“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Prenses : Kim kime zar, km kimden bizar ... Mahrish

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

"Salam" Allanyň ady däl..!
 Özümiziňki
 Basmacy [off]
 13.12.2025 / 16:18
 Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...

Uzyn gepiň gysgasy...


"Salam" , "Essalowmaleykim" , "salamalik" ýaly sözleriňizi sos.setde ýazanyňyzda , olara jogap berilmese ýa-da ýalňyş jogap berilse siziňem myrryhyňyz tutýamy? Onda şu mowzuk üçin.
Hamala sylanmadyk, Allanyň adyny äsgermedik ýaly hasaplaýan bolsaňyz, onda entek netije çykarmana howlukmaň. SEBÄBI ýeketäk "Salam" sözüniň özi Allanyň ady bolup bilenok.
Hemmämiziň bilýän Allatagalanyň 99 adynyň (Esmaul Husna) içindäki iň resmi we kämil ýazylyşy we manysy Es-Selam -dyr (manysy - asudalyk, parahatlyk, salamatlyk ).

"Salam" sözüniň özi biziň Gündogar halklarymyzda salamlaşmak manysynda ýoň bolonam bolsa resmi we kämil taýdan Allanyň adyny aňladanok. "Salam" sözüni öz türkmen dialoglarymyzda ulanyp bileris, emma ondan maksat edinýän hakyky Allanyň adyny orta goýup salamlaşmak manysy çykanok.
Es-Selam - Allanyň ady bolsa;
Es Salamu Aleykum - şerigatdaky iň kämil salamlaşyşdyr. (Manysy - Allanyň salamy we salamatlygy saňa bolsun diýmek).
Pygamberimiz "Salam dogadyr" diýýär. Iki musulman duşuşanda biri birine şu hilli doga edýändir. Bizde ýoň bolmadyk bolsada, başga jemgyýetlerde üns berseňiz sözüni jemläp bolanda ýa-da sagbollaşjak bolanda-da ýenede Es Salamu Aleykum diýýändirler. Şeýdip täzeden biri birine ýagşy dileg bilen ara açýarlar.
Biziň medeniýetimizdäki ýaly diňe bir kişini ilkinji sapar göreniňde, resmi Salam-laşyş hakyky sogap maksat edilýän Salamy anladanok. Sebäbi ýokarda aýdyşymyz ýaly, ne ol Allanyň kämil ady däl, ne-de doga däl...



Bu sözler käbirlerimiz üçin täzelik bolmagy mümkin. Sebäbi bizde bu zatlary öwredýänler, öwrenýändenem az...


Es Salamu Aleykum🖐️


219

42

14

9

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 13.12.2025 / 17:59

+0

Sag boluň ýetireniňize

 Premium
 Bulvar [off]
  Bir status yazjak eger rugsat bolsa))
 13.12.2025 / 18:19

+1

Waleýkumessalam

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Ýalňyşmakdan gorkup, biz ýene bir gezek ýalňyşýarys...
 13.12.2025 / 18:23

+1

däde pikirlere göz aýlasaň ediljek hödirlän badyňa aşagyndan saňa ýazan zatlarny syýnlarsyň.

indiki ýaşlara: salawwa, ýada alikm, ýada, aý garaz doly aýdanoklarda.

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 13.12.2025 / 18:36

+0

Wa alaykum Assalam

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 13.12.2025 / 18:41

+0

Salam sözüniñ özi dynçlyk, asudalyk manysyny añladýar we onuñ özüni ulanmak bir gepiñ ýarysyny aýdan ýaly
Meselem Kaka diýmän Ka ýada mekdep diyman mek diýen ýaly
Salam alaykum diyseñem bolýar manysy saña dynçlyk bolsun diýeni ony araplaryñ ozi hem ulanýar

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 13.12.2025 / 18:43

+0

Allanyñ adyna gelsek Salam Allanyñ ady öñündäki ال goşulmasy ol artikl ony goyyanmy goyanokmy at ozlugini ýitirenok

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 13.12.2025 / 18:47

+0

Al Halyk -Yaradyjy= Halyk - Yaradyjy
As Samii - Eshidiji= Samii - Eshidiji

 Täzeje
 Enel2 [off]
  Cehennemin dibindeyim” dese yanına gidecek kadar çok sevdik bazılarını.
 13.12.2025 / 20:34

+0

Biz ucina tazelik dal bilyas Allanyň adynyň Es Salam.dygny

 Täzeje
 Bagana [off]
  Ertir-betinden hem gytyndan...
 13.12.2025 / 22:47

+0

Aslynda Assalamualeýkum bolmaly. Ýagny saňa saglyk we asudalyk dileýän diýen manyda.

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 14.12.2025 / 09:41

+0

Es-Selam - Allanyň ady bolsa;

DiyipsiniZ. Yagny, Es-selam diysek, Allanyn ady bolyamy? Yone "salam" diysek bolanok diyjek boldunyzmy?

 Täzeje
 Mmmmm [off]
 14.12.2025 / 14:47

+0

Alladan gorkyan bolsan suny ayyrsana doganjan bilenmensirap mowzuk acyp uly milete akyl satyamykam diyip agzyn doldurup goyupsyn hayysy etyan ayyr suny Salam Allan ady diyip butun musulmanlar aydyp dur sen gele gelmana salam Allan ady dal diyip na guduratyn bilen aytyana Nerwe degme menem sapy yaly bir urup nakawunt ederin


Özümiziňki
Basmacy  (14.12.2025 / 14:55) 

Mmmmm, şoo seň ýaly aňy guranlar, nämekä diýip girip okasyn diýip açyllyda.

 Özümiziňki
 Perhatsabirovv [off]
  Ýoldaşy Allah bolan - Ýolda galmaz...!
 15.12.2025 / 01:12

+0

"As-Salam" (السَّلَامُ) sözi hem Yslamda Allanyň 99 Sypat atlarynyň (Esmäul Husna) biridir. Bu at Allanyň Kemçiliklerden arassa, parahatçylygyň Çeşmesi bolandygyny aňladýar.

Gysgaça jogaby: "Salam" sözüniň manysy Allanyň Sypat atlarynyň biri (As-Salam) bilen göni baglanyşyklydyr.


Özümiziňki
Basmacy  (15.12.2025 / 07:54) 

Perhatsabirovv,

Mowzugy okan şunça adam näme diyiljek bolýanyna düşündi welin, özünçe gyra geçip prawa kaçat edýäňaý jigim.

Türkmenler "Salam" diýse, Täjikler "Salom" diýse, Türkler "Selam" diýse ... Hakyky Esmaul Husnadaky Allanyň " Es-Selam " adynyň manysy haýsyndan çykýar şularyň? Haýsy milletiňkini almaly?

Ýa arap filologlary oturyp, her milletiň öz salamlaşyş terminindäki sözlerden Allanyň "Es Selam" adynyň manysy çykmagy üçin bir dialektika oýlap tapmalymy?

Seň şumat

 Özümiziňki
 Perhatsabirovv [off]
  Ýoldaşy Allah bolan - Ýolda galmaz...!
 15.12.2025 / 01:14

+0

As-Salam (السلام) — Parahatçylygyň çeşmesi, ähli jandarlara howpsuzlyk beriji.


Özümiziňki
Daniel  (15.12.2025 / 01:25) 

Perhatsabirovv, hawwa dogry dost ال bu ýöne bir goşulma inlis dilinde "the" artikli ýaly


Özümiziňki
Basmacy  (15.12.2025 / 07:55) 

Daniel, "the" artikli goşulmaly ýerinde goşulmasa, iňlis diliniň sözlügine görä kadalary bozulýamy ýa bozulanok?


Özümiziňki
Daniel  (15.12.2025 / 09:20) 

Basmacy, señ iñlis dili mugallymyna ýüz tutdyñ ,dost))
The artiklini öz ýerinde ulanmasañ sozlem grammatiki taýdañ ýalñyş ,ýone söz şol bir many añladyberýar


Özümiziňki
Daniel  (15.12.2025 / 09:30) 

Basmacy,
Give me the book -Kitaby ber
Give me book - Kitaby ber
Bu iňlis dilinde şeýle

Ýöne men señ namä çagyrýanyña düşündim Salam doly aýdylmaly şonda has maksada laýyk bolar, we şo sözüñ manysyna düşünsinler diyen maksatda goýupsýñ öýdýän))

 Özümiziňki
 Perhatsabirovv [off]
  Ýoldaşy Allah bolan - Ýolda galmaz...!
 15.12.2025 / 01:15

+0

https://myislam.org/99-names-o ... alam/

Şu saýta girde okap gör

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Siz


psihbolnisa ýerleşdireýin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Siz
Mugallyma (Şugün, 06:54)

Sessiz söýgi


Özüň düzdüňmi ýa bir ýerden aldyňmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sessiz söýgi
Minigim (Düýn, 15:29)

Sessiz söýgi


manysyz zatlar ýazylan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sessiz söýgi
masterdollar (Düýn, 14:50)

Mugallyma


Errrkehaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Bagana (Düýn, 09:08)

Masterdollar: Ýürekleriň Soltany (Oda-Gimn)


Hawa iň baý gyzlar masterdollary söýýär sebäbi masterdollarda dollar paçka-paçka...dowamy...

Mugallyma


Egzaminyň jogaplaryny näçeden satýeňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Outlier (19.05.2026 / 17:33)

Mugallyma


Mugallyma jan, Muawiye nikiñe gyran degdimi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Candi (19.05.2026 / 16:08)

Mugallyma


Ulanýan nikleriň hasabyny ýitirdik, brat....dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Hako (19.05.2026 / 15:33)

Mugallyma


Bu yazanlaň oziňe degişli her tüýsli bolduň.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Alyhroz (19.05.2026 / 15:03)

Dollaryň ýakymly şygyrdysy


Hemmesini okan bamy😄😀...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->