Ýürekdeş sözler!
Belki : Sayende "Aşka kapalıyız" yazıyor artık kalp dükkanımın kapısında #Belki
Ejeme hat..
Premium
BAYOGUL [on] 04.01.2025 / 01:01 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
Diri gezip ýörmüň, garryja enem?
Menem diri, saňa ýollaýan salam.
Goý seniň şol garyp külbäň üstüne
Aý şuglasyn saçyp dursun elmydam.
Maňa hat ýazýarlar düşüp howsala,
Meni küýsäp gezýärmişiň gussaly.
Her gün ýola çykýarmyşyň zowzalap,
Egne geýip sary giden possuny.
Agşam düşse mawy gijäň tümünde
Eýmenç düýşler seň beýniňi çokýarmyş.
Kimdir biri meýhananyň jeňinde
Meň ýüregme fin hanjaryn sokýarmyş.
Rahatlan, ezizim, gamlanma, käbäm,
Aýyr serden beýle agyr hyýaly.
Men juda bir köçä zyňylan däl-ä,
Seni görmän ölüp gidäýer ýaly.
Henizlerem öňkim ýaly näzik men,
Hemem arzuw edýän şol bir zat hakda:
Göwnüm – gamdan dynyp, duman içinden
Çykyp basym garyp külbä barmakda.
Bararyn tupany sowulyp gyşyň,
Bahar baglar gülden geýende ak don.
Şonda meni, senden ýeke haýyşym:
Sekiz ýyl öňkiň deý oýarma daňdan.
Uklan arzuwlarmy oýarma serde,
Goý, şonlugna galsyn paşmadyk hyýal.
Juda ir uçradym tükenmez derde,
Ýitirdim, ýadadym, keç boldy ykbal.
Hem öwretme çokunmany, gerek däl,
Ýokdur asla geçen günleň gaýdymy.
Sen ýeke-täk şatlygym sen ýürekde,
Sen ýeke-täk aýdylmadyk aýdymym.
Ýatdan çykar howsalaňy, gussaňy,
Hem delminip bakma saga-sollara.
Egne geýip sary giden possuny,
Meni idäp çykyp durma ýollara.
Terjime eden Atamyrat ATABAÝEW.
Teswirler:
Gerekli Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 04.01.2025 / 01:04+1Gowy eken
Soňky teswirler
Ýürege ýakyn
Gitdiňmi şeýle uly git… aýaklaryň hem geçmesin ýakynyndan aýralyk hem senden utansyn… kölägäň hem yzynda galmasyn..mertebäň bilen git we gidensoň...
dowamy...Gyz haty..
Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma,
Ylaýym, duşma-da bela-betere!
Eger bagtyñ ýatsa...
Bir zaman da:şa
Öwrüp zyñan ýüregime büdüre!...
dowamy...
Ýokaryk