Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Тот факт, что вы пережили вчерашний день, не означает, что вы знаете всё о сегодняшнем

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Haçan?!
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 23.12.2024 / 00:46
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

Haçan?!

Men bahar hakynda aýdym aýtjakdym -
Ýaýlada açylman galypdyr gülüm.
Men ýarpy ýolumda yza gaýtjakdym,
Yza dolanmaga degmedi elim.

Men ýollaryň kötellerin saýladym,
Sowlup geçere-de pursatlar kändi.
Agras ýagdaýlarda ýeňles saýradym,
Çyn duýgulam biweç ýellerde tändi.

Menem gyşlar ýaly agras boljakdym,
Bahar gelip, açyldy bar seplerim.
Tamasyny ödemedim kilçikleň,
Ynjyklaň ýanynda gödek gepledim.

Hem meýdanda gözlemedim kömelek,
Biri alar diýip çemen besledim.
Şeýde-şeýde öz gümrama güýmenip,
Kyrka ýetdi günäsizje islegim.

Ýaşap ýörün mende-de bagt bar diýip,
Ýöne dogry zada dogry diýmeli:
Ömrüm ýele sowurdym bir ýar diýip,
Haçan ýaşamaly?
Haçan söýmeli?

Döwlet Orazsähedow


108

13

2

5

0

1

0
Mowzugy vip edenler:
Bezzat - 5 sagat vip etdi!
(23.12.2024 / 18:51)
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 23.12.2024 / 01:35

+0

Gaty gowy

 Premium
 Bezzat [48s]
  Özim hor ýöne işdäm gowy)
 23.12.2024 / 18:54

+1

Duýgulandyrdy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.ru çat barada pikirler


http://tkmchat.x10.bz/blabax.php Chat gerek bolsa millet uysup baryberin bolmasa gezeklesip baryanhz icinde galmasan gelen adam yok diyip gityal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Boxer (Şugün, 20:30)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Berekella, gowy ýazylypdyr... Maýyplyk haty barada mende näçe diýseň gürrüň kän, ýöne käbirlerni gürrüň bersem özüm utanýan olaryň boluşyndan. Do...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Fantom (Şugün, 20:26)

Men seni hiç kime beresim gelmez.


Aslynda gosgy gowy däl eken selin terjime gowlapdyr ony...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni hiç kime beresim gelmez.
Ahmal (Şugün, 19:47)

Pikirleshyas


Sen pikirince tanyslyk dostluk saytyna name ucin girilyar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pikirleshyas
Ahmal (Şugün, 19:42)

Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?


Azat Donmez yar yar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?
Ahmal (Şugün, 19:39)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Her döwüriñem edepsizi, utancsyzy, namys-arsyzy bardy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Ahmal (Şugün, 19:27)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


olary diňe öňki kitaplardan taparsyň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Melisa (Şugün, 18:45)

Ertir.ru çat barada pikirler


Teswire mowzuga degisli bolmadyk sozler yazmak bolonok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
BAYOGUL (Şugün, 18:42)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Estagfrullah, häli-şimdi gabat gelýän, ýürek gyýyjy wakalar......... ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Orazjan (Şugün, 18:35)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar. Bular ýitip ýok bolup barýan duýgularyň hataryna girip ynsanyýetiň Gyzyl kitabyna girizildi....dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Maleficent (Şugün, 17:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика