2024-nji ýylda adamlar telefona 2,5 aý wagtlaryny sarp etdiler. Her 5 minutdan ellerine telefon aldy
Premium BAYOGUL [1s] 01.01.2025 / 23:21
Amerikanyň Reviews.org seljeriş kompaniýasy tarapyndan geçirilen täze barlag adamlaryň smartfonlara garaşlylygynyň artýandygyny görkezdi. Maglumatlar 2024-nji ýylda ulanyjylaryň smartfona ortaça 2,5 aý wagtlaryny sarp edendigini görkezýär. Bu bir ýyl ozalkydan 42,3% köpdür.
Ulanyjylar telefonlaryny her 5 minutdan, günde jemi 140 gezek çykarýarlar.
Barlagdan gelip çykýan käbir netijeler:
Adamlaryň 80,6% -i ukudan oýanandan ilkinji 10 minutyň dowamynda telefonlaryny barlaýarlar;
Olaryň 65,7%-i telefony hajathanada ulanýar;
Ulanyjylaryň 53,7% -i ýanyna baryp gürleşmegiň ýerine bir otagda bolsalaram biri-birine sms iberýärler;
Olaryň 38,1%-i duşuşyk wagtynda telefonyna seredýär;
Ulanyjylaryň 27%-i ulag sürüp barýarkalar telefonlaryny ulanýarlar.
Iň köp smartfona bagly nesil Z nesliniň wekilleri bolup çykdy (1990-njy ýyllaryň ortalaryndan 2010-njy ýyllaryň başyna çenli doglan zumerler). Olar günde 6 sagat 18 minut wagtlaryny enjamlara sarp edýärler. Y nesliniň wekilleri (milleniallar, 28 ýaşdan 43 ýaş aralygyndaky adamlar) günde 6 sagat 2 minut sarp edip, zumerlerden çala yza galýarlar. Ulurak ýaşly ulanyjylar (X nesliň wekilleri we bumerler) telefonlaryna birneme azrak ýapyşýarlar, ýöne barybir köp - degişlilikde 4 sagat 54 minut we 3 sagat 18 minut.
Barlagçlar bu meselä düşünýänleriň azalandygyny bellediler: ekrana seredip oturylýan wagtyň artandygyna garamazdan, muny endik hasaplaýanlaryň paýy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 24% kemeldi.
Smartfony aşa köp ulanmagyň sosial kada öwrülýändigi hünärmenleri alada goýýar.
125
6
1
2
0
0
1
Teswirler:
Premium Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 01.01.2025 / 23:22
Gyz bir dereje oglandan pesrak bolmaly , gyz ilki bagysla sorasa has gowy , soyyani cyn bolsa gyz ikilenman bagysla diyer. Sabr edmeli cydamaly g...dowamy...
Meň ucin kimde yalňysy bar bolsa şo bagyşla diymeli sol sebabi günäsiz adam günäle bagyşla diymeza Dogry dämi kim günäli bolsa şo diymelimika diy...dowamy...