Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Belki : Her gün adyñy gaýtalap oýanýan günlerimden "Dogrudanam, näme-däý ady?" diýýän günlerime çenli ýol geçdi ýüregim #Belki

Forum | KÖMEK GEREK | Umumy

Kömek gerek 1
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 04.01.2025 / 09:45
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Salam , ýürekdeş saýtynyň myhman hem-de agzalary , gymmat hem-de arzanlary, hem gybatda agzanlary ! "Adam adama mydama mätäçdir" diýlişi ýaly bu gün sizden şeýle haýyşym bar. Araňyzda bilýäniňiz bar bolsa aýdymçy Aşyrmämmet Durdyýewiň telefon belgisini ýazaýyň. Köpçülikde paýlaşmak islemeseňiz şahsy hatyma ýa-da +99365228952 telefon belgime sms ugradaýyň.

"Aşyrmämmet Durdyýewiň telefon belgisini başyňa ýapjakmy ?" diýen sorag ýüze çykdy. Ol sowala giňişleýin jogap bereýin.

Biler bolsaňyz ýaňy-ýakynda "Aşyk men" atly täze ýyl kinosyna meniň goşgumy goýupdyrlar. Şojagaz ýerini gysgajyk gür bereýin .

Kinoda Aşyrmämmet Durdyýew halaýan gyzynyň telefon belgisini alýar we oňa telefon arkaly öz söýgüsini beýan etmek isleýär. Uzak wagtlap oýlanyp gyza ahyry şu goşgy setirleri arkaly öz söýgüsini sms ýazyp beýan edýär.

"Men saňa söýgümi aýdaýyn nädip?
Günler geçip barýar ömrümden gädip"

Şu setirleri sms ugradyp oglan gyza söýgüsini aýan edýär. (Bu goşgy setirlerim aýdym edilip hem aýdylýar) Gyz goşguny okap şeýle jogap ýazýar.

"Çagajyklar oýnamaga çykdylar,
Çykdylar "Hezillik gar ýagýar"diýip.

Şu ýerde gyz oglanyň söýgüsini kabul edip oňa söýgi barada goşgy ýazman awtoryň (ýagny meniň) tebigat barada ýazan şygyr setirlerimi ýazyp jogap berýär. Oglanam bada-bat goşgunyň yzyny ýazýar.

"Şatlandylar, begendiler, bökdiler,
"Asmandan zemine nur ýagýar" diýip.

ýazyp yzyndan "Şahyr Gerçeknazar Amannazarowyň goşgusy" diýip awtoryň adyny getirýär. Gyz hem:

"Hawa, şol şahyryň goşgularyny menem gowy görýän. Çagalygymdan bäri halap okaýan" diýip ýazýar. Şeýdip olaryň sözleri alyşyp gidýär we soňunda gowuşýarlar.

Men ýaly ýönekeý kişä uly hormat edip goşgularymy kino goýanlygy üçin kinony ýazan ssenaristlere , artistlere , rejesýora köp-köp sag bolsun aýdýaryn. We şolar bilen has ýakyndan gatnaşmak maksady bilen sizden kömek soraýaryn.

Şol sahnany oýnan oglany Aşyrmämmet Durdyýewi tanaýan, şonuň üçin şoň telefon belgisini soradym sizden. Jaň edip minnetdarlyk bildirjek. "Aşyk men" atly kinony ýazanyň kimdigini , artistleriň kimdigini we şolaryň telefon belgilerini ýazsaňyz sizden hoşal bolardym , eziz ýürekdeşler!


193

49

8

4

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 04.01.2025 / 11:19

+1

Türkmen owazdaky kino dalmi? Rustem Hally bar, Eldar Ahmedow bar, Zuleyha Kakayewa bar, gyzlary tanamok.
Tuweleme, gowy zat. Romanticniy epizodlar eken solar. Pylanyn nomeri dip gyz oglana nomer beryar. Olam oz nomeri eken. Son sms yazysyalar dine. Sizin gosgynyzy aydyan yerin-a gormedim sonuraklaryny gordum.Haysy pasly halayan zat dip yazysyalar.


Özümiziňki
Gerceknazar  (04.01.2025 / 16:29) 

Belki, hawa, şol kino. Ady "Aşyk men" bolmaly.


Täzeje
AnSeBox  (04.01.2025 / 22:52) 

Belki, kinoda gornenok gerceknazar diyen yeri sakallash.

 Täzeje
 daliim [off]
 04.01.2025 / 11:26

+1

Tuweleme gafy begendim yenede ustunlik yone mena bilemok nomerlarny. Instagrama giryan bolsanyz so taydan tapyp bilersiniz atlarny yazsanyz cykyqn bolmaly. Ustunlik dileyan yenede


Özümiziňki
Gerceknazar  (04.01.2025 / 16:31) 

daliim, instageama giremok, giren wagtyňyz gözläp göräýiň kyn görmeseňiz. Sylag-hormatyňyza sag boluň , size-de üstünlik arzuw edýän .


Täzeje
daliim  (05.01.2025 / 10:54) 

Gerceknazar, mnm giremok su gun girayern yone tapsam yazarn size ark bolun)

 Täzeje
 Khanture00 [off]
  Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran
 04.01.2025 / 13:29

+1

Filmiň 52-nji minutlarynda aýdýan eken... filmi görmedim, saradyp oturşyma tötänden dogry geldi.


Özümiziňki
Gerceknazar  (04.01.2025 / 16:27) 

Khanture00, şol filmi nireden tapyp bolar ?


Täzeje
Khanture00  (04.01.2025 / 16:40) 

Gerceknazar, Ýutupda


Täzeje
AnSeBox  (04.01.2025 / 22:53) 

Khanture00, yutubda dolusyna bamy? Link goyay, telewizor zapisde gordum yok eken, ya tm owazda gorkezende ayrypdyrlar shol yerini


Täzeje
Khanture00  (05.01.2025 / 00:24) 

AnSeBox, https://www.youtube.com/watch? ... wxDUc

 Täzeje
 ---Kaktus [off]
 04.01.2025 / 15:09

+1

Salam. Türkmen owazdan tomaşa edipdim şol filme. Begendim. Döredijiligiňizde üstünlik!

Soragyňyz barada jogabym ýok gynansamda.


Özümiziňki
Gerceknazar  (04.01.2025 / 16:33) 

---Kaktus, bolýar, minnetdar.

 Premium
 Bezzat [off]
  Özim hor ýöne işdäm gowy)
 04.01.2025 / 19:32

+0

Gormedim yone gormesem indi takadym yok

 Premium
 PeRMaN [off]
  Yes-No
 05.01.2025 / 13:44

+0

mlds gardaş, juda begendim... Onuň nomeri-hä ýokdy mende, bolsa gürrüňi ýok. Başga biriĺerinde tapylaýmasa

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 05.01.2025 / 14:48

+0

Menä dereginde türkmen kino göremok Jynym atlanýar. Ondada siziň adyňyza begendim Üstünlik! Instegrama girýän gözledip göräýerin bolmanda hat ýazyp galdyraryn tapsam!

 Täzeje
 FolLower [off]
 05.01.2025 / 20:47

+0

Filmiñ 52:33 minudynda aytyar awtorynyñ kimligini

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Özüňi tana


karoçi hemmesi eşek eken-dä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
BAY-HAN (Şugün, 08:39)

Jastin Drew Biber barada


Gowy aytyaray yone...dowamy...
Erkin mowzuklar | Jastin Drew Biber barada
rexha (Şugün, 08:06)

Özüňi tana


Eshek bolmak islemandirs onna...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
rexha (Şugün, 07:54)

Durmuşdan alynan...


Vouv...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan alynan...
rexha (Şugün, 07:36)

Özüňi tana


Dine Bayradot Sebap we Diamente dogrusyny aydypdyr....dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
Belki (Şugün, 07:27)

Özüňi tana


Burgut yylan duye diyenler aldap otyrsynyz. Sunda asla burgut yylan we beylekiler cykma mumkinciligi yok. Sebabi 3 e kopeldilyar. Matematikanyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
Belki (Şugün, 07:26)

Jastin Drew Biber barada


Ozalam okapdym👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Jastin Drew Biber barada
Sasiyona (Şugün, 07:24)

Özüňi tana


Düýe cykda mende...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
Sasiyona (Şugün, 06:06)

Özüňi tana


Bürgüt...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
State (Şugün, 05:33)

Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti


Şu zatlara ynanmak şirk diýip trillion gezek aýdandyrbaý menä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti
Khanture00 (Şugün, 05:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика