“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Huzur : “Sürekli mazeret üretmek, sevgiyle bağdaşmaz.”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

18 ýaşym
Premium
 Ahmal [off]
 09.12.2025 / 10:15
 Old school


Awtory-Toýly Öwezow

Ýüregiñ böküp dur,dünýä sygañok,
Sähel zada gülen 18 ýashym.
Uly dünýä bir garaýşa degenok,
Wah,özgesi ýalan 18 ýashym!

Duýmandyryn neneñ,niçik geçeniñ,
Bir toýlarda,tans oýnap serden geçenim,
Şol gözeliñ gözlerine gaçanym,
Girdaba gark bolan 18 ýashym!

Çolaşasyň geldi dilber näzine,
Sataşasyň geldi söýen gyzyňa,
Biygtyýar düşdiñ gitdiñ yzyna,
Ýatlamadan gelen 18 ýashym!

Göz astyndan ogryn-ogryn bakmalar,
Wada berýär wagty bilen çykmaýar,
Agşam aý yşgyna şöwür çekmeler,
Bar wagtymy alan 18 ýashym!

Ähli ahmyr armanlarymy alardym,
Indi näme etjegimi bilerdim,
Şu diläniñe bitse ýatyp dilärdim,
Ýeke gezek dolan 18 ýashym!

Ðiýdi şahyr,gury hyýal haýyşyñ,
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn,
Şindiki ýaşlardan etjek haýyşym,
Gadryny biliñ 18 ýashyñ!


157

24

8

7

1

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Abdylla25 [off]
 13.12.2025 / 18:43

-1

Gowy goşgy

 Täzeje
 Abdylla25 [off]
 13.12.2025 / 18:43

+0

Tasirli shygyr

 Täzeje
 Abdylla25 [off]
 13.12.2025 / 18:44

+0

Yeñil okalyar

 Täzeje
 Abdylla25 [off]
 13.12.2025 / 18:47

+0

Yalñyşmasam, Toyly Owezow Koneurgencli bolmaly. Maslahat dayhan birleşiginden.

 Täzeje
 Abdylla25 [off]
 13.12.2025 / 18:49

+0

Maslahatdan yene bir yazyjy bolmaly. Gazak yazyjysy Abdijemil Nurpeyisowyñ ,,

 Täzeje
 Abdylla25 [off]
 13.12.2025 / 18:54

+0

,, Kan men ter" trilogiyasyny turkmen dilini geciren Otuz Ÿowyÿew. Aslynda terjime Şahyr Nury Bayramow bilen bilelikde edilen bolmaly. Gowy terjime. Men ol kitaby gazak dilinde birinji okapdym. Soñ terjimesini okapdym. Arman, terjimaniñ kabir yerleri bir az gysgaldilypdyr.

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 14.12.2025 / 08:01

+0

Dolansa 18 yash....

 Täzeje
 masterdollar [off]
 26.05.2026 / 22:36

-1

Şuw kelle ýazýan zatlaryň bir tine durmaýanzat

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi


Dowamyny okajak...dowamy...

Goşgy_1


Jana❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Zinnush (Şugün, 05:28)

Dünye


Gowy goşgy eken welin.. " pişini" diýeni nämekä?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünye
Orazjan (Düýn, 19:57)

Maňa sabyr ber Allam!!!


" Sabyr soňy salamat."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
Orazjan (Düýn, 19:46)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


вахей...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 7-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 23:58)

JESET OGRUSY. 6-nji bölüm


ызны хачан гойжак...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 6-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 22:41)

Goşgy_1


👍gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Aixcam_nx (16.06.2026 / 14:49)

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


Şasenemiň ejesi näme üçin söýgi ýok diýip Garyp çagaň ýüzüne mälçilledip urýaka? Bu ýazylan aýdylanlardan hawary ýokdumyka o bendäň çagasy...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


33💓 Dogry shy...dowamy...
Tanyşlyklar | IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.
афганка (16.06.2026 / 12:05)

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


Soýgi näme iahlesinäý erkekdowon...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->