Ýürekdeş sözler!
ViolinisT : Durmuş güldürmeýän bolsa entek onuň oýnuna düşünen dälsiň..
ALLAHYM!
Özümiziňki Gulmahrem [off] 18.12.2024 / 16:59
Eý, Allahym, basylýaryn nebsimden
Bogulýaryn durmuş atly deňziňde.
Ine, gije ellerimi serdir-de,
Huzuryñda durdur meni Allahym!
Şükür edeýin, hamd edeýin igleýip,
Maňlaýymy seždegähe direýip,
Öten geçen günälerme aglaýyp,
Göz ýaşyma bogdur meni, Allahym!
Aýbym artyk, başymy dik tutardan,
Yhlasym kem dostlugyňa ýeterden,
Çöker göwnüm her ahwala beter meň,
Tut köňlümden galdyr meni, Allahym!
Diňe sensiň rahmet eden ahyma,
Sensiň iman bilen eltjek ahyra,
Öwrüleýin bir edepli salyha,
Öz yşkyňda köýdür meni, Allahym!
Suraý Amanakowa
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Söýgi sözleri❤️
Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...
dowamy...
Ýokaryk