“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Aýaz babalar.
Premium
 Belki [off]
 24.12.2024 / 14:57
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

   Partamyñ üstünde duran ak telpekdir, ýuka dony gören Abdyllanyñ gözleri hanasyndan çykaýjak boldy.
--- Aýaz babañ eşigi.
Men pañkelle eşigi ýygnamagy unutsam nätjek? Gel, indi bu çagalañ soraglarynyñ astyndan çykyp bilseñ çyk-da.
--- Mollum, kim Aýaz baba bolýar-aý? --- diýip, Ejegyz bilesigeliji nazarlaryny ýüzüme gönükdirdi.
Men ör-gökden gelen kişi boldum.
--- A, gyz, goýaweri, hiç kimem Aýaz baba bolanok. Aýaz babañ özi gelýär, ýöne eşigini öñünden ugradaýypdyr.
    "Gowy synanyşykdy, Mahym. Gutlaýan!" diýip, öz-özümden hoşal boldum.
     Muña çala-da bolsa ynanan çagalar meni pikirlerim bilen ikiçäk goýup, ürç edip multifilmlerine tomaşa etmäge dowam etdiler.
" Käşgä, şulary sowgady dogrudanam Aýaz babanyñ getirýändigine doly ynandyryp bilsedim"
  Birdenkä-de hyýalymda Aýjennediñ täze ýyl sowgady üçin pul getiren güni janlandy Partamyñ üstünde bir petde puly goýan Aýjennet:
--- Mollum, Aýaz babañ puly --- diýipdi.
   Aýjennediñ bu sözlerine tüýs ýürekden ýylgyrdym. Meniñ ýylgyrşymy gören Aýjennediñ saryja, eýjejik ýüzünde-de birgeñsi ýylgyryş peýda boldy.
--- Bor, akylym, geçäý ýeriñe!
   Aýjennedi ýerine geçirenimden soñ hut onuñ serine giren ýaly pikirlenmek isledim. Häzir Aýjennet hiç zadyñ garşylyksyz bolmaýandygyna düşünendir. "Hatda, Aýaz baba-da bize sowgat bermek üçin puluny öñünden alýar" diýip, pikir edenliginiñ ujy iki däl.
         Pikirlerimi birdenkä gapdalymdan çykan Ejegyzyñ soragy bozdy.
--- Mollum, sen sowgady özüñ alyp, Aýaz baba berdirýäñ-mäý?
 --- Ýok, gyz, Aýaz babañ özi getirýär sowgady.
 --- Mollum, geçen ýyl-a Mähri mollumyñ özi sowgady alyp, Aýaz baba berdirdi.
Bah, kimden sypsañam Ejegyzyñ düşbi gözlerinden sypjak gümanañ ýok.
  --- Ýok, gyz, toba.
Ýanymda duran Emirem hemişeki bolşy ýaly ulularyñ agzyna öýkünmegi bilenem çäklenmän özüçe sözem goşdy.
   ---To-ba, es-sa-py-ryl-la.
   Emiriñ sözlerine Ejegyz ikimiz hezil edip gülüşdik. Munuñ üstüne Emirem güldi.
Emiriñ saryja saçyndan sypadym.
    --- Nireden öwrendiñ-äý sen o sözi?
     --- Öwrendim-dä.
  Emir bilen Ejegyz ýerlerine geçip, meni pikirlerim bilen ikiçäk galdyrýarlar.
   Eýýäm, bäş ýaşlarynda Aýaz babañ aslynda ýokdugyny, kimdir biriniñ onuñ eşigini geýip, sowgat paýlaýandygyny bilýärler. Bu öte ir dälmi?
    Sen näme isleýäñ?  Señ pikiriñçe çagalar näçe ýaşa çenli hyýaly dünýäde ýaşamaly? Haçan hakykat bilen ýüzleşmeli?  Meselem, on ýaşyna çenli Aýaz baba ynanyp, ondan soñam hakykaty bilseler...
        Aslynda, Aýaz baba bary-ýogy bir simwol. Adamlara hiç hili garşylyk soramazdan sowgat bermegiñ, begendirmegiñ simwoly. Aýaz babañ ýoklugy baradaky hakykat bilen ýüzleşmek --- hiç zadyñ garşylyksyz berilmeýändigi baradaky hakykat bilen ýüzleşmek...
        Goý, hiç kim Aýaz baba ynanmasyn. Ýöne her kimiñ durmuşynda iñ bolmanda ýekeje Aýaz babasy bolsun!
 

12. 2022


161

18

3

2

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->