B.....!
Täzeje
Jek [off]
03.01.2025 / 03:23
B.....!
Ýöräp barýar köçelerde adamlar
Ýok ýagyş ýaganok, asmana bakýan...
Olardan saýlanyp, ýöräp gelýärsiň...
Şol gün sen şeýle bir bagtlydyň örän,
Garaşýan ýigdiňi, kän bir saklaman,
''Garaşdyrman geldim gerek'' diýeň-de...
Tutup seniň gollaryňdan ylgadym,
Aýly agşam fotostudiýa tarap...
Fotoçy gyz surat alyp başlady
Surata düşdük biz Wenesiýada,
Soň aýlandyk Italiýaň köşgünde
Sütünli, bakjaly hem Afinada...
Fotoçy jan çekýär elleri bilen,
Görkezýär ''Şeýleräk duraýda'' diýip,
Diwarlaryň ýüzündäki suratlar,
Hersi bir watanyň ajaýyp ýeri,,,
Iller howlugýarka samalýotlara,
Biz şeýdip dünýäni gezýärdik bile
Ikimiz aýlandyk gaýykly suwda,,,,,
Ondan çykyp uçurdym men bagtymy,
Iki ýüpli sallançakda oturdyp,
Bu ýerden çykdyk-da aýlandyk biraz,
Soňra seniň tarypyňy ýetirdim,
Mawy gözleň, goňur sary saçlaryň,
Ap-ak teniň, goňur seniň gaşlaryň,
....Diýip soňlanmanka aýtjak sözlerim.
Ýakynlaşdyň maňa tarap süýşdiň-de.
Çalajadan gözleriňi titredip...
Romantikaň arasyny böldüň-de...
Şeýle bir ajaýyp ýylgyrdyň dünýäm...
Gök asmanyň göktaňrysy gözüňde,
Buýruk berýärmikä maňa garaňda...
''Sag bol'' diýip hoşlaşanyň şol günki,
Iň soňky hoşlaşyk boldy-da gitdi...
Şondan soňky setirleriň dowamy,
Gök-asmanyň Taňrysynda gizlengi...
03.01.2025.
©Çarymuhammet SUGTYÝEW
Jek [off]
03.01.2025 / 03:23
B.....!
Ýöräp barýar köçelerde adamlar
Ýok ýagyş ýaganok, asmana bakýan...
Olardan saýlanyp, ýöräp gelýärsiň...
Şol gün sen şeýle bir bagtlydyň örän,
Garaşýan ýigdiňi, kän bir saklaman,
''Garaşdyrman geldim gerek'' diýeň-de...
Tutup seniň gollaryňdan ylgadym,
Aýly agşam fotostudiýa tarap...
Fotoçy gyz surat alyp başlady
Surata düşdük biz Wenesiýada,
Soň aýlandyk Italiýaň köşgünde
Sütünli, bakjaly hem Afinada...
Fotoçy jan çekýär elleri bilen,
Görkezýär ''Şeýleräk duraýda'' diýip,
Diwarlaryň ýüzündäki suratlar,
Hersi bir watanyň ajaýyp ýeri,,,
Iller howlugýarka samalýotlara,
Biz şeýdip dünýäni gezýärdik bile
Ikimiz aýlandyk gaýykly suwda,,,,,
Ondan çykyp uçurdym men bagtymy,
Iki ýüpli sallançakda oturdyp,
Bu ýerden çykdyk-da aýlandyk biraz,
Soňra seniň tarypyňy ýetirdim,
Mawy gözleň, goňur sary saçlaryň,
Ap-ak teniň, goňur seniň gaşlaryň,
....Diýip soňlanmanka aýtjak sözlerim.
Ýakynlaşdyň maňa tarap süýşdiň-de.
Çalajadan gözleriňi titredip...
Romantikaň arasyny böldüň-de...
Şeýle bir ajaýyp ýylgyrdyň dünýäm...
Gök asmanyň göktaňrysy gözüňde,
Buýruk berýärmikä maňa garaňda...
''Sag bol'' diýip hoşlaşanyň şol günki,
Iň soňky hoşlaşyk boldy-da gitdi...
Şondan soňky setirleriň dowamy,
Gök-asmanyň Taňrysynda gizlengi...
03.01.2025.
©Çarymuhammet SUGTYÝEW
![]() 156 |
![]() 15 |
![]() 3 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)