Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Bazen öyle soğuk davranıyorsun ki, gelişin bile ısıtmıyor sonra...
“Kän gyzlaryň huzuryna gatnadym...”
Gytyndan Baron [off] 23.12.2024 / 10:03 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Düýn gije-de başga gyzyň bilinden
Elim bilen dartyp, lebin sorupdym.
Ak bedenin maňa bagş eden gyzy
Özümden däl, ýaşlygymdan görüpdim.
Diňe bir düýnem däl, ondan öňdäki
Gijeleňem deň ýarysy şeýleräk.
Men olary olarsyzam geçi:rdim,
Maňa meýilleri bolmasa sebäp.
Men olary öpdüm, guçdum,
ýöne hiç
isleginden ädip, aňry geçmedim.
Ýalan-ýalan wadalary setirläp,
Boş sözleri aýdyp, ant hem içmedim.
Mümkin, käbirleri söýendir meni,
Kaýyl etmekçi-de bolandyr olar.
Ýöne her gezek-de tapyp çemini,
Duşuşykdan gaýry isleglerinden
Biparhlygym bilen böküpdim näler.
...Idegsiz bir güjük deýin seňkildäp,
Kän gyzlaryň huzuryna gatnadym.
Ýöne, haýran, geldi-geçer islegmiň,
Göçgünli ýaşlygmyň serin nogtalap,
Bu gije näm üçin seni ýatladym?
©Wepa PIRNEPESOW
Teswirler:
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 23.12.2024 / 13:01+1Ÿetirenler sagbolsun
Soňky teswirler
Ýokaryk