Ýürekdeş sözler!
Ahmyr
yurekdesh [off]
12.12.2025 / 17:23
Köçäniň ugrunda pyşyrdap barýan,
Käte özüm bolup, käte sen bolup.
Wagty kowalaýan başagaýlara,
Boýnum burup bakýan, eserdeň bolup.
Göwnüme geýinip geläýjek ýaly,
"Günebakar gülli" sary köýnegi
Bogazyňa salyp diýäýjek ýaly :
"-Bagyşladym.
Öňkiň ýaly söý meni!"
Hyýalymda bașyň goýup döşüme.
Gizleýän, ýatlaryň didelerinden.
Sen bolup, özüme göwünlik berýän :
"- Seniñ deý söýýän ýok .
Idemerin men."
Ynha şeýdip seň gaşyňa howlukýan,
Büdürän daşymyz aýyrmak üçin.
Ýykylmajak arzuwlardan köşk gurup,
Gözýaşly düýşlerden oýarmak üçin.
Sägindim, bir ýerden tanyş ses geldi,
"Edil tamda gulak barmyş diýileni".
Gabadymdan, sorag bolup sen gelýäň.
.... Sary köýnekli däl, sary öýmeli.
Kemal Meretdurdyýew
190 |
34 |
6 |
10 |
0 |
1 |
0 |
Mowzugy vip edenler:
Burning - 5 sagat vip etdi!
(12.12.2025 / 20:22)
(12.12.2025 / 20:22)
Teswirler:
Täzejearzy [off]
Saglyk -iň uly baýlyk.
13.12.2025 / 00:45
+1
Gaty gowy goşgy, ýetireniňe minnetdar!
Abdylla82 [off]
14.12.2025 / 13:02
+0
Ashyk magshugynyñ intizary. Ashygyñ hyÿaly, pikiri boyunca, gyzyñ kalby ashygyñ kalbynda. Ashyk liriki gahryman oz kalbyndaky gyzyñ ÿarpy kalby bilen yashayar. Gyzyñ hyyaldaky gowun sozlerini ashyk yigit oz dili bilen sozleyar. Liriki gahrymanyñ gowni gyzyñ gownunden suw icyar. Ondan energiya alyar. Sheydibem oz soygisiniñ dowamyny magshugynyñ hyÿaldaky soygisine catyp goyberyar, soygisini dowam etdiryar.
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
