Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Saryyevv : KeIebek gibidir aşk, peşinden koştukça senden kaçar. En iyisi bırak uçsun, BeIki hiç bekIemediğin bir anda geIip omzuna konar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuşdan alynan...
 Täzeje
 Muha [off]
 Düýn, 11:12

Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma: “Bu gün iň gowy dostum meniň ýüzüme şarpyk çaldy” diýip ýazypdyr.

Soňra bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek isläpdirler. Ýaňky şarpyk iýen adam ýüzüp ýörkä, birden batga batyp gark boljak bolupdyr. Dosty haýal etmän gelip ony halas edýär. Gark bolmakdan halas bolan adam suwdan çykyp şol wagtyň özünde ulyrak bir daşyň ýüzüne: “Şu gün iň gowy dostum meni ölümden halas etdi” diýip ýazypdyr. Şarpyk çalan hem-de halas eden dosty onuň eden bu hereketine geň galyp seredip durupdyrda, şeýle sowal beripdir: “Janyňy ýakan wagtym gumuň ýüzüne, indi bolsa daşyň ýüzüne hat ýazdyň?”.

Dostunyň beren soragyna: “Eger-de biri janymyzy ýakan mahaly guma ýazmaly, sebäbi ötünç şemaly ony pozup biler ýaly. Kimdir biri biziň üçin ýagşylyk, gowy zat etse, hiç bir ýel hem onuň eden ýagşylygyny daşyň ýüzünden pozup bilmez ýaly” diýip jogap beripdir.



Kakajan KAKAJANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.


27

9

2

2

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Sasiyona [off]
  Love is in vayin
 Düýn, 11:17

+1

Gyzykly däl eken halamadym

 Täzeje
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 Düýn, 19:38

+0

Manyly

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sonmejek umyt


Gowy goşgy eken mlds👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Sonmejek umyt
Sasiyona (Düýn, 23:19)

❤️Aşk hakkında ❤️


Karın ağrısıyla aşkın ne alakası var?...dowamy...
Erkin mowzuklar | ❤️Aşk hakkında ❤️
maks (Düýn, 20:03)

...


Основана на реальных событиях 😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | ...
maks (Düýn, 19:53)

❤️Aşk hakkında ❤️


Niçego ne ponýal...dowamy...
Erkin mowzuklar | ❤️Aşk hakkında ❤️
Daniel (Düýn, 19:40)

Pygamberimiziň doglan wagtynda dünýä. 1nji bölim


SubhanAllah...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pygamberimiziň doglan wagtynda dünýä. 1nji bölim
Daniel (Düýn, 19:40)

Durmuşdan alynan...


Manyly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan alynan...
Daniel (Düýn, 19:38)

Pygamberimiziň doglan wagtynda dünýä. 1nji bölim


Gowy!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pygamberimiziň doglan wagtynda dünýä. 1nji bölim
Ahal (Düýn, 17:57)

Ynsan durmuşynda diniň orny


Ijtimag diýmek näme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ynsan durmuşynda diniň orny
Gulmahrem (Düýn, 15:57)

...


Gülkim tutdy birden. Welin shuny yazmaga utanmadynmy azajygam bolsa. Senem gyz mashgala velin...dowamy...
Erkin mowzuklar | ...
rexha (Düýn, 15:42)

...


Toba aytdym menKorey kino azyrak gor dp...dowamy...
Erkin mowzuklar | ...
Brend (Düýn, 11:42)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика