme aryñ bar?
"Muhapbete hormat gerek" diýdiler,
Elbet sadalygmyñ sylagyn berdiñ.
"Muhapbete ynam gerek" diýdiler,
Şirin şygyrlarma ynanmadyñmy?!
Daglara diñledip dat-perýadymy,
Ekilmedik ýerde biten ekenim.
Şirin bolup söýdüñ öz Perhadyñy,
Iki gül arada tiken ekenim.
" Gözläp , yzlap zordan bagtymy tapdym,
Olam ýadow, uklap ýatan ekeni."
Owalda ol meni tapan ekeni,
Aslynda men syrly dünýäde ýokdum.
7.
Aslynda men syrly dünýäde ýokdum,
Bu duýguly dünýä getirdiñ nüçün?
Belki goşgularym gaty görendir,
Ýazmaly wagtynda ýazmanym üçin.
Garaşdym ýoluña ýüregmi ýazyp,
Nüçün gelmediñ?
Eliñe berdimä ýüregmi ýakyp,
Niçik bilmediñ?
Atylan atommy, aýdylan atom,
Haýsysy güýçli?
Dowzahyña düşüp ýaşaýan ýerim,
Huşmy ýa düýşmi?
Çagalykda gözlerime giripdiñ,
Ellerimden tutup goşga girizdiñ.
8.
Ellerimden tutup goşga girizdiñ,
Saratdym sagady gaýtdym yzyma,
Dünýe biziñ daşymyzdan aýlandy.
Çagalykda girdiñ göwün depderme,
Ony bozguç bilen aýryp bilemok.
Men seni şeýle bir, şeýle bir söýýän,
Söýgimi söz bilen aýdyp bilemok.
Beýlede bir söýgi bolar oguşýa,
Beýlede bir duýgy bolar oguşýa,
Beýlede bir gaýgy bolar oguşýa,
Gitdim oñuşman.
Aýlanyp-aýlanyp gazygma çökdim,
Boýnuma ýazmaklyk goýlupdyr Hakdan,
Agtaryp ahyry ylhamy tapdym.
9.
Agtaryp ahyry ylhamy tapdym,
Wah, olam türkmençe gepläp bilemok.
Bir-birinden gözel sonet güllerin,
Baryny bir ýere sepläp bilemok.
Ukyply, ylhamly, zehinli boldum,
Gulaga pyşyrdan perişdeden hem.
Dogry, senli dünýä täzeden geldim,
Hatda haýran galdy perişdeler hem.
Perimiñ, a:lmydyñ, jynmydyñmy ýar?
Niçik gijelerme girip bilýärsiñ,
Ylham perişdesi senmidiñmi ýa?
Gizlinlikde jennet gülün tiripdir.
Muhapbetiň meniñ ruhyma azap,
Olam seniñ gözleriñe giripdir.
10.
Olam seniñ gözleriñe giripdir,
Huşlarymam , düýşlerime garyşdy.
Ýagmyrly söýgüme suwsadyñmy ýar,
Meni,menden beter küýsediñmi ýa?
Seni, saña gaýdyp bermedimmi aýt ,
Ýa-da meni menden aljak bolýañmy?!
Ÿa maña yzañy aÿtjak bolÿañmy?
Seniñ syrly sözleriñden añmadym,
Dideleriñ diýdilerem derdiñi,
Agladym.
Ýagýar ýüregime gamly ýagyşlar,
Sözleriñ sedasy eredýär buzum.
Gudratly daglara dyrmaşdygyñça,
Bu daglaryñ dagy gutararmyka?!
11.
Bu daglaryñ dagy gutararmyka?!
Hesretli daglara dertleşdigiñçe.
Derdime düşünen daglar lerzana,
Goşguma gülerler düşünmedikler.
Senli setirlerme düşünmediler,
Düşünmesinler.
Hem guşanmasynlar goşgy guşagyn,
Öz-özüni o:tlap ýakmaýan bolsa,
Özüne ýokardan bakmaýan bolsa.
Ýa bilmeýän bolsa ruhyñ azabyn,
Bermesinler azaryn.
Ýeller,hatlar,guşlar,suratlar,düýşler...
Seniñ barlygyñy ýatladar durar.
Men söýgüniñ dünýäsinde dowzahy
12.
Men söýgüniñ dünýäsinde dowzahy,
Seni gördügimçe gazanýan günä.
Yşk derdini çekip ejiz gerdende,
Gujur-gaýrat, sabyr galmady mende.
Seni görüp goşgularym aglaşýar,
Indi ömrüň başga bilen baglanşýar.
Ýatlamalar gömüldiler göz ýaşly,
Aglaşdylar olar " Ýüregiñ daşmy?"
Ýürekdeşim ýitip gitdi ýat ýere,
Klasdaşym nesip etdi ýatlara,
Bolduñ ajy ýatlama.
Diýme maña "Däli-diwana şahyr",
Sen derdime derman bolmaly ahyr,
Goşguda gygyrsam eştmezmiñ ahym.
13.
Goşguda gygyrsam eştmezmiñ ahym,
Seni görse aýdymlarym aglaşýar.
Daglar kimin belent hasaplan söýgüm,
Bu gün görsem ownuk çigit däne eken.
"Seni asla unutmaryn" diýýärdim,
Unutmaklyk beýle kynam däl eken.
Emma öten agşam düýşüme girdiñ,
Kalp çydarmy jahyllygyñ joşuna?
Adam, bir adamdan haraý islese,
Şol adamyñ girermişin düýşüne.
Nämüçin sen meniñ düýşüme girdiñ?
Ýa-da menden haraý isläp geldiñmi?
Göýber, dowzahyñdan azat et şahym,
Ýakdyñla ruhum!
14.
Ýakdyñla ruhum!
Golaýlaşma señem ýanmagyñ ahmal.
Göwnümde gozgalañ, müñ dürli ahwal.
Ynan seni aglatmaga dözmeýän,
Saña derek men aglaýyn , bary bir
Bary bir men,
Aglamaga öwrenşen.
Seniñ bilen boljakdym bir maşgala,
Asyl göwnüñ galan eken başgada.
Besdir indi, göwnüm doldy gaýgydan,
Maña näme ol bigadyr söýgüden,
Ykbalym bagş etdi arzyly yşky.
Zulum zyndanyñdan et meni azat,
Muhapbetiň meniñ ruhuma azap.
Magstral
Muhapbetiň meniñ ruhuma azap,
Goşgularma girip berýärsiñ jeza.
Bu gün bulutlaram aglaşýar diñmän,
Ajy göz ýaşlary kagyza siñýär.
Goşgumyñ ýüzüne keşbiñi çekdim,
Setirlemden seredýärsiñ naýynjar.
Aslynda men syrly dünýäde ýokdym,
Ellerimden tutup goşga girizdiñ.
Agtaryp ahyry ylhamy tapdym,
Olam seniñ gözleriñe giripdir.
Bu daglaryñ dagy gutararmyka?
Men söýgüniñ dünýäsinde dowzahy,
Goşguda gygyrsam eştmezmiñ ahym?
Ýakdyñla ruhum !
(11.2024)
***
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyz haty..
Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma,
Ylaýym, duşma-da bela-betere!
Eger bagtyñ ýatsa...
Bir zaman da:şa
Öwrüp zyñan ýüregime büdüre!...
dowamy...
Ýokaryk