Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : biri var.. ne özlemekten yoruldum ne-de sevmekten..#fileo

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

SAŇA AÝTMALY ZATLARYM BAR!..
Premium
 BAYOGUL [on]
 21.12.2024 / 01:30
 Yurekdesh.ru

Hawa, bu men! Saňa hat ýazmagy gowy görýän dostuň! Meniň saňa aýtmaly zatlarym bar!

Men arzuw etmekden ýadadym, gadyrdan! Çünki köňül aýnam döwüleni bäri äpişgämden sowuk şemal girýär ýüregime... Ol ýerdäki gürsüldiniň sesi bolsa barha haýallap, gursagymam daşa öwrülip barýan ýaly... Bärde üşesemem seniň getirjek baharyňa henizem garaşýan men. We ähli güýjim bilen saňa hat ýazýaryn, gadyrdan, seniň kimdigiňi bilmesemem! Hiç kime aýdyp bilmedik zatlarymy saňa ýazyp ugradasym gelýär birhili. Bir ýerlerde maňa ynanjak, meni gorajak, meni diňlejek biriniň bardygyna ynanýanym üçin saňa hat ýazasym gelýär. Ynanmak gowy zat, ýöne saňa ynanmak has-da gowy bolarly. Ýogsa-da ynam bilen umyt aýratyn zatmy hä-ä ? Çünki iň soňky umydyma çenli ýadadym, gadyrdan. Halys tapdan düşdim. Güýçli görünmekden ýüregim gysýar indi. Aslynda sähel zada ynjaýan, öz-özündenem öýkeläp bilýän, iň bärkisi garaňkylykdanam gorkýan biri men. Belki pikir edişimdenem ejizdirin Bilmedim, sen meni tananyňdan soň, güýçli kişi däldigimi bilip näderkäň? Ýagny öz garşyňda göresiň gelýän kişi aslynda seniň garaşýanyň ýaly bolmasa näderkäň? Menden ynjarmykaň? We şuňa meňzeşler... Içimde ondan başga-da jogapsyz soraglar gaty köp, gadyrdan, öz soraglaryma özümem jogap berip bilemok indi. Bu ýagdaý eýýäm on müňünji gezek bolsa gerek. Hemem ýalňyşymy, dogrymy tapawutlandyryp bilmän başladym göwnüme. Bu bolsa menim üçin gaty gorkunç zat. Gowusy sen meni çaltyrak tap! Ýogsa-da meni asmanlardan gözleýän bolsaň ýalňyşýaň, gadyrdan! Soňky wagtlar Ýerde ýöremegi öwrenip başladym, asmanda uçmaga ganatlarymyň ysgyny galmany üçin. Aslynda ýöremek hem gowy zat eken, ýaraly ganatlarym her wagt ejir berýä diýmesem. Täsin, daşlaşanym üçinmi-kä Asmandaky hemme zadyň üýtgeşik görünmegi?! Bulutlaryň mawydan açyk reňklisini has haladym. Aşakdan seretseň guşlaryň uçuşam artykmaç owadan görünýän eken. Esasan hem guýrugy gaýçy ýalylaryň! Öň uçýakam ol ajaýyplyklary görmedim oguşýa. Beýlede bir ünssizlik bormy diýsene?! Aşyk bolmasamam, gözi açyk kör bolan ekenim. Kinoda görüpdim diňe aşyk bolan kişiler gözi açyk kör bolýanyny. Durmyş kinonyň tersinemiş, geň... Ýogsa-da, saňa aýtmaly zadym bar: pikirlenmek ejir berýän bolsa-da, sen hakda düşünmek has ýakymly maňa. Belki senem men ýaly Ýerde ýöremäge karar berenlerdensiň!?! Onda-ha ne ajaýyp, ikimizem bilelik-de ýöräp bilsek, bilelik-de uçup bilsek! Ýöne seniň bir ganatlaryň ýaralanmasyn, gadyrdan, olara aýawly seredewer! Iň bolmanda meni tapýançaň!


112

17

3

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 21.12.2024 / 10:21

+0

Babageldin ysy gelya oylanmadan. Yene juda gowy yazypdyr. Yene sol bir tankyt: Turk edebiyatynyn tasiri az-kem bildirip gidyar.

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 21.12.2024 / 10:21

+0

Karar bermek meselem. Sol sozi netija gelmek, aygyda gelmek yaly ulansa bolarmyka diyyan.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика