Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Owadanjam : Hemme kişi üçin daş ýaly görünýän ýüregim bir saňa gül açýardy!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

31-nji dekabr gijesi asmanda “Gara Aý” dogar
Premium
 BAYOGUL [1s]
 28.12.2024 / 23:08
 Yurekdesh.ru

31-nji dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary “Gara Aý” atly seýrek astronomiki hadysanyň şaýady bolup biler. Bu aýda ikinji täze Aýdyr. Bu gije Ýeriň hemrasy görüş meýdanyndan doly ýiter, sebäbi onuň diski bütinleýin Ýeriň kölegesinde bolar diýip, Russiýanyň Nowosibirsk döwlet uniwersitetinde habar berilýär.

“Aýyň bir bölegini eger bu döwürde Aýda onuň üstüne gaçan meteoritden partlama bolan ýagdaýynda görmek bolar, bu hadysa bolsa sagatda bir gezek bolup geçýär. Ýöne bu pursata ýetmek üçin uly sabyr, teleskop we Aýyň häzirki ýerleşýän ýerini yzygiderli wideo düşürýän kameralar gerek” – diýip, NDU-nyň Fizika fakultetiniň okuw astrofiziki awtomatlaşdyrylan toplumynyň müdiri Alfiýa Nesterenko belledi.

Täze Aý astronomiki gözegçilikler üçin örän gowy şertleri döreder, sebäbi asman garaňky bolup, onda ýyldyzlaryň köp bölegi, şeýle-de Ýupiter we Mars ýaly planetalar aýdyň görner.
Ýanwar aýynyň ilkinji hepdesinde Demirgazyk ýarym şarynyň ýaşaýjylary 3-nji ýanwardan 4-nji ýanwara geçilýän gije iň ýokary derejesine ýetjek Kwadrantidler meteor akymyna syn edip biler. Bu döwürde sagatda 200-e golaý meteory görmek bolýar.
Şeýle-de, 10 – 15-nji ýanwarda Güne iň ýakyn aralykdan geçjek C/2024 G3 ATLAS kometasyna garaşylýar.


152

19

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Bezzat [off]
  Özim hor ýöne işdäm gowy)
 28.12.2024 / 23:11

+0

Çeşme


Premium
BAYOGUL [1s] (28.12.2024 / 23:13) 

Bezzat, tmcars hawarlar


Özümiziňki
Gerceknazar  (29.12.2024 / 07:20) 

Bezzat, çeşme: Russiýanyň Nowosibirsk döwlet uniwersitetini

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sorag...


Bizar etdiňizeý, bir okalaýjak mowzuk açaýyň how!!!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Fantom (Şugün, 06:12)

Sorag...


ýaňy bir 15 ýaşyň bar eken, nämä howlugýaň wapşede oglan saňa söwen bolsa saňa söwýän oglan bilen seň nm işiň bar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Arzuw (Şugün, 02:47)

Sorag...


ösüp barýan çaga her hili maslahat beripsiňiz) özüň nm pikir edýäň kim günäli?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Arzuw (Şugün, 02:45)

Diňe sen gowy...


"Her kimiñki õzũne, Aý gõrũner gõzũne" diýýãmi)) Gowy goşgy❤️...dowamy...
Şygryýet | Diňe sen gowy...
Aurora (Şugün, 00:41)

Ýönekeýje sorag✨


Elbetde masgalamy gözlaridim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýönekeýje sorag✨
Bravee (Şugün, 00:32)

Sorag...


Gyz bir dereje oglandan pesrak bolmaly , gyz ilki bagysla sorasa has gowy , soyyani cyn bolsa gyz ikilenman bagysla diyer. Sabr edmeli cydamaly g...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Yowuz (Düýn, 22:06)

Sorag...


Meň ucin kimde yalňysy bar bolsa şo bagyşla diymeli sol sebabi günäsiz adam günäle bagyşla diymeza Dogry dämi kim günäli bolsa şo diymelimika diy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Bravee (Düýn, 21:12)

Sorag...


Detskiý mowzukda. Soragy okap utanyp gidýäň-ow)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Muawiye (Düýn, 18:52)

Sorag...


Şo dūşünjede bolany un sogüşipdim kim gunali bolsada oglan bagysla diymeli diýen düşünje ba kop gyzlarda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Bezzat (Düýn, 18:14)

Awgust meň kükregimden basýa..


Gowy ýazylan. Näme üçin. Sebäbi bu yazyjy ýazany üçin hak alan, gazet-jurnalda ýada bir edarada iş ýeri bolan. biz näme üçin ýaramaz ýazýas? Sebä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Awgust meň kükregimden basýa..
Gownejay (Düýn, 17:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика