Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Hakykat elmydama ýakymly däldir??? Her ýakymly sözem hakykat däl..?❤️?
Eje..
Gytyndan Baron [off] 18.12.2024 / 16:11 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Derdim aýdabilmän asmana-ýere,
Akar suwlar ýaly çagladym, eje.
Duçar bolup bir hudaýsyz dilbere,
Bagtymam ömürlik bagladym, eje.
Ulalyp, oňalman geçdim, nädeýin,
Çelgiler — çepbekeý, nirä ädeýin?!
Jöwzada azaşan çigildem deýin
Öz başymy özüm dagladym, eje.
Bir ýazygym bar öňüňde, mähriban:
(Bagyşla, göwnümde galmasyn arman...)
Hal-ýagdaýym soranyňda
Utanman,
men seni hemişe aldadym, eje.
Kim ýylgyrsyn Taňry çytana gaşyn?!
Aýypdyr erkege paş etmek ýaşyn.
A men syýa ga:ryp, ýüregmiň ýaşyn
Galamdan syzdyryp agladym, eje.
19:59. 09.12.2024ý.
Mary / Türkmenistan
©Taýmaz SEÝIDOW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk