Ýürekdeş sözler!
Belki : Ben yağmur ağladım, bir şehre yağdı, Ben şehre ağladım, bir yağmur yağdı, Ben bir ağladım, şehre yağmur yağdı #,Yılmaz Erdoğan
Täze ýyly ilkinji kabul edýän ýurtlar
Premium
BAYOGUL [1s] 01.01.2025 / 23:28
Bütin dünýäde sabyrsyzlyk bilen garaşylýan iň esasy baýramlaryň biri Täze ýyl hasaplanýar. Eýsem Ýer ýüzünde ilkinji bolup Täze ýyly haýsy ýurduň ýaşaýjylary garşy alýarlar. Täze ýyly garşy alýan ýurtlar wagt guşaklygynyň başlangyjyndaky ýurtlardyr.
Ilkinji bolup, Kiribati Respublikasynyň Kiritimati, Teraina we onuň töweregindäki adalaryň ýaşaýjylary Täze ýyla aýak basýarlar. Şolaryň yzýany Täze ýyl Täze Zelandiýa, Awstraliýa we Ýuwaş ummanyndaky beýleki adalara aýak basýar. Bu ýerlerde Täze ýyl feýerwerkleriniň sesi ýaňlanyp başlan wagty biziň ýurdumyzda senenama 31-nji dekabry, sagadyň dili 15:00-y görkezýär.
Soňra Ýuwaş ummanyndaky beýleki adalaryň ýaşaýjylary Täze ýyla gadam basýarlar. Onuň yzýany Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň, Awstraliýanyň günbatar sebitleriniň, Ýaponiýanyň ýaşaýjylary täze ýyla gadam basýarlar. Şeýlelikde, Täze ýyl dürli ýurtlardan aşyp, biziň ýurdumyza gelýär. Ýurdumyzda ýylyň çalyşýan wagty Sidneýde senenama 1-nji ýanwar, sagat irden 6:00-y görkezýän bolsa, Londonlylaryň Täze ýyly garşy almaklaryna 5 sagat galan bolýar. Täze ýyl ýoluny dowam edip, Atlantik ummanyny aşyp, Amerika baryp ýetýär. Gawai, Kuk adalary, Fransuz Polineziýasy ýaly ýerlerde Täze ýylyň ilkinji minutlarynda Türkmenistanda sagadyň dili 15:00-y, senenama 1-nji ýanwary görkezýär. Şondan bir sagat soň, Ýuwaş ummanyndaky Amerikan Samoasy, Niue, Midueý adalarynyň ýaşaýjylary Täze ýyly iň soňky bolup garşy alýarlar. Bu adalar baýramçylygy ilki belleýän ýurtlaryň golaýynda ýerleşýär.
Teswirler:
Soňky teswirler
Sorag...
ýaňy bir 15 ýaşyň bar eken, nämä howlugýaň wapşede oglan saňa söwen bolsa saňa söwýän oglan bilen seň nm işiň bar?...
dowamy...Sorag...
ösüp barýan çaga her hili maslahat beripsiňiz) özüň nm pikir edýäň kim günäli?...
dowamy...Sorag...
Gyz bir dereje oglandan pesrak bolmaly , gyz ilki bagysla sorasa has gowy , soyyani cyn bolsa gyz ikilenman bagysla diyer. Sabr edmeli cydamaly g...
dowamy...Sorag...
Meň ucin kimde yalňysy bar bolsa şo bagyşla diymeli sol sebabi günäsiz adam günäle bagyşla diymeza Dogry dämi kim günäli bolsa şo diymelimika diy...
dowamy...Sorag...
Şo dūşünjede bolany un sogüşipdim kim gunali bolsada oglan bagysla diymeli diýen düşünje ba kop gyzlarda...
dowamy...
Ýokaryk